Russiýanyň Medyn şäherinde köptaraplaýyn söweş boýunça dünýä çempionaty dowam edýär, oňa Germaniýadan, Fransiýadan, Finlýandiýadan, Hytaýdan, Ysraýyldan, Eýrandan – jemi 35 ýurtdan türgenleriň 300-e golaýy gatnaşýar. Ýaryşlaryň birinji gününde diňe göreş emellerini peýdalanmak bilen bäsleşilýän görnüş boýunça tutluşyklar geçirildi, onda türkmenistanlylar üç bürünç medala mynasyp boldular.
Sporduň bu görnüşiniň kadalaryna laýyklykda türgenler tutluşyga başlamazdan ozal ylgawy, beýik päsgelçilikleri, ýerasty geçelgeleri, el üstünde ýöremegi, pnewmatik ýaragdan atmagy, pyçak zyňmagy we beýlekileri öz içine alýan päsgelçilikli zolaklardan geçmelidirler. Eger-de mergenlik boýunça bäsleşikde türgen dürs atmagy başarmasa, temmi hökmünde zolagy gaýtadan geçmeli bolýar. Tutluşyklar deňme-deň tamamlanan ýagdaýynda, tizlik boýunça görkezijiler arkaly ýeňiji kesgitlenilýär.
Ýurdumyzyň toparynyň düzüminde 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip,bürünç medala eýe bolan Şöhrat Orazgeldiýewiň üstünligini ilki bilen bellemelidiris. Medala barýan ýolda ol iki gezek ynamly ýeňiş gazandy – litwaly Aýwaras Galatiltisden we gazagystanly Muraddin Tilekmesowdan üstün çykdy. Ýarym final bäsleşikde Şöhrat päsgelçilikli zolakdan geçmegiň barşynda şikes aldy. Bu bolsa oňa öz başarnygyny doly görkezmäge mümkinçilik bermedi. Ş.Orazgeldiýewiň bu çempionatdaky çykyşynyň halkara derejeli ýaryşlara ilkinji gezek gatnaşandygyny alamatlamdyrýandygy nazara alnanda, üçünji orun ýokary netijedir.
Hajy Möwlamow(75 kilograma çenli) we Serdar Gurbanow (80 kilograma çenli) hem özleriniň ilkinji bürünç medallaryny aldylar. Türgenlerimizi dünýä çempionatyna taýýarlan tälimçi Orazgeldi Orazgeldiýewiň işini hem bellemelidiris.
Indi türkmen türgenleri Russiýanyň bu sport toplumynda 18-19-njy noýabrynda geçiriljek köptaraplaýyn söweş boýunça ýene bir dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Bu gezek bäsleşikler nusgawy görnüş boýunça geçiriler, onda göreş tilsimlerini we batly urgular emellerini ulanmaga hem ýol berilýär.