15.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Lebap Welaýatynyň Zähmetsöýer Ilaty! Eziz Watandaşlar, Mähriban Halkym!

Lebap Welaýatynyň Zähmetsöýer Ilaty! Eziz Watandaşlar, Mähriban Halkym!

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 250 gün galmagy mynasybetli Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ilatyna hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna.
Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ilaty!
Eziz watandaşlar, mähriban halkym!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Turkmenistan döwletimiziň we agzybir halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende göterjek 2017-nji ýylyň şanly wakasy bolan Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 250 gün galmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň -halkara sport baýramynyň barha golaýlaşýandygyny alamatlandyrýan bu waka bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerimizde egsilmez ruhy güýç berýär, jebisligiň we agzybirligiň belent duýgusyny terbiýeleýär. Şoňa görä-de, aýratyn möhüm ähmiýetli bu şanly wakanyň – V Aziýa oýunlarynyň şanyna dowam edýän deňi-taýy bolmadyk atly ýörişiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze, joşgunly, bay döredijilikli durmuşy bilen gaýnap-joşýan Lebap welaýatynyň çägi bilen üstünlikli dowam etjek ilkinji güni bilen gabat gelmegi ruhubelentligiň we ösüşiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurduna öwrülen Turkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!

Dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak, parahatçylygyň ilçisi hasaplanýan sporty dabaralandyrmak arkaly jemgyýetimizi we döwletimizi sazlaşykly ösdürmek, Watanymyzy özgertmek döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen gadymy Nusaý galasyndan Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli deňi-taýy bolmadyk atly ýörişe badalga berilmegi hem dünýä bileleşigini gadymy taryhymyz we özboluşly medeniýetimiz bilen tanyşdyrmaga, halklaryň we medeniýetleriň özara gatnaşygyny ösdürmäge, dostluk we parahatçylyk söýüjilik gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmaga döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Dostlugyň we hoşniýetliligiň özboluşly belent senasyna öwrülýän bu atly ýörişe watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi ýörelge edinen mähriban halkymyzyň ýokary ruhubelentlikde gatnaşmagy örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi döredijilikli, işjeň we özgerdiji beýik işlere ruhlandyrýar, jemgyýetimizde, maşgalada, her bir şahsyýetde Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Dehistan, Köneürgenç, Abywert ýaly gadymy galalarymyza, döwrebap şäherdir obalarymyza, bagtyýar durmuşy öz goýnunda jemlän Watanymyza bolan beýik buýsanjy, ynsanperwer duýgyny terbiýeleýär, parahatçylygyň we bagtyýarlygyň bähbidine halklary doganlaşdyrýar.

Biz bedenterbiýä we sporta jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys. Şu maksatlardan ugur alnyp, bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň, ussat türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalary kabul edildi, toplumlaýyn özgertmelere badalga berildi. Milli maksatnamalarymyzy we özgertmelerimizi amala aşyrmagyň çäklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sporty has-da ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlary, stadionlar, atçylyk-sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, şypahanalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Berkarar döwletimiziň merjen paýtagtynda halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmäge niýetlenen, türgenlerimizi dünýä, Aziýa çempionatlaryna hem-de Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin berk binýada öwrüljek Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, hereket edýän sport desgalarynyň durky täzelenýär, sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidilýär. Aziýa sebitinde in gözel, rahat we abadan şäherleriň birine öwrülen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gözelligini, gaýtalanmajak keşbini, tutuş dünýä açyklygyny, ähli ugurlarda işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan özboluşly medeniýetimizi, milli gymmatlyklarymyzy, ajaýyp myhmansöýerligimizi aýdyň görkezer. Biz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Olimpiýa hereketiniň ösdürilmeginde, tutuş dünýäniň halklarynyň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynda uly goşant boljakdygyna doly ynanýarys!

Lebap welaýatynyň zähmetsöýer Ilaty!
Eziz watandaşlar, mähriban halkym!

Sizi jemgyýetimizi beýik maksatlara ýetmäge has-da galkyndyrjak ajaýyp waka – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 250 gün galmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy bolan eziz Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň
Prezidenti

Gurbanguly
Berdimuhamedow

Degişli makalalar

Halkara Nowruz Güni Mynasybetli Dabaralar Fotosuratlary

Bazalt Süýüminiň Giň Gerimi

Türkmenistan we Katar Halkara Guramalarynyň Çäklerinde Özara Hyzmatdaşlyga Meýillerini Mälim Etdiler