8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy, şeýle hem il-ýurt bähbitli resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Milletiň Lideri mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bilen çykyş etmek üçin degişli ýolbaşçylara söz berdi.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Muhammedow hasabat bilen çykyş etdi. Ol özüniň gözegçilik edýän dolandyryş ulgamy boýunça uly möçberli desgalarda işleriň barşy we döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelip gowşan ýüztutmalara seredilişiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan uly möçberli desgalarda geçirilýän işleri ýokary derejede alyp barmagy, işleriň gidişine, möhletleriň berjaý edilişine, olarda ýokary hiliň üpjün edilişine hemişe berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowuşýan ýüztutmalar baradaky meselä ünsi çekip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky ýurdumyzyň raýatlarynyň ýüztutmalaryna garamak baradaky döwlet toparynyň işini has-da güýçlendirmek, ony il-ýurt bähbidine gönükdirilen kanunçylygy berkitmek işinde möhüm çemeleşmä öwürmek, raýatlarymyzyň her bir ýüztutmasyna örän ünsli garamak we her bir ýagdaýy jikme-jik seljerip, adalatly çözgütleri kabul etmek barada bu ýere ýygnanan ýolbaşçylara, şol sanda mejlise çagyrylan degişli harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek boýunça DIM-iň işi hakynda hasabat bilen çykyş etdi. Ol biziň ýurdumyzyň Hökümet wekilýetiniň şu ýylyň ikinji çärýeginde meýilleşdirilen daşary ýurt saparlaryna, şeýle hem daşary ýurtlaryň hökümet wekiliýetleriniň şu döwürde bellenilen Türkmenistana saparlaryna görülýän taýýarlyga degişli mesele boýunça habar berdi. Hasabatyň çäklerinde ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyga degişli meseleler babatda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşyklaryny dowam etdirmek hem-de degişli türkmen-fransuz iş toparynyň mejlisine gatnaşmak maksady bilen, döwlet Baştutanynyň görkezmesine laýyklykda Fransiýanyň paýtagty Pariže geçirilen iş saparynyň jemleri baradaky habar hem aýdyldy. Bellenip geçilşi ýaly, ýewropaly hyzmatdaşlar ýangyç-energetika toplumy ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy, netijeli gatnaşyklary giňeltmäge ýokary derejede gyzyklanma bildirýärler. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüji, çuň oýlanşykly energetika syýasaty bilen şertlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň mundan beýläk-de milli bähbitlere hem ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatyny gyşarnyksyz ýöretjekdigini we ony döredijilikli ösdürjekdigini aýdyp, şunuň bilen baglylykda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de ösdürmek işinde biziň ýurdumyzyň daşary ýurtlara hökümet wekilýetiniň öňde boljak saparlarynyň we daşary ýurt wekilýetleriniň Türkmenistana saparlarynyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz maý aýynda goňşy Özbegistan Respublikasyna hem-de Rumyniýa boljak resmi saparlaryň möhümdigine ünsi çekip, olaryň barşynda garaljak meseleleriň ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýakynda geçiriljek “Türki halklaryň medeni mirasy” atly halkara ylmy maslahaty we festiwaly, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň serhet goşunlarynyň serkerdebaşylarynyň Geňeşiniň mejlisiniň mynasyp derejede geçirilmegini üpjün etmek üçin zerur şertleri görmek boýunça degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Ýangyç-energetika toplumy ulgamynda özara gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa, Türkmenistan dünýäniň energetika döwleti bolmak bilen, energiýa serişdelerini ibermegiň, şol sanda Ýewropa ugru boýunça ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýän özara bähbitli sýyasaty durmuşa geçirmek bilen, bu ulgamda özüniň ägirt uly mümkinçiliklerini ähli adamzadyň eşreti üçin durmuşa geçirmäge çalyşýar.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol türkmen Lideriniň başlangyjy bilen amala aşyrylýan ägirt uly möçberli, il-ýurt bähbitli özgertmelere gönükdirilen syýasaty bilen baglylykda milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy, hususan-da, Türkmenistanyň Kanunlarynyň birnäçesini kämilleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ykdysadyýetiň innowasion ýol bilen ösüşinde intellektual mümkinçilikleriň ähmiýeti barada bellänleriniň esasynda bu ugra degişli kanunlary kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde ýörite iş toparynyň döredilendigi hem-de Awtorlyk hukugy we garyşyk hukuklar, Seleksiýa üstünliklerini hukuk taýdan goramak hakynda, Senagat eýeçiligi babatda ynsapsyz bäsleşik hakynda, Intellektual eýeçilik babatda döwlet kadalaşdyrylyşy hakynda kanun taslamalarynyň toplumyny işläp taýýarlamak boýunça zerur çäreleriň görülýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda, halkyň abadançylygynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynda milli kanunçylyk ulgamynyň möhüm ähmiýetini belläp, bu babatda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny we olaryň ählisiniň türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has ýokary göteremeklige gönükdirilmelidigini nygytady. Şeýle hem döwlet Baştutany milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmagyň örän möhümdigine ünsi çekip, onuň täze Galkynyş eýýamynyň belent ruhuna, türkmen jemgyýetiniň häzirki taryhy tapgyrda we geljegi göz öňünde tutup, döwlet ösüşi boýunça öňde goýlan wezipelere, şeýle hem halkara hukugy boýunça hemmeler tarapyndan ykrar edilen kadalara laýyk gelmelidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Japarowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanynyň “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmekligi çaltlandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bilen çykyş etdi we şu maksatnamanyň täze görnüşdäki taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Milli maksatnamany amala aşyrmagyň geçen ýyllardaky tejribesini nazara almak bilen, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini has-da ösdürmek, ilatly ýerleri düýpli özgertmek maksadynda, her bir ilatly ýeriň ýaşaýjylarynyň sanyna we ol ýeriň hukuk ýagdaýyna baglylykda zerur bolan döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň, guramalarynyň hem-de beýleki ýaşaýyş-durmuş, önümçilik maksatly binalaryň we desgalaryň Nusgalyk sanawlaryny, ölçeglerini we kadalaryny işläp taýýarlamak hem-de olaryň esasynda bolsa ýurt boýunça Milli maksatnamasyny jemlemek we onuň täze görnüşini taýýarlamak möhümdir diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip, “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini özgertmegiň meseleleri hakynda” Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli bellenilen çäreleri durmuşa geçirmekde öňde uly möçberli işleriň durýandygyny belläp, degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, welaýatlaryň durmuş-ykdysady we medeni ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi bilen bagly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak barada anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazowa söz berildi. Ol özüniň gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, “Ak şäherim – Aşgabat” atly X köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň netijeleri, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ukrain toparynyň ikinji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, däbe öwrülen “Ak şäherim – Aşgabat” atly X köpugurly halkara sergisi we maslahaty ýaly, wekilçilikli halkara forumlarynyň geçirilmegi türkmen paýtagtynyň işjeň durmuşyna mahsus aýratynlyga öwrüldi diýip belledi. Munuň özi giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerini çözmekde ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem geljekki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny bellemäge mümkinçilik berýär, dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga we biziň ýurdumyzda täze çemeleşmeleri we tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýdyp, çalt depginler bilen ösýän gurluşyk pudagynda, şol sanda ýerli çig malyň esasynda ýokary hilli gurluşyk serişdelerini öndürmekde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.

