Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy
Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-dan, BAE-den, Owganystandan, Gyrgyzystandan we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we gyzdyrylan nebit koksyny, şeýle hem tehniki uglerody we kükürdi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna ýük ulagy, polat armaturasy, azyklyk bugdaý, buýan köküniň ergini, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň giň görnüşi, boýalan trikotaž matalar, nah ýüplük, ýüplügiň galyndylary, pagta süýümi, pagta galyndylary ýerlenildi. Olary Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Eýrandan, Owganystandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 16 million 374 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýanyň, Niderlandlaryň, Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 8 million 617 müň manatdan gowrak nah ýüplügi, pagta soapstogynyň çig ýagly kislotasyny satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 5 million 418 müň manatdan gowrak azyklyk bugdaýy satyn aldylar.