6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Çagalarymyzyň bagtyýarlygy täze Galkynyş

Bütin dünýäde bolşy ýaly, şu gün Garaşsyz Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu sene resmi taýdan ýurdumyzyň milli baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi.

Mälim bolşy ýaly, Çagalary goramagyň gününi geçirmek baradaky çözgüt 1949-njy ýylyň noýabrynda Zenanlaryň halkara demokratik federasiýasynyň ýörite mejlisinde Kabul edilipdi. Ilkinji gezek ol 1950-nji ýylda dünýäniň elli bir sany ýurdunda bellenilip geçildi. Şonda BMG bu ajaýyp başlangyjy goldap, çagalaryň hukuklaryny, ýaşaýyş-durmuşyny we saglygyny goramagy öz işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan etdi.

1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýa çaganyň hukuklarynyň halkara hukugynyň derejesinde garalan ilkinji we esasy halkara-hukuk resminamasy boldy. Garaşsyz Türkmenistan BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, bu Konwensiýany 1994-nji ýylda tassyklap, çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek we bähbitlerini goramak boýunça borçnamalary öz üstüne aldy.

Biziň ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirip, çagalaryň hukuklaryny goramak, öz körpe raýatlarynyň sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertleri döretmek meselelerini çözmäge örän jogapkärli çemeleşýär. Çagalaryň bagtyýarlygy we abadançylygy Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Çaganyň hukuklaryny berjaý etmek milli kanunçylygyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar hem-de täze kanunlaryň we bitewi kanunlaryň ençemesinde öz beýanyny tapýar. Hut şu gün türkmen paýtagtynda Çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça III Merkezi Aziýa maslahatynyň öz işini tamamlamagy hem bellärliklidir. Bu cäre çagalary hukuk taýdan goramak babatdaky derwaýys meseleleriň çözülmegine saldamly goşant boldy.

Täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistan “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapan ynsanperwer gymmatlyklary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda yglan edip, ösüp gelýän nesil baradaky alada uly ähmiýet berýär hem-de bu işiň yzygiderli geçirilmegini gazanýar. Çagalar babatdaky döwlet syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryna we halkara borçnamalaryna laýyklykda ýaş türkmenistanlylaryň beden, aň-bilim, ruhy, ahlak we durmuş taýdan ösmegini üpjün edýär.

Şunuň bilen birlikde çagalygy goramak umumydurmuş syýasatynyň bir bölegi bolup durýar. Ähli türkmenistanlylar, şol sanda ýaşlar üçin has amatly şertleri döretmek we olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu ynsanperwerlikli syýasatyň çäklerinde maşgalalar maddy, hukuk taýdan hemmetaraplaýyn goldanylýar. Çaga doglanda tölenýän kömek pullary, eneler üçin döwlet tarapyndan göz öňünde tutulan ýeňillikler, degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň beden we ahlak taýdan sagdyn bolmagy, olaryň abadan durmuşda ýaşamagy we ösmegi barada döwlet aladasynyň aýdyň netijeleridir.

2008-nji ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýelän enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakylýar. Bu sylag eneleriň biziň jemgyýetimizi we ýurdumyzy ösdürmäge goşýan ägirt uly goşandynyň ykrarnamasy bolup durýar.

Çagalar hakdaky alada türkmen döwletiniň türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga, olaryň bilim almagyna, durmuş taýdan goraglylygyna, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalarynda hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Halkara guramalary, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy /ÝUNISEF/ olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar.

Garaşsyz Türkmenistanda çagalary terbiýelemegiň köp asyrlaryň dowamynda emele gelen ruhy-ahlak däplerine esaslanýan häzirki zaman milli bilim ulgamy döredildi. Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, etraplarda we obalarda täze mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynyň we dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdepleriň, şeýle hem çagalar we ýetginjekler üçin çeperçilik merkezleriniň, sport toplumlarynyň hem-de medeni merkezleriň onlarçasy guruldy we olaryň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär. Mysal üçin, şu ýyl çagalaryň dynç alyş merkezleriniň hataryna paýtagtymyzdaky täze “Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkezi hem goşular.

Mitlletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän nesliň beden we ahlak taýdan sagdyn bolmagy, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek meselelerine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda bedenterbiýe we olimpiýa hereketi barha giň gerime eýe bolýar, welaýatlaryň ählisinde häzirki zaman stadionlar yzygiderli ulanmaga berilýär.

Türkmenistan sanjym we öňüni alyş çärelerini üstünlikli geçirýän döwletleriň hataryna girip, ilaty sanjym bilen üpjün etmegiň derejesi boýunça sebitde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzda 2003-2020-nji ýyllar üçin sanjym-öňüni alyş çäreleriniň milli maksatnamasy kabul edildi. Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we GDA-da çagalaryň bekäp gelýän bedeni üçin zerur bolan azyk duzunyň ählumumy ýodlaşdyrylmagyny gazanan ilkinji ýut bolandygy bellärliklidir.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli sebitlerinde açylan häzirki zaman “Ene mähri” lukmançylyk merkezleri häzir ilata diňe bir ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek bilen çäklenmän, eýsem, olar eneleriň we çagalaryň saglygyny berkitmäge, maşgalany meýilleşdirmäge gönükdirilen ylmy barlaglary alyp barýan iri merkezler bolup durýar. Ene süýdi bilen iýmitlendirmek we gany azlyga garşy göreşmek baradaky milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem iri halkara guramalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Hususan-da, ýurdumyzyň çaga dogurmaga kömek edýän edaralarynyň ählisi “Çagalara mähirli garamagyň hassahanasy” diýen belent derejä eýe boldy. Munuň özi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri tarapyndan resmi taýdan tassyklanyldy. Ýaş türkmenistanlylaryň on dört ýaşyna çenli lukmançylyk kömeginden mugt peýdalanmagy hem çagalaryň saglygyny berkitmäge ýardam edýär.

Ýaňy-ýakynda, Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň bilimine we olaryň beden taýdan sagdyn terbiýelenmegine gönüden-göni degişli bolan maksatnamalaryň üstüniň “Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli maksatnamasy” bilen ýetirilendigi bellärliklidir. Bu resminama çagany hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürmäge, milli we umumyadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemäge gönükdirilendir.

Şu ýylyň tomsunda Gökderede we Hazaryň kenarynda ýerleşen özboluşly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň sany artar. Mysal üçin, şu gün Gökderedäki on sany kaşaň sagaldyş merkezleriň üsti häzirki zaman “Şöhle” dynç alyş merkezi bilen ýetiriler. Şeýle desgalaryň ýene-de ikisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Diňe Gökderäniň özünde çagalaryň tomusky dynç alşynyň bir möwsüminde ýaş türkmenistanlylaryň on ýedi müňden gowragy dynç alyp biler, üç müňden gowrak çaga bolsa Hazar deňziniň kenaryndaky kaşaň çagalar dynç alyş merkezlerinde saglygyny berkiderler. Şu tomusda ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde çagalar dynç alyş merkezleri we mekdepleriň ýanyndaky meýdançalar hereket eder. Olarda mekdep okuwçylarynyň 90 müňden gowragy tomusky dynç alşy göwnejaý geçirip bilerler.

Umumymilli derejede, şeýle hem halkara möçberinde dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi, Türkmensitanyň çagalar we ýetginjekler toparlarynyň halkara bäsleşiklerine hem-de festiwallara gatnaşmagy çagalaryň döredijiliginiň ösmegine, ahlak we ruhy taýdan kämil nesli terbiýelemäge ýardam edýär.

Mysal üçin, ýurdumyzda däp bolan “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”, “Iň eýjejik gyzjagaz”, “Merdana nesil” we beýleki bäsleşikleriň çäklerinde geçirilýän döredijilik bäsleşiklere her ýyl ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýaş tansçylaryň, sahna artistleriniň hem-de höwesjeň aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň müňlerçesi gatnaşýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ýaşaýan çagalar özleriniň zehinlerini görkezmäge, milli we dünýä medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýarlar.

Mundan bir ýyl ozal “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zehinli çagalaryň “Awaza-dostluk mekany” atly III halkara festiwaly geçirildi. Ol dürli halklaryň çagalarynyň arasynda dostluk we döredijilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, zehinli çagalary terbiýelemäge gönükdirilendir. Ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýarlygy we abadançylygy barada ýadawsyz alada edýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu festiwaly geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi we onuň hormatly myhmany boldy. Çagalaryň gatnaşmagynda halkara çäreleriniň geçirilmegi Türkmenistanyň ylalaşdyryjylyk syýasatynyň bir bölegidir.Ýakyn geljekde Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistany täze belent sepgitlere ýetirjek çagalary parahatçylygyň ilçileri diýip atlandyrmak bolar.

Şu gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanylan dürli çäreler geçirilýär. Paýtagtymyzda bu dabaraldar açyk sahna meýdançalarynda we dürli medeni merkezlerde ýaýbaňlandyryldy. Mysal üçin, “Watan” kinokonsert merkezinde çagalar sungat mekdepleriniň baýramçylyk çykyşy guralar. “Ertekiler dünýäsi” çagalar seýilgähinde geçiriljek “Gül çagalar—siz durmuşyň bezegi” atly aýdym-çazly baýramçylyk dabarasyna bolsa körpeler we olaryň ene-atalary gatnaşarlar. Baýramçylyk gününiň ahyrynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet sirkinde baýramçylyk dabarasy bolar.

Türkmenistanyň bagtyýar çagalarynyň ýüzlerindäki şatlyk alamatlary täze Galkynyş eýýamynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, biziň bagtly geljegimiz bolan ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň hemmetaraplaýyn ösmegine, sagdyn bolmagyna we abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistan-GFR Ykdysady Hyzmatdaşlygy Ösdürmek

«Ösüşiň Täze Belentliklerine Tarap» Diýen Ýygyndynyň Nobatdaky Jildi

turkmenhabargullugy

Prezidentimiz “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysyny kabul etdi.

syrach