14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berildi, ol öz gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ähli pudaklaryň ösüşine yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny belläp, maliýe-ykdysady düzümleriň alyp barýan işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça anyk çäreleriň işlenip taýýarlanylmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişine gözegçiligiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň barşy, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň berkidilmegine gönükdirilen birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny ilerletmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň nebitgaz senagatynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň düzümleýin bölümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi. Bellenilişi ýaly, nebitgaz ýataklaryny gözlemek, burawlamak we işläp taýýarlamak babatda ylmyň täze gazananlarynyň, täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, iri düzümleýin taslamalara, şol sanda Hazar deňziniň nebitgaz känleriniň özleşdirilmegine daşary ýurt maýadarlaryny çekmek, tebigy gazy daşary ýurt bazarlaryna köpugurly esasda ugratmak, önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän döwrebap gazhimiýa toplumlaryny gurmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz dünýäniň energetika ýurtlarynyň hataryna girýän Türkmenistanyň ägirt uly nebitgaz serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, sebit we ählumumy möçberde durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşiň möhüm şerti bolan energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň oňyn çözgüdine ýardam etjekdigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde sebitlerde ak ekinlere ideg etmek, şol sanda gögeriş gazanylan ýerlerde suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek çäreleri alnyp barylýar.
Oba hojalyk tehnikalaryny we ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär.

Wise-premýer maldarçylyk pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şol sanda mallaryň baş sanyny hem-de önüm berijiligini artdyrmak, ilatyň et we süýt önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler barada-da habar berdi.

Mallary dok hem-de ýyly gyşlatmak, mallar we çopanlar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Aýratyn-da, ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň we Azyk senagaty döwlet birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynda şu ýyl 171 müň 618 tonna dürli görnüşli ot-iýmler taýýarlanylyp, bu baradaky ýyllyk meýilnama doly ýerine ýetirildi. Bu babatdaky üpjünçiligi mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen maldarçylyk hojalyklarynyň meýdanlarynda ot-iýmlik ekinler ekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, ähli möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de geljek ýylyň bol hasylynyň möhüm şerti bolan agrotehniki kadalaryň degişli derejede alnyp barylmagyny berk talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz pagtany gaýtadan işlemek, tohumlyk serişdeleri taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzda içerki bazary ýokary hilli azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, oba hojalyk pudagynyň önümçilik möçberlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, ýerlerde döwrebap maldarçylyk toplumlaryny döretmek we gaýtadan işleýän kärhanalary öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, olaryň önümçilik kuwwatlyklaryny, şol sanda himiýa senagatynda bu babatda geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurulýan Garlyk kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumyna bolan iş saparynyň netijeleri barada habar aýdyldy.

Toplumyň gurluşygy “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Belarus Respublikasynyň “Belgorhimprom” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda alnyp barylýar. Saparyň barşynda desganyň gurluşyk meýdançalarynda işleriň meýilnamada bellenilen möhletden yza galmagynyň sebäpleri jikme-jik öwrenildi hem-de seljerildi. Hususan-da, potratçy kärhanalarynyň zerur gurluşyk serişdeleri bilen ýeterlik üpjün edilmeýändigi, desgalaryň anyk taslama maglumatlaryny almak boýunça kynçylyklaryň bardygy anyklanyldy hem-de bu barada baş potratça nägilelik bildirildi.

Gurluşyk işlerini çaltlandyrmak üçin ýerli kärhanalaryň goşmaça kuwwatlyklary işe çekildi, işgärleriň sany artdyryldy, şeýle hem içerki bazarda zerur gurluşyk serişdeleri satyn alyndy. Häzirki wagtda bu ýerde tehnikalaryň ýeterlik mukdary işledilýär.

Belarus tarapy ýerüsti desgalardaky ähli işleriň 2017-nji ýylyň
1-nji fewralyna, ýerasty işleriň bolsa 20-nji fewrala çenli doly tamamlanjakdygyny hem-de desganyň 31-nji martda ulanmaga beriljekdigini ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan üçin täze ägirt uly taslama bolan – kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhümdigini belledi. Bu desga ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasyna laýyklykda gurlup ulanmaga berilmelidir. Şeýle hem ol ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň doly durmuşa geçirilmegine, eksporta iberilýän senagat önümleriniň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Wise-premýere anyk bellikler aýdyldy we potratçy bilen has işjeň işleşmek barada görkezmeler berildi. Anyk borçnamalaryň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda degişli çäreleriň görülmelidigi bellenildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän iri möçberli işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda täze ýollary, köprüleri gurmak, ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny täzelemek, olary döwrebaplaşdyrmak, ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek we abadanlaşdyrmak işleriniň geçirilmegine uly üns berilýär. Häkimlikler, ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde, Aşgabatda arassaçylygy saklamak, ýurdumyzyň baş şäherini gülläp ösýän künjege öwürmek boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça çäreleriň işjeň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtap, baş şäherimiziň ösen häzirkizaman şäher düzüminden başlap, arassaçylyk ýagdaýynyň üpjün edilmegine çenli ähli babatda nusgalyk bolmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilata amatly hem-de abadan durmuş şertleriniň döredilmegi üçin mundan beýläk-de ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze desgalaryň gurluşygy boýunça alyp barýan işleri, döwlet önümçilik kärhanalaryny hususylaşdyrmak, olary enjamlaşdyrmak we bäsdeşlige ukyply önümçiligi ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerli serişdeleri gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýurdumyzyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan geçirilýän bäsleşikli söwdalarda hususylaşdyrylan dokma kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek boýunça teklipler hödürlendi. Munuň özi Türkmenabadyň dokalmaýan önümleri öndürýän fabrigi, Tejen şäheriniň pagta egirýän fabriginiň ikinji önümhanasy ýaly kärhanalardan ybaratdyr. Olary taslama kuwwatlygyna çykarmak üçin Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen pagta süýümi we pagta übtügi bilen üpjün etmek zerur bolup durýar.