Milletiň Lideri türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň meseleleri barada durup geçip, degişli hökümetara toparynyň işiniň baý tejribä eýe bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyna we ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge täze itergi berýändigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa ählihalk baýramçylygy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllygynyň hormatyna şu ýylyň ikinji çärýeginde meýilleşdirilen medeni çäreleriň maksatnamasyna, hususan-da, medeni durmuş maksatly möhüm desgalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen jemgyýetiniň okgunly ösüşinde ähli türkmen halkynyň bähbitleri we eşretii ýaşaýşy üçin ýurdumyzda durmuşa geçirilýän uly möçberli durmuş özgertmelerini amala aşyrmakda öňde boljak dabaralaryň aýratyn ähmiýetini belläp, bellenilen ähli çäreleri milli gymmatlyklara besläp, iň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada görkezme berdi. Täze desgalaryň açylyşy mynasybetli baýramçylyk çäreleri täze Galkynyş eýýamynyň beýik özgertmeleriniň ýokary ruhubelentligini, şöhratly senäniň taryhy ähmiýetini beýan etmelidir diýip, milletiň Lideri nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz şol dabaralarda täze Galkynyş eýýamynyň belent ruhy bilen bilelikde türkmen halkynyň döredijilik zehini, sahylygy, myhmanparazlygy we milletimiziň ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine hem-de ýokary ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarlydygy öz beýanyny tapmalydyr diýip belledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda durmuşa geçirilýän taslamalar, şeýle hem döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzylygynyň şanly 20 ýyllygynyň bellenýän ýylynda Aşgabat şäherinde we welaýatlarda gurlup, ulanmaga beriljek möhüm ähmiýetli desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ähli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny uly möçberli taslamalara çekmek babatda anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara paýtagtymyzda we welaýatlarda gurulýan desgalary ulanmaga bermegiň möhletlerine we hiline berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy

