Ýewropa ülňülerine laýyklykda bilim babatda hyzmatlaryň ýokary hilini gazanandygy üçin Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine “Ýewropa hili” diýen halkara sylagy gowşuryldy.
Bu çözgüt Ýewropanyň işewürlik assambleýasynyň nominasiýalary boýunça komiteti tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň işi içgin öwrenilenden we seljerilenden soň kabul edildi. Munuň özi assambleýanyň iň abraýly sylaglarynyň biridir. Oňa hil babatda işi ýokary görkezijilere hem-de Ýewropa derejesine laýyk gelýän kompaniýalar, edaralar we kärhanalar mynasyp bolýarlar.
Ýewropanyň işewürlik assambleýasy Ýewropa we GDA ýurtlarynda sebitleri ykdysady hem-de durmuş taýdan ösdürmegiň taslamalaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça hökümete degişli bolmadyk halkara guramasy bolup durýar. Assambleýanyň esasy wezipesi ýurtlaryň arasynda ykdysady, bilim, medeni, ylmy gatnaşyklary ýola goýmakda goldaw bermekden ybaratdyr. Ol özüniň işinde günbatar we gündogar hyzmatdaşlaryň bähbitlerine laýyk gelýän we özara bähbitlilik şertlerinde maýa serişdelerini oýlanşykly ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän maýa goýum maksatnamalaryny giňden ulanýar.
Ýewopanyň işewürlik assambleýasy abraýly halkara sylaglarynyň birnäçesini esaslandyrdy. Olaryň arasynda “Ýewropa hili”, “Birleşen Ýewropa”, “Sokrat” Halkara baýragy, “Şa zenany Wiktoriýa” sylagy, “Iň gowy kärhana” diýen sylaglar bar. Bu sylaglaryň ählisi halkara bileleşigine giňden mälimdir we örän abraýlydyr.
Assambleýanyň sylagyna mynasyp bolýan edaralar we kärhanalar statistik maglumatlaryň, şeýle hem dürli konsalting, maglumatlar we reýting gulluklarynyň, abraýly halkara guramalarynyň maglumatlary esasynda seçilip alynýar. Şol gulluklaryň hatarynda Bazary öwrenmegiň Ýewropa merkezi, Senagatçylaryň we telekeçileriň halkara kongresi, Maltanyň halkara bilim merkezi, Wena uniwersiteti, Friburg uniwerstiteti bar.
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine “Ýewropa hili” sylagynyň gowşurylmagy ýokary okuw mekdebiniň tehniki üpjünçiliginiň derejesiniň, hereket edýän bilim ulgamynyň, mugallymlar düzüminiň hünär ussatlygynyň, geçirilýän ylmy barlaglaryň we işläp taýýarlamalaryň hilini, halkara maksatnamalaryny we dünýäniň gazananlaryny ornaşdyrmagyň hem-de durmuşa geçirmegiň derejesiniň Ýewropa ýurtlarynyň şeýle okuw mekdeplerinde okatmak işini guramagyň iň gowy nusgalaryndan birjik-de pes durmaýandygyna şaýatlyk edýär.
Şeýle üstünlik Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyyzň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen ýadawsyz aladalarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde gazanyldy. Munuň özi halkara ylym we işewürlik jemgyýetçiligi tarapyndan bu hyzmatlaryň nobatdaky ykrarnamasy bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamynda amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
referans: www.turkmenistan.gov.tm