7.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SAGLYK

Gyrgyz Lukmanlary Çaganyň Irki Ösüşi Babatda Türkmen Kärdeşleriniň Tejribesini Öwrenýärler

Gyrgyz Lukmanlary Çaganyň Irki Ösüşi Babatda Türkmen Kärdeşleriniň Tejribesini Öwrenýärler

Olar üçin Enäniň we çaganyň saglygyny goramak ylmy-kliniki merkezinde maslahat guraldy. Bu ýerde Çaganyň irki ösüş merkezi işleýär. Ony türkmen lukmanlary bilen bilelikde halkara guramalarynyň bilermenleri alyp barýarlar. Olaryň pikirlerine görä, bu merkeziň tejribesini hökman ösdürmeli we ony diňe bir ýurduň hemme ýerinde däl, eýsem oňa halkara derejesini berip, ýanaşyk ýerleşýän döwletlerde hem ösdürmeli we ornaşdyrmaly.

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwletiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Belli milli hünärmenler Beýik Britaniýada, Türkiýede, Litwada we Belarusda pedatriýanyň ösüş konsepsiýasy we irki goşulyşma gullugynyň modelleri bilen tanyş boldular.

Sebitleriň çaganyň irki ösüşi boýunça hünärmenleri boý almagyň we ösüşiň bozulmalarynyň öňüni almak hem-de ene-atalara maslahat bermek endikleri boýunça okuw sapaklaryny geçdiler.

ÝUNISEF-iň, BSGG we ÝUNFPA-nyň tehniki taýdan goldawy netijesinde 2015-2019-njy ýyllar üçin “Türkmenistanda enäniň, täze doglan çaganyň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak” boýunça Milli strategiýa we hereket etmegiň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy. Halkara bilermenleriniň aýdyşlary ýaly, bu resminamalar Türkmenistanyň saglygy goraýşyny berkitmäge, enäniň we çaganyň saglyk maksatnamasyny netijeli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Gyrgyz saglygy goraýyş hünärmenleri üçin maslahatyň esasy temalarynyň biri hem ösüş pediatriýasynyň we ir ýüze çykarmakda irki goşulyşmak hyzmatlary we trans-dissiplinar hyzmatlary etmek, şeýle hem çaganyň sazlaşykly ösmegi we ony mekdebe taýýarlamak boldy.

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ulgamynda hyzmat etmegiň kadalaşdyrjy binýady kämilleşdirilýär. Täze doglan çagalara neonatal seretmek we jana getiriş boýunça kliniki protokollar işlenilip taýýarlanyldy hem-de täzelendi. Çagalaryň ösüş monitorgy üçin BSGG standartlary ornaşdyrylýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli derejelerinde irki goşulyşmak merkezlerini açmak meýilleşdirilýär.

Enäniň we çaganyň ösüş ulgamynyň hukuk binýady kämilleşdirilýär. Ene sýüdi bilen iýmitlendirmegi goramak we wagyz etmek hakyndaky Kanuna üýtgeşmeler girizildi we ene sýüdüniň ornuny tutýan süýt boýunça Halkara kodeksine laýyklykda, çagalar iýmiti önümlerine talaplar güýçlendirildi.Ilaty sagdyn iýmitlendirmek boýunça Milli maksatnama kabul edildi. ÝUNISEF-iň goldaw bermeginde patronaž ulgamyny kämilleşdirmek boýunça teklipler işlenilip taýýarlanyldy. Köp ugurly çemeleşmäni nazara almak bilen, hyzmatlary etmek standartlarynyň işlenilip taýýarlanylmagy çaganyň ösüşini goldamagyň netijeli usulyny döredýär.

Irki ösüş boýunça Milli maksatnamany nazara almak bilen, mugallymçylyk mekdeplerinde okaýanlar üçin “Mekdebe çenli bilim” sapagy boýunça okuw maksatnamasy doly işlenilip taýýarlandy we tassyklandy, S.Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Mekdebe çenli bilim we terbiýe” hünäri açyldy. Bu hünär boýunça sapaklaryň 26-sy boýunça okuw maksatnamasy işlenilip taýýarlandy we tassyklandy. Çagalaryň irki ösüşi we olary mekdebe taýýarlamak meseleleri mekdebe çenli bilim işgärleriniň hünär kämilleşdiriş maksatnamasyna goşuldy. Saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalar üçin çaganyň irki ösüş Merkezleri döredildi.

Sankt-Peterburg institutynyň iş tejribesi öwrenildi. Onuň binýadynda Türkmenistanyň bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň hünärmenleri gysga möhletli ýörite okuw sapaklaryny geçdiler. Mundan hem başga, türkmen hünärmenleri üçin bu institutyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda öwreniş okuw maslahatlary guraldy.

Inklýuziw bilim meselelerini öwrenmek üçin halkara maslahatçylarynyň goldaw bermeklerinde inklýuziw biliminiň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy.

Milli strategiýanyň çäklerinde çaganyň ösüşinde bozulmalary bejermek, ir anyklamak we üstünlikli bejermek üçin aňrybaş şertleri döretmegiň, terbiýelemek we okatmak, jemgyýetde mümkinçilikleri çäkli bolanlaryň durmuşa öwrenişmeklerinde we goşulmaklarynda innowasion ugurlaryny öwrenmek göz öňünde tutulýar.

Bişkek şäheriniň saglyk öýi pediatriýasy boýunça direktorynyň orunbasary Gülnäz Abdykerimowanyň belleýşi ýaly, Gyrgyzystanda entek ösüş pediatriýasynda we irki goşulyşmak ulgamynda milli maksatnama we strategiýa ýok, olary döretmek diňe ýaňy meýilleşdirilýär. Çaganyň irki ösüş Merkezleri hem ýok. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň tejribesi biz üçin möhüm bolup durýar diýip, ol nygtady. – Aýratyn hem ösüşi togtaýan çagalary ýüze çykarmak meselelerinde, ýörüteleşdirilen merkezleri we ýagdaýyň monitoringini döretmekde möhüm bolup durýar.

Myhmansöýerlik bilen garşy alynandygy üçin minnetdarlyk bildirip, myhman Türkmenistanda öwrenilen tejribäniň Gyrgyzystanda ösüş pediatriýasynyň we irki goşulyşmak hyzmatlarynyň milli gulluklaryny döretmekde hyzmat etjekdigine uly ynam bildirdi.

Degişli makalalar

Guga çigildemi.

syrach

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Gatnaşjak Metbugat Işgärlerini Akkreditasiýa Üçin Hasaba Almak Hereketi Başlandy

Gahryman enelere hormat we sylag.

syrach