15.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT YLYM

Hormatly Wagyz Nesihat Çäresine Gatnaşyjylar!

Hormatly Wagyz Nesihat Çäresine Gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze fakultetini döretmek we onuň täze binasyny gurmak bilen baglanyşykly geçirilýän wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylara.

Hormatly wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar!

Sizi rysgal-bereket, ýagşy umyt-arzuwlar bilen gelýän Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze fakultetini döretmek we onuň täze binasyny gurmak bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäresiniň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyz ösüşimiziň häzirki döwründe eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna tutumly işler durmuşa geçirilip, ykdysadyýetimiziň durnukly ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize laýyklykda, dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak, telekeçiligi ösdürmek, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek, ajaýyp obadyr şäherçeleri, döwrebap senagat toplumlaryny döretmek bilen, döwletimiziň dünýädäki ornuny yzygiderli berkidýäris. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmek maksady bilen, bu ugra uly möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Kabul edilen milli maksatnamalarymyzyň çäklerinde, tutuş ýurdumyzda halkara derejesindäki iri sport toplumlary bina edildi. Kämil bedenterbiýe we sport ulgamy döredildi.

Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda häzirki döwrüň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ösdürmäge ýardam edýän döwrebap sport düzümleri döredildi. Öňde goýan maksatlarymyzdan ugur alyp, 2017-nji ýyly «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýip atlandyrmak baradaky teklibi öňe sürdük.

Biz Halkara olimpiýa komiteti, sport federasiýalary, esasan-da, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýäris. Bedenterbiýe we sport ulgamynda dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýäris. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Aziýanyň kyrk bäş ýurdy bilen bir hatarda, Awstraliýanyň hem-de Okeaniýanyň on ýedi ýurdunyň gatnaşmaga isleg bildirmegi hem biziň sporty ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatymyzyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär.

Nesip bolsa, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze dörediljek fakultetiniň täze binasynyň gurluşygyna badalga berler. Geljek ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde bahasy bäş milliard amerikan dollaryna golaý Olimpiýa şäherjiginiň açylmagy 2017-nji ýylyň dünýäde uly seslenme döretjek taryhy wakalarynyň birine öwrüler.

Hormatly milli sport toparlarymyzyň wekilleri!

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary derejeli sporty ösdürmek, olimpiýa oýunlarynda we beýleki abraýly halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan türgenlerimizi we tälimçilerimizi höweslendirmek döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biridir.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda türkmen sportunyň taryhynda täze sahypalar ýazyldy. V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli deňi-taýy bolmadyk 500 günlük atly ýörişe badalga berildi. Amala aşyrylýan işler, adam hakyndaky alada halkymyzyň, esasan hem ýaş nesillerimiziň aňynda, kalbynda milli guwanç-buýsanç duýgularyny döredýär.

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalarynda sportuň sambo, türkmen milli göreşi we guşakly göreş, basketbol, tennis, ýeňil atletika, jiu-jitsu görnüşleri boýunça halkara synag ýaryşlary geçirildi. Ykballaryny sporta baglan ýaşlarymyz sebit we halkara derejesindäki ýaryşlarda eziz Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorap, watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Bu bolsa Garaşsyz Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeler gazanylýan sporty ösdürmäge döwlet derejesinde ägirt uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşy bolup durýar. Geljek ýylda milli ýygyndy toparlarynyň wekilleriniň, sport ussatlarymyzyň we türgenlerimiziň sportuň 21 görnüşi boýunça örän ýokary derejede geçjek V Aziýa oýunlarynda, şeýle hem beýleki abraýly halkara sport ýaryşlarynda ynamly ýeňişleri gazanyp, «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.» atly şygary öňe sürýän eziz Watanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende göterjekdiklerine ynanýarys.

Hormatly wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar!

Sizi Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze fakultetini döretmek we onuň täze binasyny gurmak bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäresiniň geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Goý, täze ýylda sport merkezi hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýy, şan-şöhraty has-da belende galsyn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Degişli makalalar

Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanan Sport Çäreleri Geçdi

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Halkyna

syrach

Sport Syny

syrach