Rumyniýada resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belgiýanyň meşhur “ENEX process engineering SA” kompaniýasynyň baş direktory Kun Minneni kabul etdi. Duşuşyk türkmen Lideriniň Buharestdäki “Willa Lak 2” kabulhanasynda boldy.
Wagt tapyp kabul edendigi üçin, hoşallyk bildirip, işewür döwlet Baştutanyny ýokary derejedäki türkmen-rumyn gepleşikleriniň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Bu Rumyniýanyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Bular barada aýtmak bilen, jenap Kun Minne Ýewropanyň, hususan-da, Belgiýanyň işewür toparlarynyň hem-de öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen tarapy bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandygyny belledi.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrýan Türkmenistanyň ÝB-niň döwletleri hem-de öňdebaryjy ýewropa kompaniýalary bilen gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy. Şol kompaniýalaryň köpüsi bilen, şol sanda “ENEX” bilen netijeli gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplandy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we “ENEX process engineering SA” kompaniýasynyň baş direktory bilelikdäki taslamalary ilerletmek hem-de geljegi uly bolan ugurlaryň birnäçesi boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol ugurlaryň hatarynda ýangyç-energetika ulgamy, gaýtadan işleýän we himiýa senagaty, telekommunikasiýalar ulgamy ýaly ugurlar bar. Ekologiýa taýdan arassa energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini iş ýüzünde ulanmak babatda özara gatnaşyklar hem möhüm bolup durýar. Bu biziň ýurdumyzyň tebigy howa şertleri bilen şertlendirilendir.
Duşuşygyň ahyrynda jenap Kun Minne Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk we özüne bildirilýän ynam üçin buýsanýan “ENEX” kompaniýasynyň geljekde hem öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge düýpli we jogapkärçilikli çemeleşjekdigini aýtdy.
referans: www.turkmenistan.gov.tm