17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Türkmen paýtagtyny ösdürmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalar

Aşgabadyň Sergi köşgünde “Ak şäherim – Aşgabat” atly X köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Ol ýurdumyzyň baş şäherinde bolup geçýän deňi-taýy bolmadyk özgertmeler, şeýle hem paýtagtymyzy ösdürmegiň meýilnamalary babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, milli parlamentiň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň baştutanlary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkara forumyna gatnaşyjylara we onuň guramaçylaryna Gutlag hatyny iberip, bu serginiň we maslahatyň döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýurdumyzyň baş şäherine täze maýa goýumlaryny hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Eksponentleriň 120-den gowragynyň gatnaşýan sergisiniň mazmuny we aýdyň maglumatlylygy ilkinji nobatda häzir Türkmenistanda has zerur bolan hyzmatdaşlygyň ugurlaryna gönükdirilendir. Şolaryň biri hem türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly we çalt depginlerde ösýän gurluşyk pudagy bolup, ol daşary ýurt maýadarlarynda we potratçylarynda uly gyzyklanma döredýär. Olaryň köpüsi ozal hem Aşgabatda guralan halkara sergilerine gatnaşypdylar. Ýöne ilkinji gezek gatnaşýanlar hem bar – Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryndan kompaniýalaryň ýigrimä golaýy öz önümlerini şu günki sergide ilkinji gezek görkezýärler.

Şu günki sergä we maslahata dünýäniň 20 ýurdundan, şol sanda Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Belgiýadan, Ispaniýadan, Şweýsariýadan, Gresiýadan, Saud Arabystanyndan, Türkiýeden, Eýrandan, Hindistandan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Wýetnamdan, Russiýadan, Ukrainadan, Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan kompaniýalaryň we guramalaryň 118-niň gatnaşýandygy bu çäreleriň giň gerimlidigini görkezýär.

Ägirt uly Sergi merkeziniň çäginde ýaýbaňlandyrylan sergi Türkmenistanyň şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň tapgyrlaryny hem-de dürli pudaklaryň ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilýändigini beýan edýär, şeýle hem daşary ýurtly kompaniýalaryň milli taslamalara gatnaşmagyna we halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmaga goşýan goşantlaryny görkezýär. Sergide ýokary tehnologiýaly enjamlar, gurallar, häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri, kompýuter we aragatnaşyk mümkinçilikleri, saglygy goraýyş, dokma, azyk senagaty pudaklarynda gazanylan üstünlikler, daşky gurşaw meselelerini çözmekde, sporty we syýahatçylygy, ylmy, medeni mümkinçilikleri ösdürmegi, işgär taýýarlamagy, garaz, uly şäheriň keşbini emele getirýän zatlary döretmekde gazanylanlar bilen tanyşdyrylýar.

Sergide öz diwarlyklaryny, şeýle hem aragatnaşyk we ulag, oba hojalyk, söwda we beýleki ulgamlaryň edaralary ýaýbaňlandyrdylar, ýurdumyzyň hususy telekeçiligiň mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyryldy. Bularyň hemmesi Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen esasy ugurlaryny bellemäge mümkinçilik berýär. Şol ugurlara onuň şähergurluşyk maksatnamasy esaslanýar. Bular örän amatly we oňaýly durmuş gurşawynyň döredilmegi, önümçilikleriň sazlaşykly ösdürilmegi, şäheriň we ýurdyň ykdysadyýetiniň “ösüş nokatlarynyň” döredilmegi hem-de işewürligiň iri sebitleýin we halkara merkezi hökmünde Aşgabadyň ösdürilmegi bolup durýar.

Onunjy ýubileý maslahatyň sergi maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurtly kompaniýalar gurluşyk desgalarynyň taslamalary, iň täze çözgütleri we tehnologiýalary bilen tanyşdyrdylar. Olar şäher gurşawynda ýaşamagyň oňaýly şertlerini üpjün etmek we şäher hojalygyny dolandyrmak bilen bagly bolup, oňa gurluşyk, suw üpjünçiligi we yşyklandyryş, ýol gurluşygy, oňaýly dynç alyş ulgamy we beýlekiler girýär.

