16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Owadandepede Gurulýan Gaz Himiýasy Kärhanasy

Owadandepede Gurulýan Gaz Himiýasy Kärhanasy

Owadandepede gurulýan gaz-himiýasy kärhanasy ýylda Euro-5 ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli benziniň 600 müň tonnasyny öndürer

Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynyň golaýynda gurulýan täze önümçilik ýylda 1,785 milliard kubmetr tebigy gazy gaýtadan işläp, sintetiki ýangyç çykarmaga niýetlenendir. Gurulýan toplumy 2018-nji ýylyň dekabrynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

„Türkmengaz“ DK bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» (Япония) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Tiçaret Anonim Şirketi» (Тürkiýe) kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda baglaşylan benzin öndürmek boýunça kärhana gurmak baradaky şertnama ýapon tarapynyň maýa goýumlarynyň we „Türkmengaz“ Döwlet konserniniň serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýar.

Häzirki wagtda baş potratçy bilen iş tabşyryjynyň işini utgaşdyrmak, şeýle hem «GTG – Gas to gasoline» taslamasynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen „Türkmengaz“ Döwlet konserniniň ýanynda döredilen gaz-himiýa toplumlaryny gurmak boýunça Direksiýada berlen maglumata laýyklykda, altmyş gektara golaý ýerde gurluşygyň potratçylary gurluşyk-montaž işleriniň ýaryna golaýy ýerine ýetirildi. Gaz-himiýasy kärhanasynyň infrastruktura binalarynyň gurluşygy alnyp barylýar, rezerwuarlar, reaktorlar, ýylylyk çalýyrjylar, sütünler, tehnologik peçler, separatorlar, kompressorlar oturdyldy.

Suw we tehnologik kondensat arassalanylýan, şeýle hem howany bölýän enjam oturdylan kömekçi ulgamlar böleginde eýýäm gradirleýji, boýlerler, süzüjiler we beýleki kömekçi enjamlar oturdyldy. Estakada guruldy, ondan dürli tehnologik bölümlere inženerçilik ulgamlary eltiler.

Ýapon hünärmenleriniň teklip edýän gazy suwuk ýangyja öwürmek boýunça tehnologiýasy tebigy gazy çuňňur arassalamak, sintez-gaz, metanol almak we arassalanan benzin almak boýunça enjamlary oturtmak ýaly tehnologik ulgamy göz öňünde tutýar. Enjamlary konsorsiumyň tabşyrygy bilen Germaniýanyň, Gollandiýanyň, Fransiýanyň, Koreýanyň, Hindistanyň, Beýik Britaniýanyň, Şwesiýanyň esasy kompaniýalary, şeýle hem konsorsiumyň agzalary bolan kärhanalar getirýärler.

Dünýä belli kompaniýalaryň enjamlary we Daniýanyň «Haldor Topsоe» kompaniýasynyň tehnologiýasy bilen üpjün edilýän kärhana ýylda Euro-5 ölçegleriniň iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän RON-92 belgili ýokary hilli benziniň 600 müň tonnasyny çykarar.

Bu ugurda işleýän alymlaryň pikirine görä, tebigy gazy gaýtadan işlemegiň konwersiýa ugry- benzine, kerosine, dizel ýangyjyna derek suwuk uglewodorodlary almak häzirki wagtda gazy monetirlemegiň iw möhüm we perspektiwaly senagat usulydyr.

Onuň alnyş usulyny „Türkmengaz“ Döwlet konserniniň ýanynda döredilen gaz-himiýa toplumlaryny gurmak boýunça Direksiýanyň tehnologiýa bölüminiň esasy inženeri Aýmyrat Şamuhammedow şeýle düşündirýär:

–Magistarl turba geçirijiden gelýän tebigy gaz gidrogenirlemek we desulfurizirlemek boýunça reaktorlarda ýokary hilli katalizatorlar arkaly kükürt we kükürtli garyndylardan arassalanylar. Indiki bölümde başlangyç çig mal gerekli gatnaşyklara çenli bug bilen garylar. Haldor Topsoe katalizatoruň kömegi bilen bug reforminginiň netijesinde ýokary uglewodorodlar dargap, tebigy gaz sintez-gaza öwrüler. Ondan soň ýokary gyzgynlyga çenli gyzdyrylan çig mal awtotermiki riforming reaktoruna (ATR) gelýär.

Bu enjamda tehnologik gazyň garyndysy kislorod ýanmagy bilen reaksiýa girýär. Soňra ýokary gyzgynlykdaky gaz sowadyjylar hataryna we metanol sintezi reaktoruna gelip düşýär. Ondan soň metanol çig maly benzin sintezi bölümine düşýär, bu ýerde separirlenýär, fraksirlenýär, regenirlenýär, ahyrky önüm bolan benzin almak we onuň hilin gowulandyrmak boýunça işler amal edilýär.

Sintetiki uglewodorodlar ekologiýa taýdan aýrybaş häsiýetlere eýedir—olarda howany hapalaýan kükürtli, azotly garyndylar bolmaýar. Şonuň üçinem şeýle ýangyç iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk geler.

Şeýle önümçilikleriň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýlägem ösrürmegiň, ekologiýa we tehnolgiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň, uglewodorod serişdeleriniň bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm ugrydyr.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Hökümeti Bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Arasynda Tegelek Stol Geçirildi

Uly Ýoluň Tapgyrlary Polat Ýollar Boýunça Fotosyýahatçylykda

syrach

Daşary Işler Ministrliginde GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygy Ýerine Ýetiriji Sekretary Bilen Duşuşyk