6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Litwa Respublikasynyň wekiliýetiniň sapary

Şu gün Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Kýastutis Kudzmanasyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen toparyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen-litwa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi we mümkinçilikleri hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Gepleşikleriň barşynda myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýulýan özara gatnaşyklary pugtalandyrmagy ugur edinýän durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasy boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, jenap Kýastutis Kudzmanas Litwa Respublikasynyň dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistan bilen ýola goýulýan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Diplomatyň belleýşi ýaly, işewürçilik meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli amatly şertleri, şol sanda göwnejaý maýa goýum ýagdaýy bolan geljegi uly hasaplanýan türkmen bazaryna Litwanyň işewür toparlary uly gyzyklanma bildirýärler diýip bellemek bilen, myhman olaryň iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin gatnamaga taýýardyklaryny mälim etdi. Söwda-ykdysady, energetika we ulag ulgamlary özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi.

Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kýastutis Kudzmanasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň saparynyň maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde duşuşyklar bellenildi. Ol ýerde döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň meselelerine serediler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanda Ýeri Uzak Aralykdan Barlamak Üçin Emeli Hemra Uçurmak Göz Öňünde Tutulýar

Bäsdeşlige Ukyply Önümleriň Öndürilişi Artýar

turkmenhabargullugy

EKSPO-2017-de Milli Sergi Bolümimiziň Düýp Özeni-Energetika Pudagynda Innowasion Taslamalar