9.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Aşgabatda XXI Halkara Nebitgaz Forumy Açyldy

Aşgabatda XXI Halkara Nebitgaz Forumy Açyldy

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2016” atly XXI Halkara maslahaty we sergisi açyldy. Ony ýurdumyzyň “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.

Paýtagtymyz nobatdaky gezek dünýäniň işewür düzüminiň jemlenýän ýerine öwrüldi. Bu nebitgaz forumyna abraýly halkara guramalarynyň, öňdebaryjy ýangyç-energetika kompanýialarynyň we ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň alymlary, bilermenleri hem-de Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy-2016” forumy nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin ähmiýetli waka öwrüldi. Ol ýurdumyzyň we dünýäniň nebitgaz bazarynyň ýagdaýyna göz ýetirmäge, nebitgaz toplumynyň meselelerine ünsi gönükdirmäge, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň häzirki döwürdäki ösüşiniň möhüm meselelerine we mümkinçiliklerine çuňňur aralaşmaga şert döretdi.

Ägirt uly nebitgaz serişdeleriniň gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika kuwwatlyklary bu çäräniň aýratyn ähmiýete eýe bolmagyny şertlendirdi. Ýurdumyzyň energetika syýasaty, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen we dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp bolan netijeli halkara başlangyçlary forumyň düzüminiň has-da giň bolmagyny üpjün etdi.

Däp boýunça geçirilýän Aşgabat forumy ugurdaş düzümleriň wekilleriniň netijeli gepleşikleri geçirýän we dünýäde giňden ykrar edilýän merkezine öwrüldi. Onda ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, halkara bileleşiginiň wekilleri we bilermenler häzirki zaman energetika ulgamynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ýangyç-energetika toplumyny uzakmöhletleýin esasda ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemek mümkinçiligine eýe bolýarlar.

Bu ýyl sergide dünýäniň 20 ýurdundan 70-den gowrak kompaniýa, ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň düzümleri öz bölümlerini görkezýärler. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň iri nebitgaz ýurtlarynyň hataryna girmek bilen, ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hökmündäki abraýa eýe bolmagyny şertlendirdi. Türkmen bazary halkara işewür toparlarynyň wekilleri üçin has-da özüne çekijidir. Ol ýurdumyzyň ägirt uly nebitgaz serişdeler gory hem-de döredilen amatly maýa goýum şertleri bilen düşündirilýär.

Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu serginiň we maslahatyň Türkmenistanyň dünýäniň nebitgaz işewürliginiň wekilleri, daşary ýurtly maýadarlar bilen özara peýdaly gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyna gönükdirilendigi hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň diňe bir sazlaşykly ösüşine däl, eýsem, halkara energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berjekdigi nygtalýar.

Sergi merkeziniň bölümlerinde nebitgaz serişdelerini gözlemek, çykarmak we ugratmak, burawlamak, deňiz känlerinde gözlegleri geçirmek, kenarýaka düzümini döretmek, Hazar deňzindäki taslamalary durmuşa geçirmek, täze turbageçirijilerini gurmak hem-de ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak, nebiti we gazy gaýtadan işleýän kuwwatlyklary pugatalandyrmak, nebitgaz guýularynyň önümlerini artdyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň ugurlary görkezildi. Şeýle hem sergide energiýanyň dikeldiýlän çeşmelerini işläp taýýarlamagyň täzeçil usullaryna, geljekki ugurlaryna, kärhanalarda ekologiýa howpsuzlygynyň ýokarlandyrylmagyna degişli bölümlere aýratyn orun berlipdir. Sergä gatnaşýan kompaniýalaryň hatarynda ýurdumyzda öňden bäri iş alyp barýanlary bilen bir hatarda, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän täze şereketleriň bardygyny bellemeli.

“Türkmennebitgazgurluşyk”, “Türkmengaz” hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň we başga-da ýurdumyzyň baý nebitgaz ýataklarynda iş alyp barýan pudaklaýyn düzümleriň bölümleri sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekýär.

