4.9 C
Aşkabat
25.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanda Goňşokara Baýramy Mynasybetli Çäreler Geçirildi

Türkmenistanda Goňşokara Baýramy Mynasybetli Çäreler Geçirildi

Türkmenistanda däp bolşy ýaly her ýylyň dekabr aýynyň ilkinji ýekşenbesinde bellenilýän Goňşokara baýramy mynasybetli çäreler geçirildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda guralan dabaralara gatnaşyjylar – il sylagly ýaşulular, medeniýet we sungat işgärleri, ýaşlar baýramçylyga gelen myhmanlary şatlykly hem mähirli garşylap, gadymy türkmen däbine laýyklykda, bir-birege duz-çörek, milli tagamlary, naz-nygmatlary hem-de ir-iýmişleri hödürlediler.

Belli estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, folklor we tans toparlarynyň gatnaşmagynda bolan konsert ählihalk baýramçylygyna ajaýyp öwüşgin çaýdy. Olaryň joşgunly çykyşlary myhmansöýerlik, şatlyk ýagdaýyny döretdi.

Bu ajaýyp we röwşen baýram dostlugy we jebisligi, biziň günlerimizde täze mazmun bilen baýlaşdyrylan däp-dessurlara ygrarlylygyň nyşany boldy. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen daşary syýasatynda öz beýanyny tapýar.

Degişli makalalar

Wideoşekilli Iş Maslahatynda Galla Oragyna, Aziada-2017-ä Taýýarlyk Görmek we Ekologiýa Syýasatyna Garaldy

Türkmenistanyň Mejlisinde Duşuşyk

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi