19.9 C
Aşkabat
25.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanda Prezidentiň Wezipesine Dalaşgärleri Hödürlemek Dowam Edýär

Türkmenistanda Prezidentiň Wezipesine Dalaşgärleri Hödürlemek Dowam Edýär

Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüm bolan we 2017-nji ýylyň fewral aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlara taýýarlyk işleri barha giň gerime eýe bolýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň syýasy partiýalary, şeýle hem raýatlar toparlary tarapyndan ýokary döwlet wezipesine mynasyp görlen dalaşgärler hödürlenýär.

Şu gün ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Agrar partiýanyň işjeň agzalarynyň maslahaty boldy. Onuň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgäri görkezmek meselesi girizildi. Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde ýurdumyzyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow hödürlendi.

D.Orazowyň iş we durmuş tejribesi bilen duşuşyga gatnaşyjylar tanyşdyryldy. Onda çykyş edenler dalaşgäriň ýokary guramaçylyk ukyby, hünär derejesi, dürli wezipelerde toplan iş tejribesi, şeýle hem adalatly we her bir işde goldaw bermäge ukyply hem-de göreldeli maşgalabaşy hökmündäki şahsy häsiýetleri barada aýtdylar.

D.Orazow öz gezeginde bu ýere ýygnananlara bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, bu wezipäniň örän jogapkärçiliklidigine göz ýetirýändigini aýtdy we bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Obasenagat pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolmak bilen, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşinde oňa möhüm orun degişli bolup durýar. Obasenagat pudagyna ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Munuň özi sebitleriň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyna, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine we döwletimiziň ykdysady taýdan gülläp ösmegine, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär.

Obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde oba hojalyk pudagyna döwlet tarapyndan giň goldaw berilýär, toplumyň önümçilk düzümleri tehniki taýdan enjamlaşdyrylýar we döwrebaplaşdyrylýar. Ekerançylyk meýdanlaryny mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagaty ösdürilýär, şeýle hem suwaryş we suw üpjünçiligi bilen baglanyşykyly meseleler oňyn çözülýär. Obasenagat toplumy üçin döwrebap oba hojalyk tehnikalary satyn alynýar. Oba hojalyk toplumy salgytlardan we beýleki hökmany töleglerden boşadyldy. Kärendeçilere, daýhan hojalyklaryna, ýer eýelerine, mehanizatorlara oba hojalyk önümleriniň önümçiligi we tehnikalary satyn almak boýunça çykdajylary maliýeleşdirmek üçin ýeňillikli şertlerde karz serişdeleri berilýär.

Ýurdumyzda däneçilik, pagtaçylyk, gök ekerançylyk, maldarçylyk we guşçulyk ýaly ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýän oba hojalyk ugurlarynyň döredilmegine, şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürijiler, gaýtadan işleýänler we hyzmat düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamasyny”, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligi we Türkmenistanda öndürilýän eksport ugurly önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky Döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde täze, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bugdaý üweýän we maldarçylyk toplumlarynyň, ýyladyşhana hojalyklarynyň, çörek-bulka, unaş, et we süýt önümleriniň, ösümlik ýagynyň, peýnirleriň we şöhlatlaryň dürli görnüşleriniň önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygyna uly üns berilýär.

Şunuň ýaly giň möçberli we köpugurly çärelere oba ilatynyň bähbidini ileri tutýan Agrar partiýasy işjeň gatnaşýar. Ilat arasynda işjeň çäreleri durmuşa geçirýän partiýa agzalary jemgyýetçilik we syýasy işleri netijeli alyp barmak bilen, häzirki döwürde ýurdumyzyň sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ägirt uly goşant goşýarlar.

2014-nji ýylyň sentýabr aýynda döredilen Agrar partiýasy obada işleýän hünärmenleriň we beýleki işgärleriň arasyndan öňdebaryjylaryny, ekerançylyk meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda netijeli iş alyp barýanlary özünde jemlemek bilen, birleşen tagalla arkaly oba hojalyk kärhanalarynyň dolandyryş ulgamyna netijeli we täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar.

Maslahatda ses bermek çäresi geçirilenden soň, Agrar partiýanyň wekilleri degişli Karary kabul edip, ony Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara ugratdylar.

Degişli makalalar

Köpugurly Sport Toplumynda Kaşaň Olimpiýa Stadiony Guruldy

Din Işgärleri Däp-Dessurlaryň Özboluşlygyny Hem-de Ýörelgelerini Saklamagy Ara Alyp Maslahatlaşdylar

Türkmen Ýüpekçileri 2017-nji Ýylda 2 müň 30 Tonna Pile Taýýarlar