Mysal üçin, german önüm öndürijileriniň ykjam emeli buz örtügi myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Paýtagtymyzyň Buzly köşgünden gelen ýaş figuraçylar we hokkeýçiler ony ilkinji bolup synap gördüler. Bu örtügiň syry onuň oýun meýdançasynyň buzdan däl-de, aýratyn plastikden ybarat bolup durýandygyndadyr. Ony ýapyk binalarda, şeýle hem açyk meýdançalarda, mysal üçin, çagalar sagaldyş merkezlerinde tiz gurnap bolýar. Şunda plastigiň ýüzünden konkilerde ýeňil typmaga mümkinçilik berýän örtük öz taýpançaklygyny islendik howada saklaýar.

“LENOVO” we “CUOTAL” hytaý kompaniýalary bilelikde iki sany iri taslama bilen tanyşdyrdylar. Olar öz meýdançasynda ýaşaýyş jaýynyň nusgasyny we şäher şaýolunyň ähli şertlerine: yşyklandyryş ulgamyna, swetoforlara, ýol belgilerine, wideokameralara we beýlekilere eýe bolan bölegini döretdiler.

Ilkinji taslama “Akylly jaý” diýlip atlandyrylýar, ol “öý” ulgamlarynyň içerki awtomatlaşdyryş mümkinçilikleri we olary uzak aralykdan pult arkaly dolandyrmak, şol sanda ykjam telefonyň ýa-da Internetiň üsti bilen dolandyrmak mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar. Beýleki-“Ýol” taslamasynyň aýratynlyklary onuň gün energiýasynda işleýän şäher ýollary üçin toplumlaýyn mümkinçiligi öz içine alýanlygyndan ybaratdyr.

Taslamalar bilen tanyşdyrylyşyň barşynda “LENOVO” kompaniýasynyň menejeri Lýu Çanyň belleýşi ýaly, “Ak şäherim – Aşgabat” sergisine gatnaşmak bilen, kompaniýa senagat gurluşygynyň we şäher infrastrukturasynyň wekilleriniň ünsüni täze taslamalary işläp düzmegiň seýrek duş gelýän mümkinçiliklerine çekmekden ybaratdyr. Jaýlaryň ýa-da ýollaryň inženerçilik ulgamyny awtomatlaşdyrmagyň şunuň ýaly gurnawlary häzirki günde gurluşyk we inženerçilik çözgütleri babatda çalt ösüp barýan ýokary tehnologiýaly ugurlaryň biridir.

Saud Arabastany Patyşalygyndan gelen telekeçileriň taslamasynyň görkezilişi hem köp adamly boldy. Şol ýerde ýaňy-ýakynda Er-Riýad şäherinde Türkmenistanda öndürilen önümleriň sergisi geçirilipdi. Ynha, indi bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça “Third eye marketing” kompaniýasy Aşgabatda özüniň jogap teklibini hödürledi, ol “Aýratyn jaýy 4 günde gurmak” taslamasy bilen sergä gelýänleri tanyşdyrýar. Kompaniýanyň baştutany Başar Al Jawhari Türkmenistanda çaltlandyrylan jaý gurluşygynyň geljegi uly diýip hasap edýär. “Biz häzir siziň ýurduňyzda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklarynyň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny, Hazaryň kenarynda “Awaza” syýahatçylyk zolagyny döretmegiň ägirt uly taslamasynyň durmuşa geçirilýändigini, täze şäherçeleriň we şäherleriň tutuş toplumynyň gurulýandygyny we modullaýyn jaý gurluşygynyň täze ýerleri özleşdirmek ýörelgesi bilen örän sazlaşykly utgaşdyrylýandygyny bilýäris. Biz türkmenistanlylaryň ýaşaýyşy üçin amatly şertleri döretmäge öz goşandymyzy goşup, türkmen kärdeşlerimiz bilen öz tejribämizi paýlaşyp biljekdigimize umyt baglaýarys” diýip, ol aýdýar.