Şeýle hem wise-premýer şeker önümçiligi boýunça täze kärhananyň gurluşygyny ýola goýmak babatda ýerine ýetirilen işler babatda hasabat berdi. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Hyzmatdaşlar” açyk paýdarlar jemgyýetine Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda ýylda 120 müň tonna önüm öndürýän zawodyň gurluşygy üçin 15 gektar ýer bölünip berildi. Häzir ähli taslama işleri ýerine ýetirilip, desganyň binýady goýulýar. Ol Ýewropanyň ýokary tehnologiýaly häzirkizaman enjamlary bilen üpjün ediler. Gurluşyk-gurnama işleri 2018-nji ýylda tamamlanar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat desgalarynyň gurluşygynda we önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda ykdysadyýetiň telekeçilik ulgamynyň kuwwatynyň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň hojalyk hem-de işewür başlangyçlaryny mundan beýläk-de höweslendirmegiň zerurdygyny belledi we ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynyň netijeli işi üçin zerur şertleri döretmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow daşary ýurt döwürleýin neşirlere abuna ýazylyşygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä jemgyýetçiliginiň maglumatlar eýýamyndaky ösüş derejesi bilen baglylykda, ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmek, şol sanda maglumat tehnologiýalaryň ýokary derejesini hem-de telekommunikasiýalaryň ösen ulgamynyň döredilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz daşary döwletleriň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmekde, bilim, lukmançylyk we beýleki ulgamlarda gazanan ylmy-tehniki üstünliklerini öwrenmegiň zerurdygyny belläp, 2017-nji ýylyň birinji ýarymy üçin daşary ýurtlarda çap edilýän döwürleýin neşirlere abuna ýazylyşygyny üpjün etmek baradaky Karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiziň garamagyna taryhy-medeni ýadygärliklerini aýawly gorap saklamak boýunça Gaznany döretmek hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda milli taryhy-medeni mirasymyz hakynda täze maglumatlary toplamak, olary saklamak, ylmy esasda öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň taryhy, medeni ýadygärliklerini goramagy, saklamagy hem-de abatlamagy esasy ugur edinýän ýörite gaznany döretmek bilen baglanyşykly meseleler öwrenildi. Bu gaznany ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri, goramak, öwrenmek we abatlamak baradaky milli müdirliginiň ýanynda döretmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak meseleleriniň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny hem-de onuň degişli düzümleriň örän jogapkärli we sazlaşykly işini talap edýändigini belläp, degişli Karara gol çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanda döwlet ýaşlar syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” we ony ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 14-nji awgustynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlaryň merkezini döretmek boýunça wezipe kesgitlendi. Ony durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda ýaş alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine, zehinli ýaşlary gözleg işlerine çekmäge, olaryň täze ylmy açyşlara bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmäge gönükdirilen bu merkeziň jemgyýetçilik başlangyjy esasynda döredilmegini göz öňünde tutýan Düzgünnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny doly derejede durmuşa geçirmegi, gözýetimlerini yzygiderli giňeltmegi, ýokary hilli bilim almagy, anyk netijeleri nazarlaýan ylym bilen işjeň meşgullanmagy, öňdebaryjy kämil tehnologiýalary özleşdirmegi üçin zerur şertleriň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýaş ylmy işgärleri taýýarlamak ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, täzeçil ösüş ýoluna düşen Watanymyzyň ylmy mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet maksatnamasynyň şu ugurda bar bolan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendigini belläp, Ýaş alymlaryň merkezini döretmek, onuň işini degişli derejede guramak babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýerler S.Toýlyýewe we Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda aýtmak bilen, ýokary okuw mekdebiniň täze fakulteti üçin binanyň gurluşygyna halkara bäsleşigini yglan etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny, onda olimpiýa derejesindäki ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanmaga ukyply türgenleri ýüze çykarmak we ylmy esasda taýýarlamak boýunça zerur işleriň alnyp barylmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda fakultet hakyndaky degişli Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlamak tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň işi barada hem-de Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyga saýlanmagy bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdi. Möhüm ugurlardaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

2007-nji ýylda döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 62-nji mejlisinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça täze halkara –hukuk guralyny döretmek hakyndaky teklibi öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Milletler Bileleşigi tarapyndan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek baradaky ýörite kararnamalar kabul edildi. Olarda şu ulgam boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň esasy ugurlary we oňa bolan çemeleşmeler beýan edildi.

