Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň merkezinde ýerleşýän Altyn damja köçesiniň ugrunda täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy. Bu döwrebap bina 140 çaga niýetlenip, ol “Daşoguzgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 10-njy gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde guruldy. Ol ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllyk toýy mynasybetli Daşoguz welaýatynda ulanmaga tabşyrylýan desgalaryň üstüni ýetirdi.
Iki gatly döwrebap bina özüniň taslamasy we enjamlaşdyrylyş derejesi boýunça häzirki döwürde biziň ýurdumyzda gurulýan şunuň ýaly desgalardan edilýän talaplara doly gabat gelýär. Täze çagalar bagynda körpeler sekiz topara bölünip terbiýelenerler. Olaryň her birinde oňaýly ýatyş otagyndan başga-da, sapaga taýýarlanmak we oýunlara güýmenmek üçin otaglar hem-de kömekçi otag bar. Bu ýerde naharhana we geýim ýuwulýan, aýdym-saz we çeperçilik, kompýuter hem-de lukmançylyk otaglary körpeleriň hyzmatynda. Çagalar bagynyň ýanynda abadanlyşdyrylan sport we oýun meýdançalary, bezegli telärler hem-de açyk suwa düşülýän howuz bar. Ol energiýa, ýyladyş hem-de suw üpjünçiligi boýunça aýratyn ulgam bilen üpjün edilipdir. Mahlasy, bu ýerde çagalaryň oňat dynç almaklary hem-de wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Açylyş dabarasyna gatnaşýanlar, ene-atalar ýurtda ösüp barýan ýaş nesiliň sazlaşykly hem-de hemme taraplaýyn durnukly ösüşleri üçin ähli şertleriň döredilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Şol gün Daşoguzuň Nowruz kiçi etrapçasynda Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň üçünji gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan gurlan köp öýli ýaşaýyş jaýynyň tabşyrylyş dabarasy boldy. Ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdany 1,5 müň inedördül metre barabar bolup, üç gatly binada öýleriň 12-si ýerleşdirilipdir. Olaryň hemmesinde ýaşaýyş üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Bu jaýda hem özbaşdak ýyladyş hem-de salkynladyş ulgamy hereket edýär. Binanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdylypdyr, gök zolak döredilipdir, şeýle hem ol ýerde çagalar üçin meýdança bar.
Täze desgalaryň açylyş dabaralaryna Daşoguz welaýatynyň we Akdepe etrabynyň, şeýle hem Daşoguz şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, zähmetkeşler toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Şu günki täze jaýlaryň açylyş dabarasynyň şanyna, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlygynyň hatyrasyna we täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda tagallasyny gaýgyrmaýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm