ABŞ Palestina bilen Ysraýylyň arasyndaky gepleşikleriň ýaňadandan başlamagy üçin tagalla edýär. ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Waşingtonda Arap ligasynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Duşuşyga Palestinanyň, Liwanyň we Saud Arabystanynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary, İordanyýanyň, Kataryň, Bahreýniň we Müsüriň daşary işler ministrleri bilen Arap ligasynyň Baş sekretary Nebil Al Arabi gatnaşdy. Duşuşykdan soň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýanat beren Kerri Obamanyň 2011-nji ýylyň maý aýynda beýan eden iki döwletli çözgüt meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin tagalla etjekdiklerini aýtdy.
Kerri Ýakyn Gündogarda asudalygyň ýola goýulmagy üçin Arap ligasyna uly jogapkärçiligiň düşýändigini nygtady. Arap ligasynyň ýolbaşçylary hem sebitde iki döwletli çözgüdiň 1967-nji ýyldaky serhetlere esaslanmalydygyny nygtadylar. Arap ligasy tarapyndan ozal beýan edilen serhet şerti Ysraýyl tarapyndan kabul edilmändi.