17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Ägirt uly “Galkynyş” Gaz Känini Özleşdirmek Dowam Etdirilýär

Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek dowam etdirilýär. Bu ýerde gurlan häzirkizaman gaz arassalaýjy zawodlaryň toplumy harytlyk gazy öndürmek boýunça sebitde iň iri desga hasaplanylýar. Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazy ibermegiň uzakmöhletleýin binýadyny kepillendirýän kuwwatlyklar ýylda uglewodorod çig malynyň 30 milliard kub metrini gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer. Bu ýerde şeýle hem tebigy serişdeleri çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň we ibermegiň uly geljegi bar. Bu mümkinçilikler “mawy ýangyjyň” ägirt uly gorlaryna esaslanýar, bu ýerde täze ulanyş guýularyny abadanlaşdyrmak we ulanmaga bermek işleri alnyp barylýar. 

Nebitgaz meýdançasynyň merkezi böleginde gaýtadan işleýän kuwwatlyklary işe girizmäge taýýarlanylanda önümli guýularyň ýigrimiden gowragy burawlandy. Geçen ýyl “Türkmengaz” döwlet konserniniň edaralarynyň burawlaýjylary tarapyndan çuňlugy 4 müň 500 metrden gowrak bolan ulanyş guýularynyň gurluşygy tamamlandy, olaryň önüm berijiligi gije-gündiziň dowamynda 6,5 million kub metr tebigy gazdan gowrak bolar. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň düzümleri hem üç guýuny ulanmaga berdiler. Şu ýyl geologlar hem önüm berijiligi ýokary bolan çuň guýularyň dördüsini burawlap, ägirt uly gaz ýatagyny özleşdirmäge goşant goşmagy meýilleşdirýärler. “Türkmengaz” döwlet konserniniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Oraz Hakberdiýewiň belleýşi ýaly, ýylyň başyndan bäri döwlet konserniniň düzümleriniň güýji bilen ulanyş guýularynyň sekizsi bir wagtyň özünde burawlanylýar, eýýäm 22 müň metr gatlak burawlandy. ŽJ-70DWS täze enjamlarynyň işe girizilmegi bilen iş depginleri ýokarlandy, ol enjamlar 7 müň metre çenli çuňlukda nebitgaz guýularyny burawlamaga ukyplydyrlar. Täze buraw abzallary ýörite enjamlar bilen üpjün edilendir, bu bolsa işleriň howpsuzlygyny ep-esli ýokarlandyrýar. Mundan başga-da olarda garyndylary arassalamak we işlemek üçin enjamlar bar. Buraw enjamlary bilen bilelikde satyn alynýan ýaşaýyş we durmuş maksatly jaýlar ýokary öndürijilikli işlemek üçin zerur şertleri döredýär. 

Ýokary basyşda we gyzgynlykda, tebigy gazyň düzüminde kükürt wodorodynyň hem-de kömürturşy gazynyň möçberiniň ýokary bolmagynda poslamaga garşy durnukly we örän berk burawlaýyş, sorujy-gysyjy turbalar, netijeli himiki serişdeler, häzirkizaman ýokary takyk ölçeg enjamlary ulanylýar. 

“Schlumberger”, “Halliburton”, “Weatherford” ýaly daşary ýurt kompaniýalarynyň iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we hyzmatlar boýunça tejribelerini “Galkynyş” gaz ýatagynyň dag-geologiýa şertlerine laýyklykda peýdalanmak buraw işleriniň hilini we netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga hem-de gaz guýularyny ulanmaga bermek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. 

Mundan başga-da buraw işlerinde iri kompaniýalar bilen bilelikde amala aşyrylýan jogapkärli tehnologiýa amallary türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. 

Gorlary 26,2 trillion kub metr möçberinde baha berilýän ägirt uly “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgrynyň desgalaryny ulanmaga bermek, ikinji tapgyrynyň we soňky tapgyrlarynyň desgalaryny özleşdirmäge girişmek Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.

Degişli makalalar

Energetika Ulgamy Türkmenistan Bilen Gazagystanyň Arasyndaky Hyzmatdaşlygyň Strategik Ugry Bolup Durýar

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Energetika Hartiýasyna Başlyklyga Saýlandy

HALKARA BAZARLARDA NEBITIŇ BAHASY ÝOKARLAMAGA DOWAM EDÝÄR

syrach