Özbegistanyñ paýtagty Daşkent dünýäniñ tanymal nebit we tebigy gaz firmalaryny myhman alýar.
Halkara ýarmarka guramaçylygy bolan İTE tarapyndan geçirilýän nebit-gaz ýarmarkasyna dürli ýurtlardan birnäçe firma gatnaşýar.
Şu ýyl 15-njisi geçirilýän nebit-gaz ýarmarkasyna Russiýa, Hytaý, Eýran, Günorta Koreýa, Fransiýa, Malazýa, Azerbaýjan we Britanýa bilen birlikde 30-a golaý ýurtdan 200 firma gatnaşýar.
19-njy maýa çenli dowam etjek ýarmarkada Russiýanyñ Lukoil, Gazprom, Malazýanyñ Petronas, Hytaýyñ JNPJ firmalary hemmeleriñ ünsüni özüne çekýär.
referans: www.trtturkmen.com