13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Demir Ýol Ulaglary Pudagynyň Işgärlerine

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Demir Ýol Ulaglary Pudagynyň Işgärlerine

Hormatly demirýolçular!

Sizi ösüşleriň ak ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynyň senenamasyna şanly baýramlaryň biri bolup giren Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet we halkara ähmiýetli demir ýol gurluşyklarynda siziň gazanan üstünlikleriňizi, çekýän halal we tutanýerli zähmetiňizi dabaralandyrýan bu hünär baýramy ýurdumyzda giňden bellenilýär. Eziz Diýarymyzyň ynamly ösüşine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, halk hojalygynyň beýleki ulgamlarynyň pugtalanmagyna siziň pudagyňyzyň goşýan goşandy uludyr.

Mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan Watanymyz iň häzirki zaman demir ýol ulaglary düzümini kemala getirmek üçin uly serişdeleri gönükdirip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýat döretdi. Dünýäniň ösen döwletleriniň biri hökmünde ýurdumyzyň ulag üpjünçilik ulgamynyň esasy we barha kämilleşýän demir ýol ulaglary pudagy yzygiderli ösdürilýär. Täze demir ýol şahalary gurulýar, dürli maksatly wagonlar, kuwwatly teplowozlar we beýleki tehnikalar satyn alynýar. Pudaga innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar, täze kärhanalar açylýar.

Hormatly demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleri!

Üstünliklere beslenýän 2016-njy — Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzyň ulaglar ulgamynyň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalaryň ýene-de biri bolup geçdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen Kararnama laýyklykda ýaňy-ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat üstünlikli geçirildi. Ýokary derejede guralan wekilçilikli maslahatda kabul edilen çözgütler diňe bir Orta Aziýada däl, eýsem, yklym möçberinde hem ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.

Häzirki wagtda sebit we sebitara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde transmilli ulag geçelgelerini döretmek has möhüm wezipä öwrülýär. Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we geografik taýdan amatly ýerleşmegi bolsa Orta Aziýada we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge aýratyn şert döredýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagy öz ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna gadam basdy. Şu ýyllarda gurlan ilkinji üstaşyr demir ýol geçelgesi — Tejen — Sarahs — Maşat halkara demir ýoly, milli demir ýol ulgamynyň esasy halkasyna öwrülen Türkmenabat — Atamyrat hem-de ýurdumyzyň Demirgazyk we Günorta sebitlerini gysga ugur bilen birikdiren Aşgabat — Garagum — Daşoguz demir ýollary, Amyderýanyň iki kenaryny birleşdiren häzirki zaman inženerçilik desgasy — Atamyrat — Kerkiçi demir ýol köprüsi Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady mümkinçiliklerini ep-esli artdyrdy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga oňyn täsir etdi.

Mundan iki ýyl öň — 2014-nji ýylda durmuşa geçirilen Demirgazyk — Günorta halkara ugrunyň möhüm ähmiýetli bölegi bolan, uzynlygy 700 kilometre ýetýän Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly sebitdäki döwletleriň we beýleki birnäçe ýurtlaryň halklarynyň öňünde täze gözýetimleri açdy. Pars aýlagynyň portlaryna tarap gidýän ýükleriň dolanyşygyny artdyrmaga uly mümkinçilikleri döretdi. Kyn tebigy we howa şertlerinde gurlan, ugrunda möhüm dolandyryş, aragatnaşyk, ýaşaýyş-durmuş üpjünçilik ulgamlary bolan bu häzirki zaman demir ýol geçelgesi ýurdumyzy Ýewraziýa sebitinde «polat ýollaryň» uly çatrygyna, sebitiň iri ulag-üstaşyr geçiriş merkezine öwürmekde uly ädim boldy.

Ýaňy-ýakynda Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň — Atamyrat — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) böleginiň ulanmaga berilmegi berkarar Watanymyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň şöhratly taryhyna ýene-de bir şanly sene hökmünde müdimilik ýazyldy. Siziň ýol gurluşygynda toplan baý tejribäňiz we ýadawsyz zähmetiňiz netijesinde sebitiň möhüm ulag taslamasy durmuşa geçirilip, goňşy döwletleriň arasyndaky ulag gatnawlarynyň esasy ulgamy döredildi. Dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolan bu dostluk we parahatçylyk ýoly Ýewropany we Aziýany birleşdirýän ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň möhüm bölegine öwrüldi.

Ýakyn wagtda ulanmaga beriljek, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleri hem diňe bir Lebap welaýatyny däl, eýsem, tutuş ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmäge uly goşant goşar. Sebäbi ýurdumyzyň bu sebiti uglewodorod we dag-magdan-mineral serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir. Ygtybarly demir ýol gatnawynyň ýola goýulmagy bu tebigy baýlyklary senagat taýdan çalt özleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şoňa görä-de, Amyderýanyň üstünden möhüm inženerçilik desgalarynyň gurulmagynyň ýurdumyz we tutuş Orta Aziýa sebiti üçin ähmiýeti uly bolar.

Hormatly demirýolçular!
Hormatly zähmetsöýer ulag işgärleri!

Sizi ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýän Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, demir ýol ulaglary pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ylym, Bilim, Saglygy Goraýyş, Sport Ulgamlary we Jemgyýetçilik Guramalarynyň Meseleleri Boýunça Iş Maslahatyny Geçirdi

Prezidentimiz Pakistanyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Ýolbaşçylaryna we Katar Döwletiniň Emrine Gynanç Bildirdi

syrach