13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistan Sebitiň Geljegi Üçin Täze Ýollary Çekýär

Türkmenistan Sebitiň Geljegi Üçin Täze Ýollary Çekýär

Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) täze demir ýolunyň işe girizilmegine bagyşlanyp, «Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesi: birinji tapgyr. Türkmenistan XXI asyryň geoykdysady kartasynda » atly suratlar bilen bezelen ýörite neşir çap edildi.

Kitapça Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň ýurdumyzyň demir ýol ulgamynyň üstünliklerine, has takygy, ägirt uly iki yklymyň -Ýewropanyň hem-de Aziýanyň iki bölegini birikdirýän halkara
ulag–aragatnaşyk ulgamynyň möhüm bölegi bolmaly Aziýa geçelgesiniň birinji tapgyrynyň işe girizilmegine bagyşlanypdyr.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen bu neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag strategiýasyna, bu ulgamda amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň hem-de iri taslamalaryň netijelerine, olaryň ýurduň ykdysady kuwwatyny ösdürmäge edýän oňyn täsirine, onuň çäkleriniň güýçli depginler bilen ösdürilmegine hem-de dünýä aragatnaşyk ulgamyna goşulmagyna giňişleýin syny okyjylaryň dykgatyna hödürlenýär.

Kitapçada Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýoluna uly orun berlipdir. Neşirde bu ýoluň taryhy , tehniki häsiýetnamalary we maglumatlary, onuň ulanylmaga berilmeginden garaşylýan netijeler hem-de onuň beýleki halkara ýollaryna birikdirilmeginiň bähbitleri barada maglumatlar getirilýär. Maglumatlar ýol we onuň desgalary barada aýdyň düşünje berýän fotosuratlar bilen bilelikde berlipdir.

Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýol böleginiň gurluşygy Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň düzümleri tarapyndan amala aşyryldy. Ençeme kilometr bolan bu demir ýoluň gurluşygyny amala aşyrmak üçin köp tagalla edilip, uly serişdeler goýberildi. Bu demir ýolunyň ugrunda demir ýol menzilleri, uzynlygy 363 metre we 256 metre barabar bolan demir ýol köprüleriniň ikisi, düzüm binalary, lokomotiw deposy, ätiýaçlyk, gapdal we petik ýollar enjamlaşdyryldy.

Türkmen demir ýol gurluşykçylarynyň häzirki zaman tehnikalary we enjamlary bilen üpjün edilmegi, işleriň göwnejaý guralmagy bu uly taslamanyň işleriniň alnyp barlyşyny üzül-kesil çaltlandyrmaga mümkinçilik berdi.

«Ymamnazar» gümrük nokadyndan ýükleriň yzy üzülmän geçmegi Türkmenistan bilen Owganystany ykdysady taýdan mäkäm baglanyşdyrjak bu ýoluň zerurlygyny hem-de kuwwatyny tassyklaýar. Türkmenistandan nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, karbamid, sement, däne, buýan köki, tehniki uglerod, pagta ýagy, saryja goýnuň ýüňi we beýlekiler eksport edilýär. Bulardan başga-da bu ýerden ynsanperwer we beýleki ýükleriň iri bölekleri üstaşyr geçirilýär. Türkmenistana getirilýän harytlar hökmünde esasan Owganystandan üstaşyr geçirilýän sitrus we beýleki miweler hasaba alynýar. Soňra azyk önümleriniň köp görnüşleri biziň ýurdumyzyň çäkleriniň üsti bilen sebitiň ýanaşyk döwletlerine we Ýewropa ugradylýar.

Demir ýolunyň açylmagy bilen ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygy ep-esli ýokarlanar. Aziýa demir ýol geçelgesiniň türkmen bölegi bilen bir wagtda «Ymamnazar» gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ýüklemek hem düşürmek boýunça terminalyň işe girizilmegi hem muňa ýardam eder.

Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýoly öz gezeginde Hytaýyň demir ýol ulgamynyň şahalaryna çykyp, onuň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň tiz ösýän döwletlerine baryp ýetjek Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ilkinji bölegi bolup durýar.

