7.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Adam Hukuklary

Adam Hukuklary

Adam Hukuklary – Türkmenistanyň ynsanperwer syýasatynyň ileri tutulýan ugry

9-njy dekabrda geçirilen hem-de şu ýylyň 11 aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine we döwlet durmuşynyň beýleki ileri tutulýan meselelerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1 müň 381 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekdi. Bu çözgüt Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň belent ynsanperwer däplere, ýörelgelere we erk-islege ygrarlylygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.Türkmen halkyna gadym döwürlerden bäri mahsus bolan bu häsiýetler täze taryhy döwürde mynasyp beýanyny tapýar.

Mälim bolşy ýaly, ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýän möhüm ugurlaryň biri bolup, onda adam jemgyýetimiziň we döwletimiziň baş baýlygy diýlip yglan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda milli kanunçylygyň we umumy kabul edilen halkara kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüji we dörediji mümkinçiliklerini ählumumy abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirmek bilen, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýar, şonuň bilen bir hatarda hem häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge hil taýdan täze çemeleşmeleri görkezip, adam ölçegi we durmuş häsiýetli meselelere aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň, beýleki iri maslahatlaryň münberinden beýan eden hem-de dünýä bileleşiginiň goldawyna we ykrar etmegine eýe bolýan netijeli başlangyçlary munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, onuň esasy edaralary, hususan-da, BMG-niň BÝKM, Migrasiýa baradaky halkara guramasy we beýleki abraýly düzümleri bilen işjeň gatnaşyp, degişli ugurda, şol sanda bosgunlaryň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça umumy tagallalara önjeýli goşant goşýar. Biziň ýurdumyz BMG-niň binýatlyk halkara-hukuk resminamalaryna we degişli konwensiýalaryna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, ynsanperwerligiň, adalatlylygyň, demokratik ösüşiň hem-de häzirki hukuk jemgyýetiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.

Soňky ýyllarda asuda, gülläp ösýän Watanymyz dürli sebäpler we ýagdaýlar bilen baglylykda dogduk ýerlerini terk etmäge mejbur bolan ençeme adamlar üçin ikinji mesgene öwrüldi. Bu ýerde anyk mysal hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlary bilen 2011-2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň raýatlygyna 5 müň 74 adamyň kabul edilendigini görkezmek bolar. Şondan öň hem adamlaryň müňlerçesi meýletin esasda ýurdumyzyň raýatlary boldular.

Raýatlygy bolmadyk adamlara, bosgunlara we göçýänlere degişli meseleleri çözmekde Türkmenistanyň toplan oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň gyzyklanma bildirmegine mynasyp boldy. Biziň ýurdumyz eýýäm ynsanperwer meselelerine bagyşlanan iri wekilçilikli maslahatlary ençeme gezek kabul etdi. 2012-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen “Bosgunlar musulman dünýäsinde” atly halkara maslahat şanly waka öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Bas Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde bu maslahaty geçirmek hakynda başlangyç bilen çykyş etdi. Ol ählumumy goldawa eýe boldy. Mahlasy, onuň gün tertibine bosgunlaryň durmuş we hukuk taýdan goşulyşmagy babatda Türkmenistanyň tejribesine bagyşlanan ýörite mejlis girizildi.

2014-nji ýylda türkmen tarapynyň teklibi boýunça Aşgabatda “Migrasiýa we raýatsyzlyk boýunça halkara maslahaty: wehimleri we öňe tarap ýoly kesgitlemek” atly halkara maslahat geçirildi. Şondan bir ýyl öň bolsa bu ýerde Türkmenistanyň Halkara migrasiýa guramasy bilen bilelikde guramagynda maslahat geçirilip, ol häzirki döwrüň howplaryna, hususan-da, adam söwdasyna garşy durmak işinde umumy tagallalary birleşdirmek meselesine bagyşlandy.

Bu maslahatlaryň türkmen paýtagtynda geçirilmegi ata Watanymyzyň belent halkara abraýynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistan sebit we dünýä ösüşiniň möhüm wezipelerini, şol sanda ynsanperwer hem-de durmuş wezipeleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýär.

Şeýlelikde, geçen hepdede döwlet Baştutanymyzyň 21 millete wekilçilik edýän adamlaryň bir toparyny ýurdumyzyň raýatlygyna kabul etmek hakynda gol çeken Permany Türkmenistanyň döwlet strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda täze ädime öwrüldi. Ol tutuş dünýäde abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça BMG-niň ileri tutulýan maksatlary bilen gös-göni baglydyr.

Şol çözgüdiň eziz Watanymyz üçin şanly senäniň—hemişelik Bitaraplygyň 21 ýyllygynyň öňýanynda kabul edilmeginiň hem özboluşly manysynyň bardygy bellärliklidir. Ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen bu özboluşly halkara hukuk derejesinde Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli many-mazmuny öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň çäginde dürli milletleriň hem-de dürli dinlere uýýanlaryň wekilleri agzybir maşgala bolup asudalykda ýaşaýarlar we jebislikde zähmet çekýärler.

Bu Permana laýyklykda, Daşary işler ministrligine, Içeri işler ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna beýleki degişli ministrlikler we edaralar bilen bilelikde ýurdumyzyň raýatlygyna girmek üçin ýüz tutan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli teklipleri bermek baradaky wezipeler eziz Watanymyzyň öçmez-ýitmez ynsanperwer gymmatlyklara hem-de adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça umumy ykrar edilen halkara kadalaryna ygrarly bolup galýandygyna şaýatlyk edýär.

Degişli makalalar

Ahal Welaýatynyň Kaka Etrabyndaky Mekdep Okuwçylary Halkara Internet-Olimpiadasynda Altyn Medallaryň 36-syny Eýelediler

Basketbol Boýunça Halkara Ýaryşy 06/11/2016

turkmenhabargullugy

Prezidentimiz Eýranyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

syrach