17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
TEHNOLOGİÝA

“AIR­BUS” 1000 ýolagçy uçaryny öndürmäge taýýarlanýar.

Şe­re­ke­tiň sat­mak bo­ýun­ça jo­gap­kär mü­di­ri Jon Li­hi tä­ze mo­de­liň 2020-nji ýy­la çen­li taý­ýar bol­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Hä­zir­ki wagt­da hem dün­ýä­niň iň uly ýo­lag­çy uça­ry “Air­bus” şe­re­ke­ti ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýär. “A380” mo­del­li bu uçar­lar iki gat­ly we giň­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Uzyn­ly­gy 70 metr bo­lan uça­ryň ga­nat giň­li­gi 80 met­re ýet­ýär. Bu uçar içi üç kla­sa aý­ry­lan ma­ha­ly 525, tu­tuş­ly­gy­na “eko­no­mi­ýa klas” bo­lan ma­ha­ly 853 ýo­lag­çy gat­na­dyp bil­ýär. Tä­ze ön­dü­ril­jek uçar iki gat­ly we giň bo­lup, ol 1000 ýo­lag­ça ni­ýet­le­nen­dir.

Uçar ba­za­ry gi­ňe­ýär

Yk­dy­sa­dy taý­dan ýo­ka­ry de­re­je­le­re çyk­ýan ýurt­lar­da beý­le­ki ugur­lar bi­len bir ha­tar­da awia­si­ýa pu­da­gy hem ös­ýär. Azi­ýa ýurt­la­ryn­dan ge­len sar­gyt­lar tä­ze uça­ry dö­ret­mek ba­ra­da­ky pi­ki­ri ýü­ze çy­kar­dy. Hy­taý, Hin­dis­tan we Ýa­po­ni­ýa­da awia­si­ýa pu­da­gy has-da ös­ýär. “Air­bus” şe­re­ke­ti öňü­miz­dä­ki 20 ýyl­da ba­ha­sy 3,5 tril­li­on dol­lar bo­lan 28 müň uça­ryň ge­rek bol­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar. Hy­taý awia­si­ýa se­na­ga­ty­nyň (AVIC) ber­ýän mag­lu­mat­la­ra gö­rä, hy­taý­ly awia­si­ýa şe­re­ket­le­ri 2030-njy ýy­la çen­li 4 müň 583 tä­ze uça­ry awia­par­ky­na go­şar. “Air­bus” bol­sa Azi­ýa ýurt­la­ryn­dan 4 müň tä­ze uça­ryň sar­gyt edil­me­gi­ne ga­raş­ýar. Bu uçar­lar, esa­sa­nam, uzak ara­lyk­da­ky gat­naw­lar­da peý­da­la­ny­lar.

Degişli makalalar

Täze eýýämyň elektrik energetikasy.

syrach

Maryda Täze AÝGB Işläp Başlady

Altyn Asyr Oba Ýerlerinde Ykjam Aragatnaşygyň Hilini Gowulandyrmak Maksady Bilen 2G we 3G Ülüňli Beketleriň Ýenede 100-sini Oturdar

turkmenhabargullugy