15.9 C
Aşkabat
24.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bahar baýramy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçylaryndan gözbaşyny köp asyrlyk şanly taryhymyzydan alyp gaýdýan, BMG-niň ýörite rezolýusiýasy bilen halkara derejesine eýe bolan Milli bahar baýramy – Nowruz mynasbetli gutlaglary kabul etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary şu gün ir bilen döwlet Baştutanyny baharyň gelmegini, türkmen topragynyň galkynmagyny we ählihalk jebisligini hem-de agzybirligini alamatlandyrýan, şeýle hem täze Galkynyş eýýamynda täze mazmun we owadan öwüşgünler bilen baýlaşdyrylan milli bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygyk toýunyň bellenilýän ýylynda geçirilýän baýramçylyklaryň aýratyn many-mazmuna eýe bolýandygyny bellemek bilen, ýurdumyzda göniden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň halkymyzyň hal – ýagdaýynyň has-da gowlanmagynyň, halkara hyzmatdaşlygynyň belent derejesiniň, şeýle hem Türkmenistanyň hem-de milletiň Lideriniň dünýä ýüzündäki belent abraýynyň aýdyň subutnamasydyr diýip nygtadylar.

Ata-babalarymyzyň asylly däplerini özünde jemleýän Milli bahar baýramy-Nowruz dünýäniň ençeme döwletlerinde uly dabara bilen bellenilýär. Bu baýramyň BMG-niň senenamasynda möhüm orna eýe bolmagy, onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Halkara derejesine eýe bolan bahar baýramy biziň ýurdumyzda giňden dabaralanýar. Gadymdan gelýän bu asylly ýörelge hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze Galkynyş eýýamynda durmuşa geçirýän beýik işlerinde öz beýanyny tapýar.

Täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda giňden ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler, türkmenistanlylaryň durmuş hal- ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagy, Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýy, Diýarymyzyň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostana, işjeň hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi öňdengörüjilikli hem-de täzeçil milli täze taglymyň aýdyň netijesidir.

Bu ýere ýygnananlar ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň wekilleriniň, hem-de Ýaragly Güýçleriniň we hukuk goraýjy edalarynyň şahsy düzümleriniň, ähli watandaşlarymyzyň adyndan mähriban Watanymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de rowaçlygynyň hatyrasyna özleriniň güýç- gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýtdylar.

Döwlet Baştutanymyz mähirli gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetlarlyk bildirip, özüniň egindeşlerini, tutuş watandaşlarymyzy türkmen topragyny al-elwan güllere, ynsan kalbyny çäksiz şatlyga, joşguna besläp gelen milli bahar baýramy bilen gyzgyn gutlady. Hormatly Prezidentimiziň belleýişi ýaly, türkmeniň ykbalyny göteren täze taryhy eýýamda milli bahar baýramy täze mazmuna eýe bolup, halkymyzyň döredejilik zehinini, şu günki nesliň öz merdana pederlerimiziň milli ýöreleglerine hem-de ýokary ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarlydygyny beýan edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli watandaşlarymyzy mukaddes türkmen topragynyň görküne-görk goşup, ajaýyp gözellik çaýyp gelen ählihalk toýy-milli bahar baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýarlyk hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllygyny uly dabaralara, beýik zähmet üstünliklerine besleýän mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach

Prezidentimiz BMG-niň Baş Sekretarynyň Orunbasaryny Kabul Etdi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Goşun Generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Göçme Mejlisini Geçirdi