6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýoluňyz ak bolsun, 2011-nji ýylyň uçurymlary!

ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde soňky jaň dabaralary boldy. Aýratynam bu gün Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň baýram edilýän ýylynda mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň 110 müňden dan gowragy üçin has-da tolgundyryjy hem ýatda galyjy boldy. Türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň üçünji onýyllygynyň başynda durmuşa özbaşdak gadam urmak, ägirt uly özgertmeler eýýamynyň okgunly ösüşine goşant goşmak şolaryň paýyna düşýär. Ine, bu taryhy waka şu gezekki dabaralara aýratyn ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçurymlara we ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli işgärlerine Gutlagynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmekde we galkyndyrmakda berk sütüne öwrüljek döwrümiziň ýaşlarynyň öňünde durýan wezipeler, uly jogapkärçilikler barada bellenilýär. “Garaşsyz Watanymyzyň beýik geljegi, berkararlygy, kuwwatly ýaşlaryň biliminde, durmuşda gazanýan üstünliklerinde, şahsyýet hökmünde kämilliginde jemlenendir. Siziň öňüňizde ädimme-ädim külterlenmeli ýollar, uly menziller, öwrenilmeli bilimler we çuňlaşdyrylmaly ylymlar ýatyr. Beýik maksat üçin –mähriban Watanymyzy dünýä ýüzünde şöhratlandyrmak, il-günümiziň bagtýyar durmuşy ugrunda okamak, öwrenmek, zähmet çekmek her biriňiz üçin uly mertebedir” diýip, döwlet Baştutanymyz uçurymlara ak ýol arzuw edýär.

Ir säher bilen paýtagtymyzyň mekdepleriniň uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri ajaýyp gül çemenleri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna goýdular. Soňra mekdeplerde 2011-nji ýylyň uçurymlaryna bagyşlanan dabaraly ýygnaklar geçirildi. Ýetginjekleriň, ene-atalaryň, mugallymlaryň hem-de terbiýeçileriň adyna köp sanly mähirli sözler we ýagşy arzuwlar aýdyldy. Ýurdumyzda ýaş nesliň bilim almagy hem-de terbiýelenmegi boýunça ägirt uly işleriň durmuşa geçirilmeginde, ýaşlaryň pähim-paýhas hem-de döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi üçin has-da giň mümkinçilikleri döretmekde belent başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyklar has-da mährem we tolgundyryjy ýaňlandy.

Soňky jaň—ajaýyp mekdep döwrüniň tamamlanmagynyň özboluşly nyşanydyr, okuwçylaryň her biriniň ýadynda hemişelik galýan tolgundyryjy hem-de unudylmajak baýramçylykdyr. Täze okuw ýylynda ilkinji gezek mekdebe gelmäge taýýarlyk görýän körpelere simwoliki “Altyn açary” gowşuryp, uçurymlar olara hemme ýollaryň we açyşlaryň başlanýan bilimler dünýäsine, özboluşly tapgyra ýol açýarlar. Şu ýyl mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň geljege dürli gyzyklanmalary hem-de meýilnamalary bar. Şeýle-de olary täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Garaşsyz Watanymyza gerekli adamlar bolup ýetişmek, türkmen döwletiniň yzygiderli ösüşine öz goşantlaryny goşmak ymtylyşy birleşdirýär.

Agşam bolsa soňky jaň baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisini ajaýyp seýilgähler toplumy bolan Ylham seýilgähinde geçirilen döredijilik duşuşygy özüne birleşdirdi. Açyk asmanyň astyndaky özboluşly pähim-parasatlylygyň taryhy muzeýinde türkmen halkynyň şöhratyna we buýsanjyna öwrülen görnükli şahsyýetleriň keşpleri heýkellerde janlandyrylypdyr. Paýtagtyň mekdepleriniň uçurymlarynyň barha gözelleşýän Aşgabadyň köçeleri boýunça dabaraly ýörişiniň hut şu ýerden başlanmagy hem çuňňur many-mazmuna eýe.

Uçurymlaryň, mugallymlaryň, ähli bilim işgärleriniň şanyna toýlanýan dabaralaryň merkezine öwrülen Türkmenistanyň döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, ýurdumyzyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň guramagynda uly baýramçylyk dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy dabaranyň başlanýandygyny habar berdi. Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň orta mekdepleriň uçurymlaryna, mugallymlara we Türkmenistanyň ähli bilim işgärlerine Gutlagyny uly üns berip diňlediler hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen mähirli garşy aldylar.

Täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistan ýaş nesliň pähim-paýhas mümkinçiliklerini dolulygyna durmuşa geçirmekligi, bilimleriniň yzygiderli artdyrylmagy üçin hemme şertleri özünde jemleýän kämil bilim ulgamyny döretmeklik ugrunda maksada okgunly işleri durmuşa geçirýär. Watanymyzyň gülläp ösmegi hem-de türkmenistanlylaryň durmuşynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy ýokary bilimli we zehinli ýaşlara baglydyr. Özüňize bildirilen ýokary ynamy ödemek siziň mukaddes borjuňyz diýlip, bu ýerde ýaňlanan çykyşlarda bellenildi.

Ýurdumyzyň has tapawutlanan uçurymlaryna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, netijeli işlemek hem-de okamak üçin ähli şertleri döretmek babatynda edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin milletiň Liderine çuňňur hoşallyk bildirilýär.

Dabaranyň sebäpkärleri üçin görkezilen baýramçylyk çykyşynda Türkmenistanyň meşhur döredijilik toparlary hem-de sungat ussatlary çykyş etdiler. Ata Watanymyzy, täze Galkynyş zamanasyny hem-de ýurdumyzyň häzirki taryhy eýýamynda gazanylan belent ýeňişleriň ruhlandyryjysy hem-de beýik işleri amala aşyrýan milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan aýdymlar agşamky Aşgabatda has-da joşgunly we ruhubelent ýaňlandy.

Şeýle hem baýramçylyk meýilnamasy ýurdumyzyň görnükli tans, teatr toparlarynyň, meşhur ýaş estrada ýerine ýetirijileriniň çykyşlaryny özünde jemledi. Şu ýatda galyjy günde türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep internatynyň hory tarapyndan ýerine ýetirilen “Hoş gal, mekdep” aýdymy hem-de soňky jaň kalplara ornaşyp, bu ýere ýygnananlary tolgundyrdy.

“Galkynan döwrüň bilen” aýdymy konserte gatnaşyjylaryň hemmesini açyk asmanyň astyndaky sahnada birleşdirip, baýramçylygyň özboluşly jemlemesine öwrüldi.

Mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň şanyna giň gerimdäki dabaralar, baýramçylyk aýdym-saz çykyşlary, dürli medeni köpçülikleýin çäreler welaýat merkezlerinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde guraldy.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 


Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň Daşary Işler Ministrlikleriniň Arasyndaky Syýasy Geňeşmeler

syrach

Dostlugyň we ruhubelentligiň baýramçylygynyň festiwaly

syrach

Türkmenistanyň Parlament Wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna Iş Sapary