Dünýä söwdasynyň ýarysyndan hem köpüsiniň Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde jemlenip, dünýä ykdysadyýetiniň bu ýere barha içgin aralaşýandygy bilen baglanyşykly bütindünýä meýiller hem muňa ýardam berýär. Dogrudanam, Ýewropada hem senagat önümçiliginiň mundan beýläkki ösüşini dünýäniň beýleki sebitlerine, birinji nobatda, Aziýa, şol sanda senagat kärhanalaryny Aziýa ýurtlaryna çykarmak arkaly, eksport edilmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Netijede, önümçilik tehnologiýasynda ulagyň ähmiýeti artýar. Şu sebäpli hem halkara ýük gatnawynyň üzül-kesil artmagyna garaşylýar.

Özüniň geografiýa babatynda amatly ýerleşmegi netijesinde Türkmenistan diňe bir Aziýa bazarlaryna däl-de, ýokary bäsleşikli Ýewropa bazarlaryna çykmagy hem göz öňünde tutup biler. Ýurduň ulag düzümleriniň yklymara aragatnaşyk ulgamlaryna, diňe bir ýerüsti gatnaw boýunça däl-de, howa we deňiz ýollary boýunça goşulyşmagy oňa şeýle mümkinçilik berdi. Şu günler Aşgabatda geçýän Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat hem bu derwaýys meselä bagyşlanýar.

Maslahatda bellenilişi ýaly, oňat mümkinçilikleri bolan, tehnika, ekologiýa we hukuk babatynda anyk syýasata eýerýän, bilelikde hereket etmek babatynda ylalaşylyp ýaýbaňlandyrylan ýeke-täk ulag ulgamy, geosyýasy ýagdaýa täsir etmäge ukyply bolup, onuň ýurduň ösüşiniň milli strategiýasynyň ykdysady bölekleri bilen mäkäm baglanyşygyny kesgitleýär.

Täze neşiriň maglumatlary hem-de synlary Türkmenistanyň soňky ýyllarda ulag toplumynyň kuwwatynyň ösüşini, üstaşyr mümkinçilikleriniň giňelişini sanlar arkaly görkezýän statistika hasaplamalary bilen berkidipdir.

Üstaşyr geçirmegiň düýp mazmuny ulag hyzmatlaryny eksport etmek bolup durýar. Eksporty birnäçe esse artdyrmak Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş-ykdysady özgertmeleriniň esasy ugrydyr. Häzirki wagtda köpsanly bilermenler Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwdanyň iň güýçli bazar boljakdygy hem-de onda öz aragatnaşyk ulgamlaryna sebitara ýük gatnawyny çekmegi başaran ýurtlaryň uly bähbit görjekdikleri barada pikirleri aýdýarlar.

Bu babatda hormatly Prezidentimiziň ulag syýasatynyň maksady, ýurdumyzyň geografiki ýerleşişiniň artykmaçlygyndan hem-de Ýewropa bilen Aziýanyň aralygynda üstaşyr köpri hökmünde ulag infrastrukturasynyň kuwwatyny doly derejede peýdalanmakdan ybaratdyr.

Kitapçanyň aýry-aýry baplary demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we hünärmenler bilen üpjün etmek maksatlaryna, onuň ösüşiniň öňdebaryjy hereketleriniň maksatnamalaryna bagyşlanypdyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ulag ulgamynyň batly depginler bilen ösdürilmelidigini nygtaýar. Çünki bu ulgam ykdysadyýetiň we durmuş ulgamlarynyň beýleki pudaklarynyň öňüni çekip, täzeçil ösüşlere giň ýol açmalydyr.

Ýurduň ulag toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, ulaglaryň içerki, eksport we import hem-de üstaşyr gatnaw ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, bu ulgamda maýa goýum ýagdaýlaryny gowulandyrmak meselelerine gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek dowam etdiriler.

Şunlukda iri ulag toplumlaryny, multimodal logistik merkezleri, maglumat pudaklaryny hem-de çäkli-önümçilik ulgamlaryny gurmak boýunça gurluşyklaryň taslamalaryny amala aşyrmak bilen baglanyşykly infrastruktura babatdaky täsir wajyp ähmiýete eýe bolar.

Şeýle ulgamlaryň we merkezleriň üsti bilen Türkmenistanyň dünýä ulag giňişligine doly goşulyşmagy we ýurduň üstaşyr kuwwatyny peýdalanmagyň amala aşyrylmagy, ulag hyzmatlaryny eksport etmegiň milli ykdysadyýetiň iri girdejili çeşmesine öwrülmegi durmuşa geçiriler.
Şeýle hem bu maksatlary amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň ulag ulgamynyň çykdajy derejesi, howpsuzlygy, hyzmatlaryň ekologiýa derejesi we hili, harytlaryň öz wagtynda hem-de tiz eltilmegi babatda bäsleşmäge ukyply derejä çykarmak üçin çäreler işläp düzülýär.

Sebit hem-de yklymara ulag düzümine goşulan netijeli logistiki ulgamy döretmek üçin, Türkmenistanyň çäklerinde ammar, gümrük, iberiş we beýleki hyzmatlaryň giň görnüşlerini hödürleýän ýüki gaýtadan işleýän terminallaryň ulgamyny emele getirmek göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine sebitde we yklymda ýeke-täk ulag we söwda giňişligini döretmäge gönükdirilen başlangyçlary hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ugurlarynda demir ýol ulagyny
ösdürmegiň aýratyn uly ähmiýete eýedigini tassyklaýar.

Maksim Papanowyň fotokollažy

***

Şu gün Awtomobil ulaglary ministrliginde “Türkmenistanyň ulag ulgamy durnukly ösüş ýolunda” atly kitabyň tanyşdyrylyşy boldy. BMG-niň howandarlygynda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň geçýän günlerinde çapdan çykan bu kitap ýurdumyzyň ykdysady ösüşi boýunça, onuň geografiki we infrastruktura mümkinçilikleri, tehniki we tehnologiki kuwwaty barada giň maglumatlary özünde jemleýär. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň diwersifikasiýa meseleleri, daşary ykdysady ugurlar we esasy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady babatda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri şöhlelendirilýär.

Tanyşdyrylyşa gatnaşanlaryň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamyny dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri we ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde görkezýär. Türkmenistan bu ugurda, şol sanda BMG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary ýola goýmak meselelerinde işjeň orny eýeleýär we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri infrastruktura taslamalaryny öňe sürmek hem-de amala aşyrmak arkaly sebit we yklymara derejede garyşyk, köp şahaly ulag ulgamyny döretmäge uly goşant goşýar.

Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň we Awtomobil ulaglary ministrliginiň hünärmenleriniň bilelikde neşir eden bu kitapçasynda ýurdumyzyň iri halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil, demir ýoly we howa ýollaryna çykmagy üçin toplumlaýyn ulgamy döretmegiň ugurlary görkezilipdir. Olaryň netijeli goşulyşmaklary we Demirgazyk-Günorta, Günbatar-Gündogar ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýän biziň ýurdumyzyň geografiki ýerleşişiniň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, olaryň her haýsynyň artykmaçlygy ylmy esasda kesgitlenipdir.

Kitapçada ýurdumyzyň umumy ulag düzümlerinde welaýatlaryň ösüşiniň wajyplygy görkezilýär, onuň batly depginler bilen ösmegine we düzüm taýdan özgermegine umumy häsiýetnama berlipdr. Neşirde ýurdumyzyň awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglarynyň we ulag toplumynyň beýleki pudaklarynyň orny, ähmiýeti we ösüşiniň mümkinçilikleri barada giň maglumatlar ýygnalypdyr hem-de onda Türkmenistanda garyşyk ýük gatnawlaryny ösdürmegiň depginleri görkezilýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Etmek Hakynda

Polşanyň Täze Prezidenti Andrzež Duda Boldy

syrach

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Ulgamynda Hyzmatdaşlyk

syrach