Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyz bilen mähirli görşüp hem-de duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi ajaýyp senäniň – BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Türk holdinginiň baştutany hormatly Prezidentimize berk jan saglyk we köptaraply işlerinde üstünlikleri hem-de abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edip, halkara jemgyýetçiliginiň özbaşdak ösüş hem-de ýurdumyzy gülledip ösdürmek ýolunda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýändigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň yzygiderli we ösüşlere beslenen başlangyçlary hem-de netijeli syýasatyň durmuşa geçirilmegi ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine ýardam edýär, şoňa görä-de, bu baýram — Halkara Bitaraplyk güni türkmen diplomatiýasynyň dünýä derejesindäki ägirt uly üstünliginiň dabaralanmasydyr.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, bütin dünýäde bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň döwletleriň hem-de halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine hyzmat etjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz dostlugyň we doganlygyň berk gatnaşyklaryny, Türkmenistany hem-de Türkiýäni baglanyşdyrýan ruhy-medeni däpleriň umumylygyny belledi.
Milli Liderimiz durmuşa geçirilýän milli ykdysady strategiýanyň innowasion häsiýetli senagat düzümleriniň kemala getirilmegine hem-de durmuş ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegine gönükdirilendigini nygtap, ulag ulgamynda, energetika, saglygy goraýyş pudaklarynda özara bähbitli iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna holdingiň gatnaşmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Türk işewüri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşup, köp ýyllyk hyzmatdaşlygy dowam etmegiň öz kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtap, bilelikdäki taslamalaryň, birnäçesiniň öňe ilerledilişi, şol sanda Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy barada habar berdi.
Duşuşygyň ahyrynda “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşlyga taýýardygyna ynandyrdy.
(TDH)