Aşgabatda geçirilýän pudaklaýyn sergä gatnaşyjylaryň pikirine görä, bu çäre dünýä derejeli waka bolmak bilen, Ýewropanyň, Aziýanyň hem-de Amerikanyň öňdebaryjy önüm öndürijileri üçin nebiti gaýtadan işleýän we nebitgaz enjamlaryny öndürýän pudaklara öz mümkinçiliklerini görkezmäge, göni söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga, mahabat wezipelerini çözmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem ol ýurdumyzyň we daşary ýurtly nebitgaz senagatynyň hünärmenleriniň gepleşikleri geçirmegi, täze taslamalary işläp taýýarlamagy, pudak boýunça dünýä meýilleri we ony ösdürmegiň ugurlary bilen tanyşmak üçin ygtybarly meýdança bolup durýar. Şeýle hem häzirki döwürde işewürlik ýörelgelerini üstünlikli amala aşyrmaga şert döredýär.

Serginiň geçirilýän günlerinde daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, şeýle hem diňe bir nebitgaz pudagynda däl, eýsem, metallurgiýa, himiýa senagaty, maşyn gurluşygy, energetika pudaklarynyň wekilleri öz önümlerini hem-de mümkinçiliklerini görkezmek bilen bir hatarda, işewür we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin mümkinçilik alarlar. Bu bolsa öz gezeginde nebitgaz pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýä energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam berer.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy-2016” sergisiniň ilkinji gününde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan uly gyzyklanmalaryň bardygy äşgär boldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda halkara işewürligine goldaw berilýär, daşary ýurtlaryň maýa goýumlary netijeli kanunçylyk binýady arkaly ygtybarly goralýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar ýurdumyzyň nebitgaz düzümleri bilen gatnaşyklary pugtalandyryp we enjamlary getirmekde, hyzmatlary amala aşyrmakda öz mümkinçiliklerini hödürläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze taryhy eýýamda pudagyň öňünde goýýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Serginiň geologiýa, geofiziki barlaglar-nebit we gaz känlerini gözlemek, nebit we gaz guýularyny gury ýerde we deňizde dik guýulary gurmak, nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak we dolandyrmak, nebit akymlaryny ýokarlandyrmak maksady bilen gatlaklara täsir etmegiň oňyn usullaryny işläp taýýarlamak, nebiti, gazy we nebit önümlerini, tehnikalary, gurluşyk tehnologiýalaryny daşamak we saklamak, turbageçirijileri, sorujylary, gysyjy tehnikalary, hereketlendirijileri, nebitgaz toplumynda ulanylýan beýleki enjamlary getirmek, nebitgaz toplumy üçin nebiti we gazy gaýtadan işleýän, nebithimiýa önümlerini öndürýän, energetika we elektroenergetika enjamlary, dolandyryşyň awtomatlaşdyrylan ulgamy, burawlamagyň, çykarmagyň, ýygnamagyň, ugratmagyň, saklamagyň nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamy we telemehanizasiýasy, ekologiýa babatda ylmy işläp taýýarlamalar, tehnologiýalar, enjamlar, barlag-ölçeýji gurallar ýaly bölümleri bar. Daşky gurşawyň ýagdaýyna döwrebap gözegçilik ulgamy, önümçiligiň galyndylarynyň ýerlenmegi we gaýtadan işlenmegi, zähmeti goramak, howpsuzlyk ulgamy we ýangyna garşy göreş tehnikasy ýaly enjamlar hem görkezildi.

Halkara sergisi bilen ugurdaş geçirilýän maslahata ABŞ-dan, Ýewropanyň, Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we GDA-nyň ýurtlaryndan wekiller gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, önüm öndüriji kärhanalaryň, işewür toparlaryň we beýlekileriň wekilleri bar. Wekiliýetleriň köpüsine ýokary wezipeli resmi adamlar baştutanlyk edýärler. Daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen neşirleri, habarlar agentlilkleri, neşirýat öýleri, internet-portallary serginiň maglumat üpjünçiligini ýola goýýar.