Häzirki döwürde Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça giň halkara gatnaşyklary ýola goýuldy. Olaryň barşynda energiýa howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleler toplumyna garalýar. Iri halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürýän ýurdumyz köpsanly duşuşyklaryň we iri maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Olaryň gün tertibine energetika boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary girizildi. Şunda Energetika Hartiýasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny aýratyn bellemeli.

2014-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda bu ýöriteleşdirilen düzüm bilen bilelikde “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” atly Aşgabat forumy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde kabul edilen degişli kararnama laýyklykda, şu mowzuk boýunça bilermenleriň birinji halkara duşuşygy boldy. Energetika Hartiýasynyň goldaw bermeginde şeýle gatnaşyklary dowam etmek bilen bilermenleriň 2015-nji ýylda Brýusselde we Pekinde, şu ýyl bolsa Albaniýanyň paýtagty Tirana şäherinde ugurdaş duşuşyklary geçirildi.

Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak bilen, bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürmek arkaly energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Şu ýylyň 25-26-njy noýabrynda Tokioda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisiniň jemlerinde ýurdumyz 2017-nji ýylda şu guramanyň konferensiýasynyň Başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy.

Bu baradaky borçnamalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, 2017-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda guralmagy meýilleşdirilen çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Olary ýokary derejede geçirmek maksady bilen degişli guramaçylyk komitetini döretmek boýunça Kararyň taslamasy taýýarlanyldy, ol döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanmagynyň ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň ýokarlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydygyny belläp, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de tutuş dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde wajyp meseleleriň netijeli çözülmegine işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan we ony tutuş dünýäde abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalyşýan ýurdumyz adamzadyň bähbidine kybap gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işleri amala aşyrýar. Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary we düzümleri bilen deňhukukly hem-de uzakmöhletleýin esasda ýola goýýan gatnaşyklary hut şu maksatlara gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýdyp, degişli resminama gol çekdi we ýurdumyzyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk etmeginiň ýokary derejesini üpjün etmek babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda 2017-2019-njy ýyllarda başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa meselelerine aýratyn ähmiýet berilýän möhüm sebit hem-de ählumumy meseleleriň netijeli çözgüdi boýunça başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, beýleki iri maslahatlarda, şol sanda 2012-nji ýylda Braziliýanyň Rio-de- Žaneýro şäherinde geçirilen ýokary derejedäki “Rio+20” Bütindünýä duşuşygynda, Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylygyň howpuny peseltmek baradaky III Bütindünýä maslahatynda we 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde guralan VII Bütindünýä suw forumynda döwlet Baştutanymyz örän wajyp ähmiýetli teklipleri öňe sürdi. Bu ýerde Aral deňzini halas etmek bilen baglanyşykly meseleler hakyndaky başlangyçlary aýratyn bellemeli.

Ýurdumyzda hem-de tutuş sebitde ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, bu ugurda netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli we tebigaty goramak ähmiýetli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan Aral bilen baglanyşykly hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň howandarlygynda guralýan halkara maksatnamalaryna we çärelerine işjeň gatnaşýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegi babatda guramaçylyk hem-de beýleki meseleler bilen baglanyşykly çözgütler boýunça Kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri, şol sanda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmak, täzeçil ekologiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ýurdumyzda aýratyn üns berilýän ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça meseleleriň örän wajypdygyny belledi. Ykdysady we durmuş ulgamynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasy adamlaryň durmuş derejesiniň abadançylygynyň möhüm şertini emele getirýän ekologiýa meseleleri bilen berk baglanyşyklydyr.

Bu ulgamda giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýän Bitarap Türkmenistan anyk başlangyçlary öňe sürýär, iri taslamalary durmuşa geçirýär we sebit, ählumumy gün tertibine girizilen möhüm meseleleriň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça anyk çäreleri görýär. Şunda, Aral deňzini halas etmek, onuň çäklerinde durmuş-ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň möhüm meseleleriniň üstünde durup geçip, degişli Karara gol çekdi hem-de wise-premýerler R.Meredowa we R.Bazarowa bu ugurda zerur çäreleri geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, ýurdumyzyň ähli halkyna bolsa bagt we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýanyň Saýlanan Prezidentini Gutlady

Hormatly Prezidentimiz Türkmen Bedewiniň Baýramyna Bagyşlanan Dabaralara Gatnaşdy

syrach

Daşary Ýurt Raýatlarynyň Iş Rugsatnamasy