Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda “Türkmenistanyň Bitaraplygy we halkara tejribesi: durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň hemişelik, oňyn Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 21 ýyllygyna bagyşlanan foruma Mejlisiň hem-de ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli ins titutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň wekilleri, ýurdumyzda resmi taýdan bellenen birnäçe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem DIM-niň HGI-niň hem-de birnäçe beýleki ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen gutlagyny aýratyn ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz gutalagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň döwletimiziň synmaz sütünleri, sebitde we dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin pugta esas bolup durýandygyny aýratyn nygtady.
“Türkmenistanyň Bitaraplygy – halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik däpleriniň iň ýokary nyşanydyr. Döwletimiziň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy dostluk we birek-birege hormat goýmak kadalaryna esaslanýar we bu kadalar iş ýüzünde gyşarnyksyz berjaý edilýär. Şeýle gatnaşyklary ösdürmek bilen, biz halkymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan daşary syýasy şertleri döredýär. Şonuň üçin hem Bitaraplyk uzakmöhletli maksatlarymyzy amala aşyrmagyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Häzir Bitarap döwletimiziň durnukly ösüşiň maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna mynasyp goşant goşýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň halkara gün tertibinde durýan möhüm meseleleriň çözülmegine ýardam berýän merkez hökmünde giň meşhurlyga eýe bolandygyny kanagatlanma bilen nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ylmy maslahatyň işiniň netijeli boljakdygyna ynam bildirip, oňa gatnaşyjylaryň ählisine ylmy, diplomatik we jemgyýetçilik-syýasy işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Bitaraplyk güni türkmen halkymyzyň iň täze taryhynda möhüm seneleriň biridir. Hut şu ajaýyp günde, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 50-nji mejlisinde BMG-a agza döwletleriň 185-si tarapyndan biragyzdan goldanylan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” baradaky ýörite Kararnama kabul edildi. Munuň özi Watanymyzyň belent halkara abraýynyň diňe bir nobatdaky Bütindünýä ykrarnamasy bolman, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň ilatynyň durmuşyna we ykbalyna oňyn täsir eden hakykatdan-da, eýýamyň möhüm wakasy boldy. Bu Kararnamanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda gaýtadan kabul edilmegi döwletimiziň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň bütin dünýäde uly ähmiýete eýedigini we ykrar edilýändigini doly aýdyňlygy bilen subut etdi.
Çykyşlarda aýratyn benllenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi häzirki zaman taryhynda ilkinji bolup, ýurdumyzyň bütin halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Bitarap döwlet diýlip ykrar edilendigi nazara alnyp, halkara diplomatiýasynyň özboluşly täze ýagdaýyna öwrüldi. Bitaraplygyň döredijilikli häsiýeti döwletimiziň köpugurly daşary syýasat strategiýasynyň we diplomatiýasynyň binýadynda durup, deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak däplerine esaslanýan oňyn halkara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam etdi.
Häzir 20 ýyldan gowrak wagt geçenden soň, Bitaraplygyň mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan uly möçberli özgertmeler döwlet maksatnamalarynyň hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin diňe bir esas bolman, eýsem-de, Merkezi Aziýada parahatçylygyň we durnuklylygyň, dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlary, iri halkara we sebitleýin guramalar bilen köpugurly özara gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm ýagdaýy bolandygyny ynamly tassyklap bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli daşary syýasat netijesinde, Garaşsyz, Bitarap döwletimiz dünýä ösüşiniň ählumumy ýagdaýlaryna möhüm, strategik gatnaşyjy hökmünde özüni tanadyp, halkara gatnaşyklar ulgamynda öňdebaryjy orunlara çykdy.
Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylar tarapyndan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, Türkmenistanyň diňe bir milli bähbitlerini däl, eýsem-de, umumadamzat bähbitlerini hem ileri tutmaga ymtylýandygy nygtaldy. Muňa iri halkara forumlarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň münberlerinden türkmen tarapynyň öňe sürýän örän möhüm başlangyçlary we teklipleri subutnamadyr. Bellenilişi ýaly, bu başlangyçlar aragatnaşyklary ösdürmäge diňe bir sebitde däl, eýsem-de, umumadamzat derejesinde, dostluk, doganlyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, şeýle hem sebitara hem-de ählumumy geosyýasy meseleleri çözmekde üstünlikli özara hereket etmek üçin şertleri döredýär. Bu ugurda toplanan baý tejribe halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyny kämilleşdirmek üçin özüne çekijidir. Onuň mazmuny işjeň, özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň netijesinde baýlaşýar.
