Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde senagatçylaryň we telekeçileriň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 3 ýyllygyna bagyşlanylan sergisi öz işini tamamlady.
Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň kärhanalarynyň sergisi ýurdumyzyň hususy işewürligini höweslendirmek boýunça döwlet syýasatynyň aýdyň beýany boldy. Ýurdumyzda öndürilen harytlaryň bolçulygy we ýokary hili, önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmagyň derejesi, önüm öndürijileriň sagdyn bäsleşigi ýurdumyzyň kiçi we orta işewürlik kärhanalarynyň häzirki wagtda işjeň ösüş döwrüni başdan geçirýändigini äşgär görkezýär. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň okgunly ösüşi, jemi içerki önümde onuň paýynyň artmagy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan hususy telekeçiligi goldamak boýunça ýöredilýän döwlet syýasatynyň netijesi boldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy wekilçilikli gözden geçirilişiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Oňa hususy firmalaryň we telekeçileriň 140-a golaýy gatnaşdy.
Pudaklaýyn ýörelge boýunça guralan serginiň esasy bölümlerinde azyk senagatynyň, gurluşyk işewürliginiň, gurluşyk serişdelerini we halkyň sarp edýän harytlaryny öndürýän kärhanalaryň, hyzmatlar ulgamynyň önümleri görkezildi. Olaryň hemmesiniň alnan peýdany önümçiligi döwrebaplaşdyrmaga we innowasiýalary ornaşdyrmaga goýýandygy guwançlydyr. Munuň özi çykarylýan önümleriň hilini düýpli ýokarlandyrýar. Şonuň netijesinde häzirki wagtda hususy telekeçiler tarapyndan öndürilen harytlaryň köpüsiniň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarda hem bäsleşige ukyplylygy ýokarlanýar.
Ýurdumyzyň işewürliginiň öz önümçilik binýadynyň—önümçiligiň senagat möçberleri bilen bilelikde häzirki zaman döwrebaplaşdyrylan kärhanalaryň ösüşi ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň depginli ösüşiniň jedelsiz subutnamasy boldy. Olaryň köpüsi, şol sanda “Guş toplumy” guşçulyk toplumy, ýumurtga öndürýän “Hoşzaman” fabrigi, “Hazar” süýji-köke birleşigi, şöhlat önümlerini öndürýän “Bereketli” kärhanasy, “Aýbölek” mebel fabrigi sarp ediş bazaryny önümler bilen düýpli baýlaşdyrmak bilen bir hatarda, eýsem, nyrh emele getirmäge oňyn täsir edýär.
Giň möçberli sergä iki günüň dowamynda aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi baryp gördüler. Olar sergi tekjelerinde şöhlat we çörek-bulka önümleriniň, miwe-gök önüm hem-de süýji-köke önümleriniň, doňdurmanyň we sowadyjy içgileriň dürli görnüşlerini kanagatlanmak bilen synladylar. Sarp edijiler ýurdumyzyň timarlaýyş gurluşyk serişdeleriniň, mebeliň, egin-eşigiň, aýakgabyň köp görnüşlerini hem-de halkyň sarp edýän harytlarynyň beýleki görnüşlerini ileri tutýarlar.
Sergide tehniki we gurluşyk bölümlerinde önümler giňden görkezildi we olar hünärmenleriň ünsüni çekdi. Olar hojalyk aragatnaşyklaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirmek bilen “Täze enjam” , “Ak toprak“, “Yhlas Kagyz”, “Altyn nesil”, “Gowşutbent”, “Beýik bina” we beýleki hususy kärhanalaryň stendlerini öwrendiler. Häzirki wagtda türkmen telekeçileri dürli maksatly ýokary tehnologiki enjamlary, özbşdak energetika serişdelerini sorujylary sazlamak ýaly ugurlarda hem ýöriteleşip başladylar, şeýle hem agyr gurluşyk tehnikasyny ulanmak hem-de abatlamak bilen meşgullanýarlar. Ýurdumyzyň kompaniýalary gurluşyk ulgamynda öz ornuny barha giňden pugtalandyrýarlar, barha ýygy-ýygydan gurulýan desgalaryň baş potratçylary bolup çykyş edýärler.
Söwda-da we hyzmat etmekde telekeçilik ulgamy däp boýunça ýokary depginler bilen ösýär, jemgyýetçilik iýmitine, restoran işewürligine, çeperçilik salonlaryna, bilim beriş okuwlaryna, hukuk kömegine we işgärler agentliklerine, ykdysady işi ýöretmek meseleleri boýunça maslahat beriş hem-de konsalting kompaniýalaryna, mahabatlandyryş önümlerini öndürmäge we daşky bezeg işlerine – işleriň şu görnüşlerine bolan isleg olaryň ösüşiniň esasy şertidir.
Telekeçilik sergisiniň işiniň barşynda ylmy maslahat boldy we oňa Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, biziň ýurdumyzyň ykdysadyýet we maliýe işi babatda esasy hünärmenleri, ýokary mekdebiň ykdysady böleginiň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň işewürligini ösdürmegiň we ony guramagyň tejribesiniň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem döwlet we işewürlik düzümleriniň önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmagyň hem-de ykdysady ösüşiň häzirki zaman şertlerinde döwlet we işewür düzümleriniň özara gatnaşyklarynyň möhüm taraplary anyklaşdyryldy.
Telekeçilik sergisiniň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylar sergini guramagyň Türkmenistanyň ykdysadyýetinde geçirilýän bazar özgertmeleriniň ruhuna we mazmunyna laýyk gelýän ýokary derejesini bellediler. Sergä gatnaşyjylar we ony guraýjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.
referans: www.turkmenistan.gov.tm