OPEC-iň çarşenbe güni Wenada geçiriljek duşuşygynyň netijeleriniň kesgitsizligi sebäpli sişenbe güni nebitiň bahalarynyň pese düşmegi has hem güýçlendi. Şol duşuşykda gurama öz agza döwletleri üçin nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşyk baglaşyp biler. Bu barada РИА Новости habar berýär.
Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň fewraldaky fýuçersleriniň bahasy 1,44 göterim pese düşüp, barrel üçin 48,50 dollara deň boldy. WTI kysymly nebitiň ýanwardaky fýuçersleriniň bahasy 1,51 göterim aşaklap, barrel üçin 46,37 dollara deň boldy.
OPEC-iň nebit sebediniň bahasy 28-nji noýabrda bir barrel üçin 43,84 dollara deň boldy. Bu görkeziji anna günündäkiden 1,04 dollar azdyr.
Duşenbe güni OPEC-iň tehniki toparynyň duşuşygy tamamlanandan soňra teklipler 30-njy noýabrdaky mejlise geçirmäge makullanyldy, diýip BAE-niň wekiliýetinden bir çeşme habar berýär. Emma teklipleriň düýp özeni takyklanylmaýar. Muňa garamazdan, Reuters agentliginiň bellemegine görä, bu ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça guramanyň agza döwletleriniň arasyndaky düşünişmezlikler heniz bar.
Şeýleleik bilen, çeşmeleriň agentlige habar bermegine görä, OPEC-iň tehniki toparynyň duşenbedäki duşuşygy nebiti çykarmaklygy çäklendirmekde garaşylýan anyk detallary ylalaşyp bilmedi. Şeýlelik bilen, agza döwletleriň duşuşygynyň öňüsyrasynda maýadarlar garaşylýan ýagdaýda saklanýarlar. Bu bolsa «gara altynyň» bahalaryna ýaramaz täsir edýär.
«Soňky habarlaryň görkezişi çaly, nebiti çykarmagy çäklendirmek boýunça umumy islegiň bardygyna garamazdan, syýasy sebäpler we ýurtlar üçin çäklendirmeniň anyk möçberi baradaky geçirilen gepleşikler gutarnykly netije gazanmaga ýardam bermeýär» diýip Reuters agentligi Goldman Sachs-yň analitikleriniň sözlerini getirýär.