Hindistanyň Amritsar şäherinde Owganystanyň syýasy durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça Stambul hereketine gatnaşyjy ýurtlaryň “Aziýanyň Ýüregi” atly ministrler derejesindäki 6-njy maslahaty geçirildi.
Maslahatyň işine dünýäniň 45 döwletinden wekiliýetler gatnaşdy. Bulardan, Owganystanyň syýasy durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça Stambul hereketine gatnaşyjy ýurtlaryň 14-den (Azerbaýjandan, Owganystandan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, BAE-en, Pakistandan, Russiýadan, Saud Arabystanyndan, Täjigistandan, Türkiýeden, Türkmenistandan) wekiller geldiler. Şeýle hem maslahata bu hereketi goldaýan döwletlerden, şol sanda ÝB-gi ýurtlaryndan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Ýaponiýadan we birnäçe halkara we sebitara guramalaryndan wekiller gatnaşdylar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň baştutany öz çykyşynda gatnaşyjylary Türkmenistanyň döwlet syýasaty we Owganystanda syýasy durnuklylygy we parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça daşary syýasy başlangyçlary barada, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna, terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşde tagallalary birleşdirmek barada we ýurduň üstünlikli durmuş-yldysady ösüşi üçin döredilýän gerekli şertler barada gürrüň berdi.