16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmen-Amerikan Işewür Hyzmatdaşlygyny Ösdürmegiň Ýoly Bilen

Türkmen-Amerikan Işewür Hyzmatdaşlygyny Ösdürmegiň Ýoly Bilen

Türkmen paýtagtynda “Türkmenistan-ABŞ” Işewürlik geňeşiniň wekilleriniň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň birnäçe kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň, önümçilik düzümleriniň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda işewür duşuşyk geçirildi. Onuň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy.

“Türkmenistan-ABŞ” Işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatyny artdyrmaga hem-de söwda-ykdysady, işewürlik gatnaşyklaryny we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän “açyk gapylar” syýasatyna ýokary baha berdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-amerikan gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de däbe öwrülen ugurlarda täze mümkinçilikleri açmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny, bilelikdäki taslamalary, dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýum işlerini işjeňleşdirmek üçin geljekki hyzmatdaşlaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini bellediler.

Türkmen we amerikan işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanmanyň uludygy bellenildi. Bu hyzmatdaşylk ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga bolan islegini nazara almak bilen uly mümkinçiliklere eýedir.

Degişli makalalar

14-nji Tapgyryň Jemleýji Duşuşyklary Geçirildi

«Dutaryň Owazy» Halkara Gözden Geçirilişiniň Çäklerinde Gurbannazar Ezizowyň Goşgularyna Eserleriň Bäsleşigi Yglan Edildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Maslahaty

syrach