Döwlet Baştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurluşyklaryň dowam edýän döwründe daşky gurşawyň, suwa düşülýän ýerleriň, ýan ýodalaryň arassa saklanylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belläp, sport meýdançalaryna, jemgyýetçilik iýmiti nokatlaryna we deňiz ýakasyndaky tehniki desgalara barýan kömekçi ýollary gurmaga pudaklaýyn gurluşyk kompaniýalaryny çekmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň bu ajaýyp künjeginde bina edilýän desgalar gurulanda türkmen tebigatynyň ajaýyp durkuny, gaýtalanmaz deňiz kenarynyň gözelligini saklap galmagy hem-de ol ýeri has owadan keşbe eýe etmek bilen baglanşykly anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda görülýän çäreler we şunuň bilen baglylykda iri daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurt kompaniýalarynyň nebit hem-de gaz ýataklaryny özleşdirmekdäki möhüm goşandyny belledi. Milletiň Lideri gury ýerde, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen böleginde maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilende önümçilik işini daşky gurşawy goramak boýunça hil babatda dünýä ülňülerine we talaplaryna laýyklykda guramak bilen baglanyşykly meselelere içgin we oýlanyşykly çemeleşmek möhümdir diýip nygtady hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Akmämmedowa söz berildi. Ol oba hojalygynda işleriň barşy, hususan-da, gowaça ekişiniň gidişi, maldarçylykda möhüm döwür bolan owlak-guzy möwsüminiň jemlenilişi, güýzlük galla ideg edilişi we beýleki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreleriň maksatnamasy baradaky habar bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynda bellenilen ýokary sepgitlere ýetmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmegini obasenagat toplumlarynyň ýolbaşçylaryndan talap etdi. Hormatly Prezidentimiz bereketli hasyl almak üçin zerur agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmegiň ähmiýeti hakynda aýdyp, oba hojalyk toplumynyň pudaklaryna ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň, täze tyşytlaýjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrmagynyň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz ýer eýeleriniň bol hasyl almaklary we ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekleri, şunlukda olaryň öz halal zähmetiniň hasabyna baýamaklary üçin döwlet tarapyndan döredilýän ähli şertleri mundan beýlägem önümçiligiň artmagyna gönükdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara ünsi çekip, onuň türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak tebigy gözelligini, syn-syrat ajaýyplygyny bütin dünýä ýaýmak bilen, olaryň şan-şöhratyny has-da belende götermelidigini nygtady. Döwlet Baştutany türkmeniň behişdi bedewleriniň täze Galkynyş eýýamyň aýdyň nyşanlarynyň biridigini belläp, naýbaşy bedewlerimiziň gözellik bäsleşiginiň hem-de oňa bagyşlanan şekillendiriş we beýleki sungat eserleriniň bäsleşiginiň türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň dabaralanmasy bolmalydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guraljak Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň I halkara maslahatynyň, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly III halkara ylmy maslahatynyň hem ýokary derejede geçirilmegini degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Ruhabat etrabynda täze gurulýan, ýurdumyzda iň uly we döwrebap Döwlet aýlawyny berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde dabaraly açyp, ulanmaga berilse maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Milli Liderimiz Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli baýramçylyk günlerinde bolsa, welaýatlarda täze gurlan, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän dört sany aýlawy açyp, ulanmaga beriljekdigini belledi. Birbada dört aýlawyň açylyp, ulanmaga berilmegi ýurdumyzda atçylygy ösdürmäge uly üns berýändigimize şaýatlyk edýär hem-de bize Türkmen bedewiniň baýramyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mezilow öz gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň barşy, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna BMG-niň Ilat gaznasynyň hödürleýän taslamalarynyň 2011-nji ýyl üçin Ýyllyk iş meýilnamasy we meýilnamada göz öňünde tutulan işleri amala aşyrmak hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeleri bu ugurda iň oňat dünýä tejribesiniň, halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň we milli däpleriniň, örän baý we medeni mirasynyň esasynda durmuşa geçirmegi, ähli ugurlar we pudaklar üçin ýokary derejeli ussat hünärmenleri taýýarlamagy dowam etmeli diýip belledi.

