Çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda ahal-teke bedewleriniň keşbini çeper beýän etmek boýunça bäsleşik yglan edildi. Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan şeýle döredijilik bäsleşigi her ýyl geçirilýär.
Bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplarynyň 150-si žiwopis, grafika, keramika, heýkeltaraşlyk, halyçylyk we zergärçilik ugurlaryndan 200-den gowrak iş görkezýärler. Türkmen halkynyň taryhynda we häzirki üstünliklerinde ahal-teke bedewiniň ähmiýetini beýan etmek bäsleşigiň maksadydyr. Sergide kendirde, kümüşde, bürünçde, keramikada, şeýle hem halyda we gobelende… at şekilleri görkezildi.
Täze sergä garaşyp, her ýyl awtorlar bu gezek nädip bizi geň galdyrarka? – diýip öz-özümize sowal berýäris. Her ýylam zehinli çeper çözgütlere we kreatiw ideýalara gabat gelýäris, awtorlyk tilsimleriň köpdürliligine we özboluşlylygyna haýran galýarys.
Bäsleşigiň şertine görä, ýeňiş gazanan awtorlar we işler professional eminler her ugurdan iň gowy işi saýlandan soň belli bolar. Bu bolsa, bäsleşik sergisine gelýänlerde işlere özüçe baha bermäge, tilsimi we stili boýunça eseriň ussatmy ýa-da ýaş nakgaş döredenligini aňmaga mümkinçilik döredýär. Tomaşaçynyň pikiriniň emin agzalarynyky bilen gabat gelendigini-gelmändigini baýramçylyk dabalarynda bilip bolar, şonda däp bolşy ýaly, bäsleşigiň jemi jemlener.
Meniň pikirime görä, türkmenleriň orta asyr taryhynyň edermenlikli sahyplarynyň birini beýan edýän göwrümli žiwopis eseri güýçli suratlaryň biri. Ýordumyň merkezinde ýüwrük bedewiň üstünde ýeňiş gazanmaga hyjuwly serkede şekillendirilipdir…
Täsirli işleriň biri-de – nepis tilsimi we reňkleriniň sazlaşygy bilen haýran edýän gobelen. Mawy asman astynda alyslara uzaýan gözýetimiň we owadan bahar manzarynyň fonunda çekilen ak bedew, alabaý güjügi we juw-ak kepderiler şekillendirilipdir. Metaforaly ýordum türkmen halkynyň ösüşlere we döredijilige, dostanalyga islegini beýan edýär. Awtor üpürjikli surat döredende dürli tilsimleri, şol sanda göwrümli applikasiýa ulanypdyr, bu bolsa oňa syn edeniňde 2D şekil berýär.
Nakgaşlaryň her biri hakykylyk we metafora, söýgi we haýran galmak, täsirler we assosiasiýar birleşen göwrümli obraz döredipdir. Žiwopis we grafika eserleri, installýasiýalar we kompozisiýalar, şeýle hem amaly-haşam sungaty eserleriniň özboluşly ýygyndysy bolup, hersiniň öz tomaşaçysy bar. Olaryň käbiri şahyrana duýgylara ýugrulan, beýlekilerine bakanyňda ýylgyranyňy duýman galýarsyň, käsi bolsa filosofik oýlanlamara atarýar, göwnaçyklygy ýa-da syrlylygy bilen täsir edýär, söhbet açýar we düşünjäňi artdyrýar…
Ine-de, şahyrana helkeltaraşlyk kompozisiýasy. Waka güzeriň başynda bolup geçýär, gyz bu ýere suw almaga gelýär. Bu ýerde oňa at üstünde aşygy garaşyp dur, ikinji atam gyza niýetlenen… Gyz çekinjeňliginde we ýordumyň detallarynda onuň hem söwerinden aýra düşmekden gorkýanlygy hemem ata-enesini kyn güne goýmajak bolup, iki dünýä owarrasy bolup durşy beýan edilýär. Ol gaçmaga razy bolarmyka? Gopuz şekilindäki äpet agaç onuň dartgynlylygyny has-da güýçlendirýär. Kompozisiýa päkizeligi bilen özüne çekýär, onuň her bir detaly bolsa türkmen gyzlarynyň kakýan lälesini ýada salýar.
Sergide goýlan tematiki haly bilen tanyşlyk Türkmenistanyň halk nakgaşy Ada Gutlyýewiň tilsiminiň çeperligi barada pikir döredýär. Awtor ajaýyp halyda iki ýordumy – haly we bedew waspyny sazlaşykly birleşdiripdir: gadymy tilsimde dokalan halynyň inçe sapaklarynyň, owadan gölleriň arasyndan inçebil bedewiň şekili görünýär…
Göwnümize ýaran eserleriň awtorlarynyň adyny bilmek üçin bize bäsleşigiň netijesine garaşmak, eger-de pikirmiz eminleriňkä gabat geläýsä welin, diňe begenäýmek galýar.
Tamara GLAZUNOWA
Çeşme: http://turkmenistan.gov.tm/