Dogrudanam täze, modullary we ýokary hilli serişdelerden 50 ýyllyk kepillik möhleti bilen kottej görnüşli bezemen jaýlary sanlyja günleriň dowamynda gurmak boýunça arap dostlarymyzyň teklibi diňe mümkin bolan buýrujylaryň ünsüni çekmek bilen çäklenmän, eýsem türkmen telekeçilerinde hem uly gyzyklanma döretdi, olar şeýle taslamanyň artykmaçlyklaryna mynasyp baha berýärler. Şeýle jaýlaryň aýratynlyklary diňe olaryň gysga möhletlerde gurlup, müşderiniň ähli islegleriniň hasaba alynýandygynda (uniwersal gurluşyk elementleri we kysymlaryň üznüksiz dürli görnüşligi), “nyrh-hiliň” iň gowy arabaglanyşygynda däl, eýsem şonuň bilen bilelikde olary söküp hem beýleki ýerde ýygnap, ap-aňsat göçmek mümkinçiligini hem döredýändigindedir.

Elbetde, munuň özi serginiň işiniň birinji gününde hödürlenen taslamalaryň diňe birnäçe mysallarydyr, olar geljegi uly türkmen bazary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň işjeň gyzyklanýandyklaryny hem ýene bir gezek tassyklady, şol kompaniýalar türkmen hyzmatdaşlaryna netijeli we innowasiýaly işläp düzmeleri teklip etmäge ymtylýarlar. Şeýle hem sergi toplumynyň açyk ekspozisiýa meýdançalarynda iň öňdebaryjy önüm öndürijileriň gurluşyk we ýöriteleşdirilen tehnikalarynyň dürli görnüşligi hödürlendi.

Günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzyň Sergi merkeziniň mejlisler zalynda “Ak şäherim – Aşgabat” halkara maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň dürli pudak edaralarynyň wekilleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda forumyň resmi açylyşynda myhmanlara häzirki günde dünýäniň iň owadan hem amatly şäherleriniň birine öwrülýän ak mermerli Aşgabat barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi.

Soňra plenar mejlis geçirildi, ol Aşgabat şäheriniň binagärlik we şähergurluşyk ugurlaryna, ulag we energetika infrastrukturasyny ösdürmegiň geljegine bagyşlandy. Maslahatyň barşynda bolan çykyşlarda häzirkizaman tehnologiýalarynyň esasynda we dünýäniň tejribesiniň hasaba alynmagynda şäheri ösdürmegiň strategiýasy, Türkmenistanda şäher gurluşygynda hususy pudagyň ornuny güýçlendirmek, orta möhletleýin we uzakmöhletleýin geljekde paýtagtymyzyň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak ýaly şeýle ähmiýetli meselelere bagyşlanan çykyşlar ýaýbaňlandy.

Daşary ýurtlular özleriniň çykyşlaryny gurluşykda häzirkizaman materiallaryny ulanmaga, şol sanda ýol gurluşygynda ulanmaga, şäher hojalygy ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, menejment ulgamyna, maýa goýumlary çekmäge we ş.m. bagyşladylar. Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge, pudaklaýyn hyzmatdaşlygy we tutuş halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan şeýle çäreleriň maglumat berijiligini we derwaýyslygyny aýratyn bellediler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistan-Russiýa: Söwda-Ykdysady Hyzmatdaşlyk Pugtalandyrylýar

syrach

ABŞ Nebitiň Bahalaryny Durnuklaşdyrmak Maksady Bilen G20-de Saud Arabystanyna Ýüzlenmek Isleýär

turkmenhabargullugy

Türkmen Polipropileninden Gaplar we Gap-Çanaklar Öndürilýär

turkmenhabargullugy