Milli Liderimiz Döwlet gullugy akademiýasyna BMG-niň Ilat gaznasynyň hödürleýän taslamalarynyň 2011-nji ýyl üçin Ýyllyk iş meýilnamasy we meýilnamada göz öňünde tutulan işleriň möhümdigini belläp, olary amala aşyrmak boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew özüniň gözegçilik edýän ulag – aragatnaşyk toplumynyň pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagyny ösdürmek üçin ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösdürmekde ulag-aragatnaşyk toplumynyň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, döwletiň bu pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, şol ulgama iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklajakdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarowa söz berildi. Ol öz gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň barşy, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen sergileriň netijeleri hakynda hasabat berdi.

Hormaty Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady we maýa goýum mümkinçiligini dünýä jemgyýetçiligine görkezjek, daşary söwda dolanyşygynyň giňelmegine ýardam etjek halkara sergilerini geçirmegiň ýokary ähmiýetini nygtap, biziň ýurdymuzyň eksport syýasatyny daşarky bazara barabar kemala getirmek, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň ornuny pugtalandyrmak üçin daşaky bazaryň talaplaryny eserdeň öwrenmegiň we seljermegiň zerurdygyny belledi. Sergiler we tanyşdyryş çäreleri, aýratyn hem olaryň işewürlik we ylmy ýagdaýy iş ýüzünde özüni ödemelidir hem-de pudaga täze tehnologiýalary we maýa goýumlary çekmek bilen, Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri wise-premýere anyk tadşyryklary berdi.

Soňra Döwlet Baştutanymyz tomus dynç alyş möwsüminiň golaýlap gelýändigine ünsi çekip, wise-premýer O.Gurbannazarowa hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlaryna, şeýle hem olaryň üsti bilen ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna we häkimlere bu möwsüme gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny ýatlatdy. Adamlaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerini möwsüme oňat taýýarlamaly diýip, milli Liderimiz nygtady. Şol ýerlerde zerur hyzmatlaryň guralmagyny üpjün etmeli, polisiýanyň işgärleriniň nobatçylygyny, şeýle hem tokaý zolaklarynda ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň nobatçylygyny talabalaýyk ýola goýmaly diýip döwlet Baştutanymyz belledi. Mälim bolşy ýaly, Gökdere, Arçabil jülgesi şeýle ýerleriň biri bolup, şol ýerde jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary ýeterlik däl. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz O.Gurbannazarowa hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýolbaşçylaryna adamlaryň dynç almak üçin barýan ýerlerinde jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň ýene-de birnäçesini gurmagy, özi-de bu meseläni bellenen tertipde ylalaşyp, gysga wagtyň içinde olaryň gurluşygyna başlamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlise gatnaşýan Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Begliýewe ýüzlenip, ony we onuň üsti bilen bu gullugyň harby gullukçylaryny we işgärlerini Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň döredilmeginiň 8 ýyllygy mynasybetli gutlady. Berkarar döwletimiziň gazanýan uly üstünliklerinde gullugyň işgärleriniň hem mynasyp paýynyň bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz olaryň ýurdumyzyň kanunçylygyny berkitmekde, hukuk tertibini pugtalandyrmakda beýleki hukuk we harby goraýjy edaralarynyň işgärleri bilen sazlaşykly kereket edip, uly işleri amala aşyrýandygyny aýdyp, gullugyň işgärlerine işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň başga-da ençemesine garaldy, olar boýunça degişli kararlara we resminamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» Kompaniýasynyň Ýolbaşçysyny Kabul Etdi

syrach

Nebit-Gaz Pudagyny Döwrebaplaşdyrmagyň Çäklerinde Siemens Kompaniýasynyň Gaz Turbinalary Satyn Alnar

Hormatly Alymlar! Gadyrly Myhmanlar!

syrach