Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Elýor Ganiýewi kabul etdi.
Wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň mähirli salamyny ýetirdi. Ol milletiň Liderine we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny iberdi. Özbegistanda doganlyk Türkmenistan bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýärler diýip, Elýor Ganiýew öz ýurdunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde boljak resmi saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygyny aýtdy. Şol saparyň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjaklygy gürrüňsizdir.
Pursatdan peýdalanyp, myhman milletiň Liderini we ähli türkmenistanlylary dabaraly bellenip geçilen Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlady. Bu baýramçylyk aýdyň wakalara beslenip, olaryň arasyndaTürkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça döredilen ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň I maslahaty hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze häzirki zaman atçylyk sport toplumlarynyň birbada dördüsiniň açylmagy ýaly wakalar bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Prezident Islam Karimowa abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň Özbegistan bilen däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolup galýandygyny nygtady. Goňşy ýurduň halky bilen türkmen halkyny asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy-medeni gatnaşyklar we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Soňky ýyllarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze mazmuna eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şol hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolup durýar.
Ulag-aragatnaşyk ulgamy türkmen-özbek gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Munuň özi iki goňşy ýurduň geografik taýdan ýerleşişi bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy şu gün gol çekilmegi meýilleşdirilen Türkmenistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Katar Döwletiniň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda Halkara ulag hem-de üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Ylalaşygyň möhümdigini bellediler. Bu ylalaşyk diňe bir Aziýa sebitinde däl-de, eýsem tutuş Ýewraziýa yklymynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.
Degişli ugurda Türkmenistanyň öňe süren we tutuş halkara bileleşiginiň makullan başlangyçlaryny Özbegistanyň goldaýandygyny aýdyp, jenap Elýor Ganiýew bu iri taslamanyň amala aşyrylmagynyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy, abadançylygy we rowaçlygy berkitmek işine hyzmat etjekdigini belledi. Taslama oňa gatnaşýan ýurtlara dünýä bazarlaryna çykmaga täze ýollary açar. Türkmenistany, Özbegistany we Eýrany Ýakyn Gündogaryň döwletleri we beýleki ýurtlar bilen baglanyşdyrjak ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekilmegi hakykatdan hem taryhy wakadyr, onuň uly geljegi bar diýip, Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy aýtdy.
Türkmen Lideri we myhman hoşlaşanlarynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Şol gatnaşyklar gadymdan gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerine daýanýar.
Duşuşyga Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şerzod Faýziýew gatnaşdy.
referans: www.turkmenistan.gov.tm