8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Ajaýyp Ilkinji Ýyldyzlar, Mahym Bilen Tanyş Boluň!

Ajaýyp Ilkinji Ýyldyzlar, Mahym Bilen Tanyş Boluň!

17-27-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan her bir türgen, tälimçi ýa-da resmi wekil üçin aňsatlyk bilen akkreditasiýa şahadatnamasyny eline almak iň wajyp ädimleriniň biridir.

Emma gatnaşyjylaryň sany müňlerçe bolanda bu işiň gerimini hat-da göz öňüne getirmek hem aňsat däl.

Beýle möhüm işlerde dartgynly ýagdaýlaryň döremezligi üçin Mahym Geldinazarowa ýaly Ilkinji ýyldyzlar taýynlyk görýärler.

Oýunlar döwründe akkreditasiýa toparynyň ýolbaşçysy hökmünde hereket etjek Mahym Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili hünäriniň IV ýyl talyby. Ol esasy ýetilmeli sepgitleriň heniz öňdedigini belläp, şeýle diýýär: “Oýunlaryň öňüsyrasynda ýerine ýetirmeli işlerimiz örän köp bolup, ol ýaryşyň birinji, ikinji gününe çenli dowam eder. Ondan soňra meniň wezipäm türgenleriň we topar wekilleriň akkreditasiýa şahadatnamalaryny ulanmakda meseleleriň ýüze çykmazlygyna gözegçilik etmekdir. Men işimden uly lezzet alýaryn we Oýunlaryň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn”.

Mahym Ilkinji ýyldyzlaryň hataryna goşulanda, ilkinji ädimlerini ýatlady: “Men institutyň I ýyl talyby bolan wagtym ilkinji gezek meýletinçi bolmak mümkinçiligi barada eşitdim. Mugallymlarymyzyň biri “Aşgabat 2017” atly maksatnamanyň guramaçylarynyň meýletinçileri gözleýändigini aýtdy. Men ýüztutmamy tabşyrdym we kabul edildim. Şu wagta çenli men meýletinçilikden örän lezzet alýaryn”.

“Birnäçe ýylyň dowamynda men Aşgabat 2017-niň 3×3 basketbol we sambo boýunça geçirilen synag ýaryşlaryndan başga ählisine gatnaşdym. Ilkibaşda men çärelere hyzmat etmek toparynyň agzasydym, emma meniň bilesigelijiligim we başga işlere höwesim has artdy. Soňra men akkreditasiýa bölüminde işläp başladym we bu bölümde işlemegi has gowy gördüm. Şondan bäri men bu toparda işleýärin” diýip, Mahym sözüni dowam etdi.

Ilkinji ýyldyzymyza haýsy synag ýaryşlary has täsirli bolduka?

“Meniň üçin iň gyzykly oýunlar ýeňil atletika we tennis boýunça synag ýaryşlary boldy. Bu ýaryşlaryň ikisinde hem dürli ýurtlardan gelen türgen köp boldy we men olar bilen aragatnaşygy ýola goýmagy başardym. Ilkinji ýyldyzlara goşulyp, iňlis dilinde gepleşmek başarnyklarym hem kämilleşdi. Ondan başga-da, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen sport ussatlary bilen duşuşmak miýesser etdi we olaryň kömegi meniň umumy bilim derejämiň ösendigini duýýaryn” diýip, Mahym buýsanç bilen gürrüň berdi.

Mahymyň birnäçe talyp ýoldaşlary hem Aşgabat 2017-niň meýletinçilik maksatnamasyna goşuldylar.

Ol: “Biz üçin bu durmuşda ýeke-täk duşýan mümkinçilikdir. Ýaryşlaryň ýakynlaşyp gelýändigi ählimiz üçin örän tolgundyryjydyr. Oýunlara gatnaşýan her bir adam üçin bu çäre ýatdan çykmajak dabara boljakdygyna ynanýaryn” diýip sözüni tamamlady.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň Güni Mynasybetli Guralan Dabaralara Gatnaşdy

Kaka Etrabynyň Okuwçylary Halkara Olimpiadasynda Ýeňşe Dalaşgärleriň 765-siniň Arasynda Iň Güýçlileriň Onlugyna Girdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Arasynda…

turkmenhabargullugy