Şu gün umumy mejlisler geçirildi. Onuň dowamynda dünýäniň, sebitiň we ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ösüşi, nebitgazy gaýtadan işlemegiň we nebitgaz senagatyň geljekki ugurlary, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmek üçin niýetlenen döwrebap barlaglaryň netijeleri, işläp taýýarlamalary, tehnologiýalary hem-de usullary ulanmagyň ýollary ýaly möhüm mowzuklar boýunça çykyşlar diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýäniň iri energetika döwletleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrdy we häzirki döwürde özüniň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, olaryň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy, Amyderýanyň, Merkezi Garagumuň, Hazar deňziniň ýalpaklygynyň we kenarýakasynyň täze ýüze çykarylan nebitgaz känlerini senagat taýdan özleşdirmegiň hasabyna pudagyň serişde binýadynyň berkidilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ugratmagyň köpugurly ulgamynyň döredilmegi onuň möhüm ugry bolup durýar.

Nebitgaz pudagynyň bilermenleriniň toplumlaýyn çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmalaryň ýokary derejesini üpjün etdi we olaryň jemleri boýunça häzirki döwürde energetika syýasatyny ýola goýmakda möhüm bolup durýan teklipleri hödürlemäge mümkinçilik berdi.

Şeýle hem nebitgaz bileleşiginiň wekilleri pudagy ösdürmegiň strategiki we halkara hyzmatdaşlygy meseleleri bilen bir hatarda ulgama täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, nebitiň ýeňil we adaty gorlary azalýar, düzümde çykarmasy kyn bolan uglewodorod serişdeleriniň umumy gorlary bolsa artýar. Köpsanly kompanýialaryň, pudaklaryň bilermenleri hut şeýle derejedäki gorlary bolan känleriň işlenmegine geçilmeli boljakdygyny nygtaýarlar. Şunlukda, deňiz ýalpaklygynda alynýan täze nebit känlerini işläp taýýarlamak zerurlygy ýüze çykýar. Şeýle taslamalar ykdysady bähbidi talap edýär. Şunda, nebitiň bahasy we çylşyrymly taslamalar bilen işleýän kompaniýalar üçin salgyt ýeňillikleri ýokarlanýar.

Häzirki döwürde bilermenler ýurdumyzyň umumy geologik gorlaryny 71,21 milliard tonna şertli ýangyja barabardygyny belleýärler. Onuň 53,01 milliard tonnasy gury ýer känleriniň serişde gorlarydyr, 18,2 milliard tonnasy bolsa deňiz ýalpaklygyna degişli.

“Galkynyş” käni halkara derejesi boýunça ägirt uly goruň nobatdaky subutnamasydyr. Onuň işlenip taýýarlanmagyna daşary ýurtlaryň iri firmalary we kompaniýalary gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, bu käniň ilkinji nobatdakysyna degişli bolan harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlar toplumy gurlup, ulanmaga berildi.

Mundan başga-da, bu käni işläp taýýarlamak boýunça ägirt uly taslamanyň ýerine ýetirilmegi Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi üçin hem örän ähmiýetlidir. “Galkynyş” käni bu taslamanyň esasy çig mal serişdesi bolup hyzmat eder.

Ozal hem birnäçe gezek bellenilişi ýaly, bu halkara gaz geçirijisiniň gurulmagy ykdysady bähbitden başga-da, taslama gatnaşyjy ýurtlara birnäçe möhüm meseleleri çözmäge, goşmaça iş orunlarynyň döremegine, tutuş gaz geçirijiniň ugrunda ulag-aragatnaşyk we durmuş düzümine degişli ulgamlaryň emele gelmegine ýardam berer. Şeýle hem bu taslama sebitde syýasy we durmuş taýdan durnuklylygyň saklanmagyny, berkidilmegini şertlendirer.

Aziýa ýurtlarynda senagatyň ösdürilmegi, energiýany sarp etmegiň ýokarlanmagy taslamanyň durmuşa geçirilmegine giň ýol açýar. Oňa gatnaşyjylaryň yzygiderli duşuşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hemmesi gatnaşyjy döwletler tarapyndan kepillikler bilen berkidilen taslamanyň çalt durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirilýär.

