Türkmenistanyň milli parlamentinde ýurdumyzyň Mejlisiniň BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde guran iki günlük maslahaty öz işine başlady. Halkara bilermeni hökmünde maslahatyň işine ÝUNISEF-iň maslahatçysy jenap Denýus Puras çagyryldy.
Saglygy boýunça mümkinçiligi çäkli adamlary durmuş taýdan goramak babatda Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň köp ýyllyk netijeli gatnaşyklaryny ösdürmek maslahatyň esasy meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda türkmen döwletiniň dünýä bileleşigine ähli raýatlaryň, şol sanda zähmete ukypsyz adamlaryň oňat ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri üpjün etmek meselelerine jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär diýlip bellenildi.
Maslahatyň açylyşynda çykyş eden ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili jenap Sampe Lalungpa şu duşuşygyň bu abraýly halkara guramasynyň bilermenleriniň ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýolunda nobatdaky ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we oýlanşykly syýasaty ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelerde, şol sanda durmuş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelerde öz aýdyň beýanyny tapýar. Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş we bilim ulgamynda çuňňur özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şeýle hem bu ulgamdaky kanunçylyk – hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi onuň aýdyň subutnamasydyr. Adam hakdaky alada türkmen döwletiniň Baştutanynyň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýar.
Biziň ýurdumyz gumanitar ulgamda möhüm halkara konwensiýalaryny, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky we Maýyplaryň hukuklary hakyndaky konwensiýalaryny tassyklap, BMG-niň dürli düzümleri, şol sanda ÝUNISEF bilen bu ulgamda işjeň gatnaşyklaryny dowam etdirýär. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň öz üstüne alan ähli borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýändigi, milli kanunçylyk-hukuk binýadynyň degişli halkara kadalaryna we ýörelgelerine laýyk getirilmegini üpjün edýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň barşynda halkara bilermeni doktor Denýus Puras ýygnananlary gumanitar ulgamda halkara konwensiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça toplanan dünýä tejribesi bilen tanyşdyrdy.
referans: www.turkmenistan.gov.tm