13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanda Hazarýaka Döwletleriň Ygtyýarly Wekilleriniň Nobatdaky Duşuşygy Geçirilýär

Türkmenistanda Hazarýaka Döwletleriň Ygtyýarly Wekilleriniň Nobatdaky Duşuşygy Geçirilýär

Türkmen paýtagtynda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi işini dowam etdi. Bu mejlis Hazar sebitiniň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň täze kadalaşdyryjy—hukuk resminamalarynyň taslamalaryny ylalaşmak maksady bilen geçirilýär.

Ozal habar berlişi ýaly, Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan guralan dört günlük duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.

Düýn bilermenler ulag ulgamynda Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasy boýunça gyzyklanma bildirip pikir alyşdylar. Bu resminama ýük we ýolagçy gatnawlaryny işjeňleşdirmäge, ulag hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge, häzirkizaman ulag-logistiki düzümi ösdürmäge gönükdirilendir. Şol düzüm bolsa özüne deňiz söwda portlaryny we beýleki ulag kommunikasiýalaryny—awtomobil, demir ýol, howa we beýleki ulgamlary birleşdirýär.

Umuman, bularyň ählisi Hazar sebitiniň ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga we maýa goýum mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, onuň Ýewraziýa kontinentiniň üstünden geçýän “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgelerine doly derejede goşulyşmagyna, sebit we halkara söwda-ykdysady hem-de syýahatçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we degişlilikde, Hazarýaka ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ösdürilmegine, olaryň halklarynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmelidir.

Şu gün duşuşyga gatnaşyjylar türkmen tarapyndan taýýarlanylan ýene-de bir resminamanyň – Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny içgin ara alyp maslahatlaşmaga girişdiler.

Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň noýabrynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçirilen Hazarýaka döwletleriň III sammitinde Hazar deňzinde howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Onda Hazarýaka döwletleriň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine ygrarlydygy, olaryň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny çuňlaşdymaga we giňeltmäge meýillidigi, şeýle hem taraplaryň sebit howpsuzlygyna we durnuklylygyna, Hazar deňzini diňe parahatçylykly maksatlarda ulanmakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga goşant goşmaga taýýardygy tassyklanylýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde çykyş edip, berk durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň Hazarda üstünlikli hyzmatdaşlygyň esasy şerti, degişli meseleleri çözmegiň girewi bolup durýandygyny belledi.

Ýokarda agzalyp geçilen Ylalaşyk çarçuwaly resminama bolmak bilen, terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, ýaraglaryň, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, kontrabanda, adam söwdasyna we bikanun migrasiýa garşy göreşmek, deňiz gämiçiliginiň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ulgamlarda taraplaryň degişli edaralarynyň hyzmatdaşlygy üçin hukuk esasyny döredýär. Onda zerur bolan maglumatlary we iş tejribesini alyşmak, duşuşyklary, geňeşmeleri we beýleki çäreleri geçirmek, şeýle hem bu Ylalaşygy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen pudagara häsiýetli teswirnamalary baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Hususan-da, häzirki döwre çenli türkmen tarapy bellenen ugamlarda Hazarýaka döwletleriniň özara gatnaşyklarynyň netijeli guralyny döretmäge gönükdirilen Teswirnamalaryň ikisini işläp taýýarlady. Olaryň birinjisi—Hazar deňzinde biologiki serişdeleriň bikanun çykarylmagyna (brakonýerçilik) garşy göreşmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnama şu ýylyň noýabr aýynyň birinji ongünlüginde gatnaşýan taraplaryň ylalaşmagyna hödürlenildi .

Gepleşikleriň şu tapgyrynyň barşynda garalýan Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Teswirnama möhüm wezipeleri çözmek—deňiz gämileriniň heläkçiliginiň öňüni almak, gämileriň ekipažlarynyň aglabasynyň we ýolagçylarynyň ömrüni hem-de saglygyny goramak, ulag serişdeleriniň we olarda daşalýan ýükleriň abatlygyny üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.