Maslahatda bellenilişi ýaly, ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbidine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürýän Türkmenistan olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda anyk çäreleri yzygiderli amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe süren we energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlary munuň subutnamasydyr.

Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Merkezi hem-de Günorta Aziýa, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitleriniň döwletleriniň, Russiýanyň, Hytaýyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň, ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň, kompaniýalaryň, halkara maliýe institutlarynyň gatnaşmaklarynda bitewi, toplumlaýyn we oýlanyşykly strategiýany, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli hukuk gurallaryny döretmegiň zerurdygy möhüm bolup durýar.

Maslahatlarda motor ýaglarynyň we reňkli metallaryň, arassa ýokary oktanly dürli görnüşli ulag benzinleriniň önümçiligi bilen baglanyşykly nebit galyndylarynyň we iýmeşikli nebitleriniň görnüşlerine degişli çykyşlar guraldy. Gazy gaýtadan işlemek barada aýdylanda bolsa, olefin, metalon, ýokary goşundysy bolan himiýa önümleriniň, sintez-gazynda tebigy we ugurdaş gazyň önümçiligi, uglewodorod serişdelerini ulanmak arkaly ýokary tehnologiýaly himiýa önümleriniň önümçiligini ýola goýmak bilen baglanyşykly işlerde döwrebap tehnologiýalara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, gazhimiýa pudagy, has takygy, polietilen, polipropilen, poliwinilhlorid, şeýle hem olardan alynýan serişdeler esasynda dürli boýaglary, ýelimleri, gurluşyk we gurnama serişdelerini taýýarlamak boýunça önümçiligi ýola goýmak ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary bolup durýar. Ägirt uly tebigy gaz gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda şeýle önümleriň öndürilmegi içerki bazar we eksport ugruň ösdürilmegi ykdysady taýdan bähbitli bolup durýar hem-de onuň geljegi bar.

Türkmenistanyň önümçilik kuwwatlyklarynyň täzeçil usulda ösdürilmegi we pudagyň senagatlaşdyrylmagy tebigy baýlyklary tutuş ykdysadyýeti ösdürmegiň we ýurduň ilatynyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrmagyň bähbidine netijeli ulanmagyň nusgalyk görnüşini dünýä äşgär etmäge ýurdumyza mümkinçilik berýär.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň gazy gaýtadan işleýän pudagyny ösdürmekde öňde durýan wezipeleriň çözelmeginiň ýurdumyzyň alymlary bilen daşary ýurtlaryň inženerçilik kompaniýalyrynyň, ylmy-önümçilik kärhanalarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň, nebiti, gazy gaýtadan işleýän senagat, maýa goýum guramalary üçin enjamlary öndürýän kompaniýalaryň wekilleri bilen tagallalary birleşdirmeginiň zerurdygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapyndan nebitgaz pudagynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça teklipler aýdyldy. Munuň üçin ýurdumyzda zerur şertler, amatly maýa goýum ýagdaýy, dürli ýeňillikler döredildi. Bu bolsa Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň gazyp alýan we gaýtadan işleýän pudagyny ösdürmäge maýa goýum serişdelerini çekmek üçin oňyn şerti emele getirýär.

Şu günler “Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri” atly jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Bu neşiriň birnäçe makalalarynda Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň meseleleri barada gürrüň berilýär, halkara nebit we gaz bazarlarynyň meýillerine, ýurdumyzyň ählumumy energetika ulgamyna goşulmagynyň ähmiýetine syn berilýär. Birnäçe makalalar nebitgaz pudagy babatda milli kanunçylygyň aýratynlyklaryna, şeýle hem daşky gurşawy goramagyň möhüm ugurlaryna bagyşlandy.

Ertir “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2016” halkara forumy öz işini dowam eder.

Degişli makalalar

İkamet Süreçlerini İl Müdürlüğüne Gitmeden Takip Edebilirsiniz

turkmenhabargullugy

Tbiliside Halkara Ylmy Maslahat Geçirildi

syrach

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

syrach