17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligine Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň ugrunda umumy meýdany 18406 inedördül metr bolan Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň edara binasynyň taslamasyny düzmek we ony häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edip, meýdany 39051 inedördül metr bolan ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2011-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we binany 2013-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga tabşyrmak bellenildi.

* * *

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligine Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň ugrunda umumy meýdany 18406 inedördül metr bolan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynyň taslamasyny düzmek we ony häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edip, meýdany 38020 inedördül metr bolan ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2011-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we binany 2013-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligine Aşgabat şäherinde umumy meýdany 50620 inedördül metr bolan bäş ýyldyzly myhmanhananyň taslamasyny düzmek we ony häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edip, meýdany 71427 inedördül metr bolan ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2011-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we myhmanhanany 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ykdysady toplumyň ministrlikleriniň işgärlerine oňaýly iş şertlerini döretmek, şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Maliýe ministrligine baş buýrujy hökmünde, Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi, Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi üçin edara binasynyň taslamasyny düzmek, ony doly enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2011-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we binany 2013-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Tagamy Taýsyz Gawunlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach

Türkmenistanyň figuralaýyn typýan türgenleriniň «Aziýanyň çagalary» oýunlarynda gazanan üstünlikleri

turkmenhabargullugy