9.9 C
Aşkabat
25.11.2024
YLYM

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly syýasy jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalyň şu ýyldaky birinji sany ýakynda çapdan çykdy. Ol “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guralan Halkara gaz kongresine we pudaklaýyn sergä gabatlanyp neşir edildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň gaz senagatyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini we geljegini görkezmäge, şeýle hem bu pudakda innowasiýalara ünsi çekmäge gönükdirilen forum dünýäniň köp ýurtlarynyň esasy nebitgaz kompaniýalarynyň ugurdaş edaralarynyň alymlary, bilermenlerini hem-de wekilleri gatnaşdylar. Žurnal bolsa, öz nobatynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýeten sepgitlerine we ileri tutulýan ugurlaryna göz ýetirmekde maslahata gatnaşyjylar üçin anyk gollanma bolup hyzmat eder.

Bu goýberilişiň esasy mowzuklarynyň biri Türkmenistanyň halkara nebitgaz senagatyny ösdürmekdäki ornuna bagyşlanypdyr. Şunuň bilen baglylykda Singapurda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy—2011» atly Halkara ylmy maslahaty örän ähmiýetlidir. Şonuň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ýangyç-energetika pudagynyň häzirki ýagdaýy, geljekki ösüşi, nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdylar. Maslahatyň işiniň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ýetmişe golaýy geçirildi, olar gözleg-barlag işlerinden, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekden, täze önümçilik desgalaryny gurmakdan başlap, energiýa serişdelerini ygtybarly we howpsuz üstaşyr geçirmegiň meselelerine çenli ugurlar boýunça pikir hem tejribe alyşmaga mümkinçilik döretdi.

Makala Türkmenistanyň gazhimiýa pudagynyň ösüşi bilen okyjylary tanyşdyrýar, bilermenleriň çaklamalaryna görä, ol ??I asyrda dünýä ykdysadyýetinde energetikada geçen ýüz ýyllykda nebithimiýa pudagynyň eýelän ornuna barabar orny eýelär. Şol makalada «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň, tutuşlygyna alnanda bolsa pudagyň bar bolan önümçilik kuwwatlyklary we ony ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada jikme-jik gürrüň berilýär. Hususan-da, gürrüň Maryda ammiak we karbamid öndürmek boýunça zawodlar toplumynyň düýbüniň tutulmagy barada barýar, onuň düýbüniň tutulmagynyň dabarasy şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Zawodlaryň takyk häsiýetnamalaryndan başga-da, makalada başlangyç çig maldan başlap, ahyrky önüme çenli tutuş tehnologik ýagdaý beýan edilýär.

Türkmenistan — Owganystan – Pakistan — Hindistan gazgeçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna bagyşlanan makalada türkmen döwletiniň lideriniň başlangyjy boýunça gurulýan täze energiýa köprüsiniň iňňän möhüm syýasy we ykdysady ähmiýetine deglip geçilýär. Hususan-da, makalada TOPH taslamasy türkmen tebigy gazyny depginli ösýän Aziýanyň gaz bazaryna çykarmaga mümkinçilik berýär diýlip bellenilýär we onuň sebitde parahatçylyga we abadançylyga hyzmat etjekdigi nygtalýar.

Hazar deňziniň we sebitiň ekologiýasyny goramagyň meselelerine, şeýle hem «Hazarüsti turbageçirijileriniň ekologiki meseleleri» atly halkara maslahatynyň jemlerine bagyşlanan «Energiýa akymlarynyň ygtybarlylygy we howpsuzlygy ugrunda» atly syn makalasy hem žurnalyň şu sanynda ýerleşdirilipdir. Şonda pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň esasy işgärleri bu ugurda öz pikirlerini beýan edipdirler.

Günorta Ýolöten—Osman gaz ýatagyny özleşdirmek üçin täze maýa goýumlara bagyşlanan makala dünýäde iň iri ýataklaryň biri bolan bu gaz ýatagyny senagat taýdan mundan beýläk hem özleşdirmegiň meselelerine bagyşlanandyr, şol ýerde häzirki wagtda baglaşylan şertnamalara laýyklykda, ýatagy toplumlaýyn gurnamaga, çykarylýan çig maly gaýtadan işlemek boýunça häzirki zaman senagat kärhanalaryny döretmäge gönükdirilen işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygy barada gürrüň berilýär. 2012-nji ýylyň ahyryna çenli bu ýerde ilkinji ulanyş guýylary burawlanar we önümi kükürtden arassalamak boýunça iri zawodlar gurlar.

Makalalaryň käbirleri milli nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, halkara hyzmatdaşlygynyň, energetika diplomatiýasynyň meselelerine, şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda gazanylan üstünliklere bagyşlanypdyr. Şol üstünlikler bolsa täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly ykdysady syýasatynyň netijesidir. Olaryň diňe türkmen döwletiniň ykdysady ösüşinde halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde derwaýys sebitleýin we ählumumy ähmiýeti bardyr. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ýokary Okuw Mekdepleriniň Talyplary Halkara Aň-Paýhas Bäsleşiklerinde Üstünlik Gazanýarlar

turkmenhabargullugy

Aziada-2017-ä Bagyşlanan Çagalar Suratlarynyň Bäsleşiginiň Jemi Jemlendi

Aşgabatda Halkara Ylmy Maslahat Işini Tamamlady

syrach