Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlaryň merkezi dörediler.
Jemgyýetçilik başlangyjy esasynda döredilýän merkeziň maksady ýurdumyzda ýaş alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine, zehinli ýaşlary ylmy-tehniki we gözleg işlerine çekmäge, olaryň täze açyşlara bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmäge gönükdirilendir.
Ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny doly derejede durmuşa geçirmegi, gözýetimlerini yzygiderli giňeltmegi, ýokary hilli bilim almagy, anyk netijeleri nazarlaýan ylym bilen işjeň meşgullanmagy, öňdebaryjy kämil tehnologiýalary özleşdirmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.