Ýene bir häzirkizaman bina Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň dolandyryş merkeziniň binagärlik toplumynyň üstüni ýetirdi. Şu gün bu ýerde täze sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy. Bu binany Türkmenabadyň “Altyn bürgüt” hususy gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri gurdular.
Bu ýerde ir säherden baýramçylyk ýagdaýy höküm sürüp, aýdymlar we sazlar ýaňlandy. Baýdaklar we howa şarlary bilen bezelen binanyň öňünde ýaş türgenler öz ussatlygyny görkezdiler. Dabara mynasybetli bu ýerde welaýatyň we etrabyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, etrap merkeziniň ýaşaýjylary ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrýandygy, Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty hemmetaraplaýyn ösdürýändigi, häzirkizaman maddy-tehniki binýadyny döredýändigi üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler. Sporty ösdürmek we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek bu gün Türkmenistanyň döwlet sýýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy.
Bir wagtda 365 adam türgenleşip bilýän täze ýöriteleşdirilen mekdepde türgenleşik we sport enjamlary bilen üpjün edilen iki sany zal bar. Çagalara we ýaşlara sport ussatlygynyň inçe tilsimlerini öwretmek hem-de köpçülikleýin ýaryşlary geçirmek üçin zerur bolan ähli şertler döredildi. Bu ýerde ýylyň islendik wagty woleýbol, basketbol, gimnastika, göreş, tennis, agyr atletika we sportyň beýleki görnüşleri bilen meşgullanyp bolýar.
Ýaş türgenleriň hyzmatynda suwa düşülýän, egin-eşik çalşyrylýan otaglar we lukmançylyk nokady bar. Salkynlatmagyň we ýylatmagyň merkezleşdirilen ulgamy otaglarda gerekli bolan howany üpjün edýär. Mekdebiň abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga bürelen çäginde futbol meýdançasy, ýeňil atletika ýodajyklary, tennis, woleýbol we basketbol meýdançalary bolan, oňat enjamlaşdyrylan açyk sport şäherjigi bar.
Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Lebap welaýatynda sport maksatly desgalaryň birnäçesi guruldy. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy belleniljek ýylda häzirkizaman sport mekdepleri şeýle hem Lebabyň birnäçe etraplarynda we şäherlerinde, şol sanda Serdarabat we Farap, Birata, Galkynyş, Garaşsyzlyk etraplarynda açylar. Amyderýanyň boýundaky şäherde ýakyn wagtda häzirkizaman atçylyk sport toplumy işe giriziler.
Dabara tamamlanandan soň şanly waka mynasybetli, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm