Hazar döwlet goraghanasyny döretmegiň taryhy Türkmenistanyň Hökümetiniň ýörite çykaran karary esasynda 1932-nji ýylda başlanýar. Şonda Etrek derýasynyň aşaky akymyny we Esenguly deňiz aýlagyny öz içine alýan Esenguly ornitologik (guşlaryň) goraghanasyny döredilýär. Ol 1968-nji ýylda Krasnowodsk döwlet goraghanasyna öwrülýär. Oňa Krasnowodsk we Demirgazyk Çeleken diýlip umumylykda atlandyrylýan ýalpak suwly deňiz aýlaglarynyň tutuş ulgamy goşulýar. Garaşsyz Türkmenistan Hökümetiniň karary bilen 1994-nji ýylda ol Hazar döwlet goraghanasy diýlip atlandyrylýar we onuň düzümine uly deňiz adasy Ogurjaly zakaznigi hem goşulýar.Goraghana adaty gury Zakaspi çöllüginiň, Kaspiniň deňiz suw ýüzüniň we Eýranyň Astrabat subtropiki welaýatynyň sepinde ýerleşýär. Onuň ýeri biri-birinden ep-esli uzaklykda ýerleşýän 3 sany bölekden ybarat : Hazar, Esenguly we Ogurjaly zakaznigi. Goraghananyň umumy tutýan meýdany deňiz suw ýüzi bilen bilelikde 269 müň gektar.
Hazar bölegi. Çöllüge gatnaşýan bir kilometrik gorag zolagy bilen gurşalan Türkmenbaşy (ozalky ady Krasnowodsk), Demirgazyk Çeleken, Balkan, Mihaýlowsk aýlaglaryny öz içine alýar, onuň tutýan meýdany 192,3 müň gektar. Şolardan 159,3 müň gektar ýokarda görkezilen aýlaglaryň akwatoriýalary tutýar. Galanlary kenar ýakasyndaky şorluk we çöllükdir, deňiz adalarydyr we burunlarydyr. Bu ýeri dürli suwasty ösümlikleriň, şonuň ýaly-da oňurgaly haýwanlaryň faunasynyň iňňän bol ýeridir.
Ogurjaly zakaznigi Ogurjaly deňiz adasynda ýerleşýär. Onuň tutýan meýdany 7 müň gektara barabar. Ol Türkmen aýlagyny deňiziň açyk böleginden bolýar we materik kenaryndan takmynan 35-40 km aralykda ýerleşýär. Onuň ýeri tekiz bolup, ot ösümlikleri bilen berkän çägeliklerden we şorluklardan durýar.
Esenguly bölegi. 68,7 müň gektar meýdany, şolardan akwatoriýalar – 35,9 müň ga tutýar we landşaftlarynyň gurluşy boýunça biri-birinden tapawutlanýan 4 bölege bölünýär :
I – ol kenar ýakasynyň we deňziň ýalpak ýerlerini öz içine alýar;
II – ol ozalky Esenguly aýlagynyň territoriýasyny öz içine alýar;
III – bu bölegi süýji suwly kiçi Delili kölüni we gurap galan uly Delili kölüniň güýçli ösen gamyş, ýylgyn jeňňelliklerini we suwasty ösümliklerine baý ýerlerini öz içine alýar;
IV – Garadegiş guryýer bölegine çemenlik – otly ösümlikler, ösgün ýylgynlyklar degişlidir.
Goraghananyň howasy gije-gündizde we möwsümlerde köp üýtgäp durýan, güneşli günleriň bolçulygynda, az ygally kontinental temperaturalydyr. Şol bir wagtda Kaspi deňziniň we onuň aýlaglarynyň giň suw meýdanlarynyň gös-göni golaýda ýerleşmegi goraghananyň howasyna ýumşadyjy täsirini ýetirýär, aýratyn hem Günorta bölegine, ol tomusda has çyglylygy we gyşynyň ýumşaklygy bilen tapawutlanýar.
Goraghananyň tebigaty juda dürlüligi bilen tapawutlanýar. Hazar döwlet goraghanasynyň häzirki wagtdaky ösümlik dünýäsiniň gülli ösümlikleriniň 360-dan gowrak görnüşi bar diýlip hasaplanylýar. Olaryň köp dürli görnüşi Esenguly bölegindedir. Agramly bölegi bolsa efemerlerdir (gurak ýerde bitýän gysga möwsümli ösümlikler). Şolardan 9-sy endemik bolup, Türkmenistanda seýrek duş gelýär. Bu ýerde ösýän zakaspi şorasy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir (1999 ý). Bulardan başga-da deňiz aýlaglarynda suw otlarynyň 41 görnüşi, gülli ösümlikleriň 5 görnüşi ösýär. Bu suw otlary, zoobentosyň 29 görnüşi (her dürli gurçuklar, mollýuskalar we mör-möjekler) bilen bilelikde millionlarça we ýüz müňlerçe uçup geçýän we gyşlaýan azu-köp derejede goraghananyň içinde mekan tutýan suwguşlary, kenar-ýaka guşlary we balyklaryň wekilleri üçin esasy iýmit bazasy bolup hyzmat edýär.
Goraghananyň haýwanat dünýäsi örän dürlüligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde diňe oňurgaly haýwanlaryň 420-den gowrak görnüşi ýaşaýar. Şolardan 48 görnüşi balyklardyr, lososlar maşgalasyndan Kaspi azatmahysy we azatmahy balyklary Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.
Ýerde we suwda ýaşaýanlardan gurbagalaryň iki görnüşi, ýöne süýrenjileriň bolsa köp görnüşi (29) ýaşaýar. Olar gury ýerdäki we suwyň töweregindäki pyşdyllar, zemzen we birentek owunjak hažžyklar, ýylanlar, köp sanly suw ýylanlary, zäherli ýylanlardan alahöwren, kepjebaş.
Goraghanadaky oňurgaly haýwanlardan iň köpsanlysy iň köpsanlysy guşlardyr. Şu wagta çenli olaryň 21 otrýada degişli 293 görnüşi anyklanyldy. Olar gagaralar, tersaýakşekilliler, gündizki ýyrtyjylar, çulukşekilliler, towukşekilliler, gylguýruklar, kepderiler, ikatýoklar, hüwiler, toklutaýlar, uzynganatlylar, serçeşekilliler we başgalar.
Suw we kenar-ýaka guşlarynyň millionlarçasy ýaz we güýz pasyllary goraghananyň eşretli suwly-batgaly haýyrlanylýan ýerleriniň üstünden uçup geçýärler. Olardan ýüz müňlerçesi arly gyşy (5 aýa çenli) geçirmek üçin şu taýda galýarlar. Şol wagtlar goralýan deňiz aýlaglarynyň giň akwatoriýalarynda olar gara (sakar baraklar we käbir ördekler), gyzgylt (gyzylgazlar, gyzylbaşlar), gar ýaly ak (guwlaryň 3 görnüşi) reňkli ençeme adalary emele getirýärler. Balkan aýlagyndaky Ufra ýarym adasynyň gaýalarynyň gyralarynda we dagada adasynda ägirt uly akguýruk we uzynguýruk bürgütler sakçy dek guşlara seredip oturýarlar we ýarawsyzlaryny tutýarlar. Şeýdip bürgütler guşlaryň arasynda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak bilen arassaçylyk rolyny ýerine ýetirýärler.
Guşlaryň hut şeýle köp bolmagy goraghananyň akwatoriýalary Kaspi deňziniň, gidrologik, gidrohimik we biologik düzgünini kemala getirmekde möhüm rol oýnaýar. Şoňa görä deňziň (Türkmenbaşy, Demirgazyk Çeleken, Balkan we Mihaýlowsk) aýlaglar ulgamy halkara ähmiýetli suwly batgaly haýyrlanylýan ýerler hökmünde Ramsar konwensiýasynyň aýratyn sanawyna goşulandyr.
Goraghananyň süýdemdirijileri haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüligi boýunça ikinji orny eýeleýärler (olaryň 49 görnüşi belli bir derejede onuň haýyrlanylýan ýerlerine baglydyr). Olardan has häsiýetlileri Kaspi deňziniň endemikasy bolan Kaspi tüleni, gulakly kirpi, alakalar, atýalmanlar, towşanlar, gamyş we ýabany pişikleri, adaty tilki, keýikler we beýlekiler.
Goraghananyň haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüliginiň 10%-den gowragy (45 görnüşi) seýrek duş gelýänlere we ýitip ýogalyp barmak howpy abanýanlara degişlidir, şoňa görä olar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Olaryň arasynda balyklaryň 2 görnüşi, süýrenijileriň 5 görnüşi, guşlaryň 31 görnüşi, süýdemdirijileriň 7 görnüşi bar.
Bu aýratynlyklaryň ählisi goraghananyň ylmy bölüminiň köp ýyllaryň dowamynda geçiren barlaglary netijesinde ýüze çykaryldy. Goraghananyň alymlary tarapyndan häzirki wagta çenli “Tebigatyň ýyl ýazgysy” boýunça 26 kitap taýýarlanyldy, goraghananyň we Kaspiniň günorta-gündogar kenarynyň galtaşýan ýeriniň haýwanlary we ösümlikleri öwrenildi we bähbitli meýilnama temalaryň ylmy-barlag işleri ýerine ýetirildi. Goraghananyň alymlary barlag işleriniň birenteginde Garaşsyz ýurdumyzyň tebigatyny ygtybarly goramaklyga we tebigy resurslaryny rejeli peýdalanmaklyga gönükdirilen ylmy taýdan esaslandyrylan teklipler taýýarladylar.
Goraghananyň möhüm wezipeleriniň biri-de biziň Garaşsyz, Baky Bitarap döwletimiziň tebigaty goramak baradaky syýasatyny giň köpçülige ýaýratmakdan ybaratdyr. Şu maksat bilen Hazar döwlet goraghanasynyň ylym bölüminiň işgärleri, inspektorlar topary diňe soňky 5 ýylyň dowamynda müňden gowrak sapak okadylar, gürrüň geçirdiler, gezelenç guradylar, radio we telewideniýe boýunça çykyş etdiler.
Goraghananyň baý tebigat Muzeýi 1986-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär. Onuň 4 sany giň zallarynda goraghananyň kartasy, haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüliginiň ekspozisiýasy, “Bizde köp güneşli gün, deňiz we guş bar” diýen Hazar döwlet goraghanasynyň nyşanlarynyň biri, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň simwoliki şekili ýerleşýär.
Başga-da bu ýerde haýwanat we ösümlik dünýäsiniň şekilleri ýerleşdirilen, olaryň içinde has hem guşlaryň, süýdemdirijileriň, balyklaryň, mör-möjekleriň garantgylary hakykylygy we çeperçiligi bilen tapawutlanýar.
Biziň Garaşsyz we Bitarap döwletimiziň genji hazynasynyň birini abat saklamak boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýän Hazar döwlet goraghananyň işgärleri Türkmenistanyň deňiz-ýaka böleginiň ajaýyp tebigat gözelligini, haýranlar galdyrýan hadysalaryny görmek üçin we ýakyndan tanyşmak üçin ony gelip görmäge çagyrýar.