Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Russiýadan we Türkiýeden gelen täjirler bolsa “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) we tehniki kükürdi (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna dürli görnüşli tüýjümek önümler, azyklyk bugdaý, nah ýüplük, buýan köki we garaköli goýunlaryň ýüňi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Owganystan, Ukraina we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 54 million 675 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýanyň, Niderlandlaryň, Pakistanyň işewürler toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 6 million manatlykdan gowrak bolan nah ýüplük, hojalyk sabynyny, saryja goýunlaryň ýüňüni satyn aldylar.