Mälim bolşy ýaly, öz üstüne alan borçnamalaryna eýerip, Türkmenistan şu ähli geçen ýyllarda döwrüň wajyp meseleleriniň çözülmegine örän işjeň gatnaşyp, parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşiň esaslaryny pugtalandyrmagyň umumy işine özüniň bahasyna ýetip bolmajak uly goşandyny goşýar. Täsir etmegiň syýasy-diplomatik we ykdysady çäreleriniň ähli serişdelerini peýdalanyp, ýurdumyz sebitde syýasy durnuklylygy pugtalandyrmakda, onuň durnukly ykdysady ösüşinde, şol sanda halkara ähmiýetli birnäçe möhüm taslamalary we başlangyçlary yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebitiň durnukly ykdysady ösüşini gazanmakda möhüm orna eýe boldy we şol orunda bolmagyny dowam edýär.
Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýakynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat, şeýle hem bu iri wekilçilikli forumyna bagyşlanyp, sebitiň döwletleri bilen netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam bermegine gönükdirilen Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy bolan Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) –Akina (Owganystan) täze polat ýolunyň ulanmaga berlendigi agzaldy.
Bu işleriň ählisi özygtyýarly Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esas goýujy ýörelgeleriniň, ilkinji nobatda, bar bolan meseleleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge esaslanýandygyny hem-de häzirki zaman dünýäsiniň abadançylygyny we howpsuzlygyny, ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli gatnaşyklary üpjün etmäge, olaryň medeniýetleriniň ýakynlaşmagyna hem-de özara baýlaşmagyna gönükdirilendigini aňryýany bilen tassyklaýar. Bularyň ählisi milli bähbitleri goramagyň hem-de umumadamzat ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmagynyň netijeli guralyna öwrülen türkmen Bitaraplygynyň belent sepgididir.
Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt diplomatlarynyň—ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Jassinta Katerina Barrinsiň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Şahin Niloferiň, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa sebiti boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy jenap Žan-Žerom Kasabiankanyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Halid Faýsal Al Sehliň, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sun Weýdunyň we beýlekileriň çykyşlary bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Olar dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýan hem-de özüniň ägirt uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine doly derejede peýdalanýan özygtyýarly Türkmenistanyň ýörelgelerine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçy edaralaryna yzygiderli saýlanylmagy onuň belent abraýynyň jedelsiz subutnamasydygy bellenildi.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda
durmuş-ykdysady ösüşiň dürli ulgamlarynda, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda, bazar ykdysadyýetini kemala getirmekde örän uly üstünlikleri gazandy. Munuň özi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, dünýä jemgyýetçiliginiň agzalary, ilkinji nobatda, sebit boýunça ýakyn goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmelerini hem-de ýurdumyzyň tutuş Ýer ýüzünde parahatçsylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan tagallalaryny goldap, bu ýere ýygnananlar ýola goýlan netijeli halkara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli çuňlaşdyryljakdygyna we hemmetaraplaýyn giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.
Şeýlelikde, häzirki maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň giň gerimi onuň örän uly ylmy-amaly ähmiýeti barada aýtmaga mümkinçilik berýär. Forumyň çäklerinde geçirilen many-mazmunly pikir alyşmalar, Türkmenistanyň köptaraply daşary syýasatyna berlen adalatly we hemmetaraplaýyn baha, ýurdumyzyň ählumumy goşulyşmalara edýän täsiri halkara syýasatynyň nazaryýetini we amalýetini ösdürmekde uly goşant boldy.
Baýramçylyk mynasybetli institutyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan ýöriteleşdirilen sergi ajaýyp görnüşde forumyň üstüni ýetirdi. Ol türkmen halkynyň gadymy taryhy, onuň baý medeniýeti we ruhy mirasy, şeýle hem Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyly içinde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, döwrüň möhüm meseleleri we çagyryşlary babatda ýurdumyzyň eýeleýän orny baradaky neşir önümleri, foto we wideoşekiller giňden görkezilýär.
Häzirki maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döreden önümlere baý sergi Daşary işler ministrliginiň, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, Döwlet çeperçilik Akademiýasynyň hem-de Döwlet muzeýiniň bilelikdäki tagallalary bilen taýýarlanyldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdip, döwlet Baştutanymyzy Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, mundan beýläk-de yhlasly we ak ýürekli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.