17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
TEHNOLOGİÝA

Oba hojalyk tehnikalarynyň täze tapgyry gelip gowuşdy

“Türkmenpagta” döwlet konsernine nobatdaky – şu ýylda täze tehnikalaryň ilkinji tapgyry –154 traktor we 204 tirkeg gelip gowuşdy. Olar Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda satyn alyndy. Belarus Respublikasynyň “Minskiý traktornyý zawod” unitar kärhanasy bilen baglaşylan ylalaşyga görä, ýakyn wagtda “Belarus- 82.1” görnüşli traktorlaryň jemi 500-si, “Daşkendiň traktor zawody” paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşylan ylalaşyga laýyklykda Özbegistan Respublikasyndan – 2 PTS – 4 – 793A-03A görnüşli tirkegleriň 1 müňüsi ýurdumyza getiriler.

Mälim bolşy ýaly, obasenagat toplumynyň maddy-tehniki esasyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek milletiň Lideri tarapyndan başy başlanan oba hojalyk özgertmeleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň netijesinde şu günki günde pudagyň tehniki toplumynyň esasyny täze we ýokary öndürijilikli häzirki zaman ulaglary we belli daşary ýurt önüm öndürijileriniň öndürýän enjamlary düzýär. “Türkmenpagta” döwlet konserninde TDH-nyň habarçysyna habar berlişi ýaly, Minskiniň we Daşkendiň traktor zawodlarynyň tehnikalary ýurdumyzyň ekerançylarynyň ygtybarly kömekçilerine öwrülip, hyzmat edip gelýän döwürlerinde özlerini ýokary hilliligi, berkligi, işde ygtybarlylygy we netijeliligi hem-de beýleki tehniki ölçegleri bilen görkezdiler.

Satyn alnan tehnikanyň galan bölegi buýruja golaý wagtda gelip gowşar we olar hem “Türkmenpagta” döwlet konserniniň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 35-sine bölünip berler. Olar bolsa öz nobatynda pagtaçylara ýurdumyzyň “ak altynyň” täze hasylyny meýdanlardan ýitgisiz we öz wagtynda daşamaga kömek eder.

Şu günki wakanyň şanyna Ahalyň abatlaýyş üpjünçilik önümçilik kärhanasynda “Türkmenpagta” döwlet konserniniň wekilleriniň, jemgyýetçiligiň, ýaşulularyň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda dabara geçirildi. Çykyş edenler milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa oba zähmetkeşleri hakynda, pagtaçylyk pudagyny, tutuşlygyna alnanda bolsa, täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda biziň Watanymyzyň oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegi barada edýän uly aladasy üçin hoşallyk bildirdiler.

Dabaranyň çäklerinde sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Hazardan “Jeýtuna” çenli.

syrach

Internetiň Her Bir Raýat Üçin Elýeterli Bolmagy

syrach

Ýokary Tehnologiki Önümçiligi

turkmenhabargullugy