Türkmenistanda Çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça üçünji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlaýar. Bu çäre Türkmenistanyň Mejlisi, Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalary, ýulrdumyzyň Bilim ministrligi hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF-iň) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan bilelikde guraldy.
Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda Aşgabatda şunuň ýaly wekilçilikli çäräniň geçirilmegi Garaşsyz türkmen döwletiniň halkara derejesindäki at-abraýynyň barha artýandygyny aýdyň görkezýän subutnama bolup durýar, bu çärä ýagşylygyň we döredijiligiň ýörelgelerine ygrarly bolmak arkaly birleşen dünýäniň dürli ýurtlarynyň parlamentarileri, hökümetleriň, halkara we jemgyýetçilik guramalyrynyň wekilleri, hukuk boýunça ekspertler we hünärmenler gatnaşarlar.
Ähli döwürlerde-de gadymy türkmen topragynda halkymyzyň däp-dessurlary, adatlary, medeniýeti zenana—enä hormat goýulmagyna, çagalaryň gowy görülmegine esaslanýar. Jemgyýetimiziň däbe öwrülen bu möhüm ähmiýetli ýörelgeleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan döwrebap we giň möçberli özgertmelere esaslanýan syýasatynda öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesli terbiýelemegiň täze Galkynyş eýýamynda biziň öňümizde durýan esasy meseleleriň biridigini belleýär. Hormatly Prezidentimiz özüniň esasy wezipesiniň çagalar üçin bagtly ýaşaýşy üpjün etmekden, olary hakyky watançy, halallygy ileri tutýan adamlar edip ýetişdirmekden ybaratdygyny hem-de çagalar bagtly bolup, gülküleri şadyýan ýaňlanmagynyň olaryň abadan ýurtda ýaşaýandygyny aňladýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sözleri häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistanyň syýasy ugrunyň mazmunyny dolulygyna görkezýär, ýurdumyzda bolsa çagalar üçin örän oňaýly şertler döredilendir.
Ýaş nesil, enelik we maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamak baradaky alada döwlet syýasatynyň hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň many-mazmunynyň özenini düzýär. Ýurdumyzyň durmuşynyň her bir gününde döwletiň we milletiň Lideriniň enelige we çagalyga, ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn, ruhubelent we intelektual taýdan ösen nesliniň terbiýelenip ýetişdirilmegine degişli meselelere aýratyn üns berip, bu barada ýadawsyz alada edýändigini görkezýän wakalara baýdyr. Ýakynda hökümetiň mejlisiniň barşynda döwlet Baştutany tarapyndan gol çekilen Karar muňa aýdyň mysal bolup biler. Bu Karar esasynda “Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011—2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli maksatnamasy” tassyklanyldy. Bu möhüm ähmiýetli resminama arkaly täze Galkynyş eýýamynda çaganyň saglygynyň goralmagyna, çagalaryň hemme taraplaýyn we sazlaşykly ösdürilmegine, ýaş nesliň milli we umumy adamzat ruhy gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen köp sanly kanunçylyk namalaryndan, dürli maksatnamalaýyn resminamalardan we düzgünnamalardan ybarat bolan resminamalaryň uly binýadynyň üsti ýetirildi. Bularyň ählisi halkara hukuk kadalaryna, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çaganyň hukuklaryny kesgitleýän düzgünnamalaryna laýyklykda döredildi. Irki ýaşdaky çagalara goldaw berilmegine gönükdirilen täze milli maksatnamanyň ýurdumyzda fiziki taýdan sagdyn, ruhy we intellektual taýdan ösen ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, maşgala institutyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde mundan beýläk-de ösüş gazanylmagyna ýardam berjekdigine hem-de demografik görkezijilere öz täsirini ýetirjekdigine söz ýok.
Türkmenistan BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň hatarynda, BMG-niň çagalaryň hukuklary baradaky Konwensiýasyny tassyklady hem-de çaganyň hukuklaryny we çagalary goramak boýunça boýun alan borçlaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmek arkaly öz ýaş raýatlaryny has oňaýly ýaşaýyş şertleri bilen üpjün etmek bilen bagly meselelere örän jogapkärli çemeleşýändigini dünýä bileleşigine aýdyň görkezýär. Ýurdumyz zenanlaryň we çagalaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna degişli meseleler baradaky köp sanly halkara hukuk resminamalaryny tassyklap, halkara kadalaryny ýerine ýetirmek boýunça has ýokary borçlary kabul etdi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara borçlaryny döwlet derejesinde we iş ýüzünde amala aşyrýandygyna şaýatlyk edýär. Şol borçlar halkara hukuk kadalarynyň milli kanunçylyga implementasiýasy arkaly amala aşyrylýar. Ýeri gelende aýtsak, milli kanunçylykda zenanlaryň we çagalaryň ýaşaýşyna degişli şertler boýunça dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen kadalara laýyk gelmeýän düzgün asla ýokdur hem-de milli kanunçylykda möhüm ähmiýetli usullar göz öňünde tutulýar, bular zenanlara we çagalara ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ýaşaýyş-medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda öz hukuklaryndan has dolulygyna peýdalanmak üçin ähli şertleri döredýär.
Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça maslahaty iki ýylda bir gezek geçirilýär. Bu maslahatyň maksady Merkezi Aziýa sebitindäki ýurtlarda çagalygyň goralmagyna we maglumat alşylmagyna degişli meselelere düşünilmegini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Onuň işi BMG-niň çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýasy, Müňýyllygyň ösüşe degişli maksatlary we “Çagalaryň ýaşaýşy üçin ýaramly dünýä” atly maksatlaýyn resminamanyň konsepsiýasy bilen baglylykda çagalaryň bilimleriniň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna we olaryň hukuklaryny amala aşyrmak ugrundaky hereketleriň höweslendirilenmegine gönükdirilendir.
Şu gün Çagalarň hukuklaryny goramak boýunça üçünji Merkezi Aziýa maslahatynyň dabaraly açylyşy we onuň işiniň ilkinji güni çagalaryň dynç almagy we hemme taraplaýyn ösüşi boýunça ykrar edilen merkez hasaplanýan ajaýyp Gökderede ýerleşýän we çagalar üçin niýetlenen “Nebitçi” atly sagaldyş merkezinde bolup geçer. Onuň mejlisleriniň barşynda çagalaryň hukuk we durmuş taýdan goralmagyna degişli meseleleriň uly toplumyna garalar. Maslahata gatnaşyjylar türkmen döwletiniň eneligi we çagalygy goramak boýunça ýöredýän syýasaty, täze Galkynyş eýýamynda çaganyň hukuklaryny goramak boýunça kanunçylyk ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, çagalaryň hemme taraplaýyn ösüşine, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň göwnejaý we sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilip, bilim we lukmançylyk ulgamlarynda uly möçberli özgertmeleri amala aşyrmak boýunça görülýän çäreler bilen tanyşdyrylar.
Şeýle hem mashalata gatnaşyjylara türkmen paýtagtyndaky bilim we saglygy goraýyş edaralaryna baryp görmek, Gökderede çagalar üçin niýetlenen täze sagaldyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmak we medeni çäreler hökmünde Aşgabadyň gözel künjeklderi bilen tanyşmak üçin oňaýly mümkinçilik dörediler.
referans: www.turkmenistan.gov.tm