Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana Stambul şäheriniň gijeki klubynda bolup geçen we köpsanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Hökümetine we doganlyk halkyna ruhy durnuklylyk, şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.