Resminama düzümler, enjamlara we deňiz gämileriniň enjamlaşdyrylyşyna bildirilýän talaplaryň, kadalaryň hem-de standartlaryň ýerine ýetirilişine, olaryň ulanylyşyna, ekipažyň hünär derejesine, deňizde gözleg we halas ediş işlerini guramaga, şeýle hem deňiz portlarynda gözegçiligi ýola goýmaga, heläkçilikleri derňemäge, deňizde ýüzmek üçin howply bolan daşky şertleriň, şol sanda deňiz gurşawynyň hapalanmagynyň, emeli deňiz desgalarynyň – ýerasty kabelleriň, turbageçirijileriň, buraw desgalarynyň, beýleki gämileriň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga degişli meseleleriň ençemesini öz içine alýar.

Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hem-de Hazar sebitiniň ägirt uly tebigy—serişdeler, energetika, senagat, ulag-üstaşyr kuwwatyndan hemmetaraplaýyn peýdalanmagyň yzygiderli tarapdary bolup çykyş edýändigini bellemek gerek. Hazar sebiti Ýewraziýanyň okgunly ösýän geosyýasy we ykdysady merkezleriniň biri hökmünde ykrar edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň sammitlerinde we beýleki iri forumlarda möhüm halkara başlangyçlarynyň ençemesi öňe sürüldi. Olaryň hatarynda Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň köptaraply täsirli gurallaryny döretmek hakyndaky teklipler bar. Hazar deňziniň täsin tebigy toplumy, çözüň doly manysynda, tutuş adamzadyň baýlygy bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça möhüm halkara resminamalary işlenip taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda Hazar deňziniň suw biologik serişdeleriniň aýawly saklamak we rejeli ulanmak hakyndaky Ylalaşyk we Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk bar. Türkmen tarapy şeýle hem Hazar deňziniň gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň tekstiniň gutarnykly ylalaşylmagyna işjeň ýardam etdi. Bu ylalaşyk boýunça işler Türkmenistanyň Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň monitoringi boýunça utgaşdyryjy komitetde başlyklyk eden döwründe tamamlandy.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) Teswirnamalary işläp taýýarlamaga uly gyzyklanma bilen gatnaşdy. Bu konwensiýa Hazarda biologiki köpdürlüligi gorap saklamak boýunça; Hazar deňziniň ýerüsti çeşmelerden we guryýerde amala aşyrylýan işiň netijesinde hapalanmagyny goramak boýunça tebigaty goramak işiniň hukuk esaslaryny goýdy.

Şu günki mejlise gatnaşyjylar özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga meýillidiklerini tassyklap, yzygiderli geňeşmeleri mundan beýläk hem dowam etmegiň möhümdigini nygtadylar. Mejlisiň barşynda anyk teklpleriň birnäçesi beýan edildi.

Şeýlelikde, Hazarýaka döwletleriň garaýyşlarynyň ýakynlaşmagy boýunça ýene-de bir möhüm ädim bolan duşuşyk taraplaryň esasy resminamalaryň taslamalarynyň üstünde işlemegi çaltlandyrmaga meýillidigini ýene-de bir gezek tassyklady. Hazary durnuklylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ykdysady ösüşiň, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň zolagyna, deňhukuklylyk, kenarýaka döwletleriň ählisiniň milli bähbitlerine hormat goýmak ýörelgeleri esasynda meseleleri çözmegiň aýdyň göreldesine öwürmek babatda umumy ymtylmalar şol resminamalaryň esasy häsiýetnamasy bolup durýar.

Ertir Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň 47-nji mejlisi öz işini tamamlar. Duşuşygyň netijeleri boýunça degişli beýanamma gol çekmek meýilleşdirilýär.

Degişli makalalar

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň ykdysady ylmy işi täjik dilinde neşir edildi

syrach

Türkmenistanyň Mejlisiniň Maslahaty

syrach

Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-yň Başlygynyň gepleşikleri boldy.

syrach