17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi

ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişine badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň geçen gezekki mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 23-nji martynda hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda gowaça ekişine başlamalydygy barada aýdypdy.

Döwlet Baştutanynyň görkezmesine laýyklykda şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekerançylary, asylly däbe görä, hormatly ýaşulularyň Beýik Biribardan Watanymyzyň, ähli türkmen halkynyň abadançylygyny, gülläp ösüşini dileg edip, ak pata bermeginde gowaça ekişine girişdiler. “Her bir dänäň müň bolsun!” diýip ýere ilkinji gowaça tohumlary taşlandy. Soňra ýaşulular häzirki zaman ýokary öndürijilikli tehnikalarda iş alyp barýan mehanizatorlara orun berdiler.

Mälim bolşy ýaly, bu gymmatly ekerançylyk önümi öndürmek Türkmenistanyň oba senagat toplumynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Geçen ýyl “ak altynyň” ussatlary özleriniň şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Olar döwlet harmanyna 1 million 300 müň tonna golaý pagtany tabşyrdylar. Pagtaçylaryň bu ýeňişi oba senagat toplumynda giň gerime eýe bolan özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Munuň özi sebitleriň toprak howa şertlerini hasaba almak bilen, gowaçanyň tohumlaryny oýlanyşykly ýerleşdirmek, tebigy mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak we oba hojalyk tehnikalarynyň ýokary öndürijilikli işledilmegi, daýhanlaryň mineral dökünler we ýokary hilli ekiş serişdeleri bilen üpjünçiligi, önüm öndürijiler bilen öz wagtynda hasaplaşyklary geçirmek, ýer eýeleriniň öňünde goýulan wezipelere ylmy nukdaýnazardan çemeleşmek, şonuň ýaly-da önümçilige ýurdumyzda we dünýä oba hojalyk ylmynda gazanylanlary ornaşdyrmak esasynda mümkin boldy. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda” oba ýaşaýjylarynyň hal-ýagdaýlaryny, durmuş derejelerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasaty şunda möhüm orna eýedir. Ony durmuşa geçirmegiň barşynda ýurdumyzyň iň çetki künjekleri hem beýik özgertmeleri başdan geçirýär.

Şu ýyl gowaça ekişi üçin 550 müň gektar ýer bölünip berildi. Ekişe girişilmezden öň tohumlaryň oba hojalygyna zyýan ýetirijilerden we kesellerden goramak boýunça çäreler geçirildi. Şu maksat bilen Russiýa Federasiýasyndan “Skarlet” himiýa önümi satyn alyndy. Ekiş möwsüminde pagtaçylar geçen ýyllarda bolşy ýaly, her sebitiň toprak – howa şertlerini nazara almaklyga uly üns bererler. Şeýlelikde orta süýümli “Ýolöten-7” tohumy esasan Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ekin meýdanlarynda ekiler, “133” tohumy Daşoguz welaýatyndan başga hemme welaýatlarda ekiler. Daşoguzda bolsa orta süýümli “149 F”, “S -4727”, “Daşoguz – 120” hem-de “Serdar” tohumlary ekiler. Lebap we Balkan welaýatynyň ekerançylary beýleki tohum görnüşleri bilen birlikde meýdanlarda orta süýümli “S -2606” görnüşini ekerler. Inçe süýümli “9871-Ý”, “Ýolöten-14”, “Ýolöten-32” tohumlaryny şu ýylda ýerli şertleri mümkinçilik berýän Ahal we Mary welaýatynyň pagtaçylary ekerler.

“Türkmenobahyzmat” Assosiasiýasynda TDH-nyň habarçysyna habar berlişi ýaly, hemme bejeriş-abatlaýyş kärhanalarynda 2 müň 200-den gowrak azal, 35 müňe golaý dişli boronalar, 5 müňden gowrak pagta kultiwatorlary we ekiş döwründe agrotehniki çäreler geçirilende zerur bolan beýleki oba hojalyk gurallary taýar edildi.

Ekişiň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Watan”, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň “Azady”, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň “Täze güýç”, Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň “Watan” hem-de Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň “Gökdepe” daýhan birleşiklerinde oba hojalyk önümleriniň durnukly ösüşini üpjün etmek, oba hojalyk toplumynyň ýokary işjeňligini gazanmak, bilen okgunly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen agrar özgertmeleriň möhüm meselelerine bagyşlanan okuw maslahatlary geçirildi.

Olara gatnaşyjylar – welaýat, etrap häkimlikleriniň, “Türkmenpagta” hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň, “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň, “Daýhanbankyň”, Umumymilli “Galkynyş” hererketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalyrynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýaşulular, agronomlar, mehanizatorlar, pagtaçy-kärendeçiler bol hasyly ösdürip ýetişdirmek üçin zerur çärleleriň görülmegine aýratyn üns berdiler. Hususan-da, gowaça ekişini öz wagtynda geçirmek, işiň barşynda agrotehnikanyň kadalaryny saklamak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk üçin peýdalanylýan ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak, ekinleri zyýan beriji mör-möjeklerden we haşal otlardan goramak boýunça çärelerde maslahat berilýän mineral dökünleri ulanmak babatynda pikir alyşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen obasyny hemmetaraplaýyn galkyndyrmakdaky ägirt uly aladasy, ýurdumyzyň ýer eýeleriniň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrundaky işleri üçin çuňňur hoşallyk bildirip, ýygnananlar öz çykyşlarynda ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan özgertmeleri durmuşa geçirmeklige ähli bilimlerini, tejribelerini we güýçlerini gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar.

Okuw maslahatlaryň çäginde oba hojalyk tehinikalarynyň we Türkmenistanyň oba senagat toplumynyň kärhanalarynda gaýtadan işlenilýän önümleriň sergileri guraldy. Welaýatlaryň artistleri we döredejilik toparlary hem pagtaçylara öz aýdym-saz sowagatlaryny taýýarladylar.

Şu wakanyň şanyna, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

«Türkmennebit» DK «Honghua International Co,. Ltd.» Kompaniýasyndan Buraw Turbalaryny Satyn Alar

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy