8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Alekper Ahmedow-Halkara Dag Marafonynyň Ýeňijisi

Aşgabatly alpinist Alekper Ahmedow has uzak aralyga – 100 kilometre Urban Ultra Hajar-2019 halkara ýaryşynda ýeňiş gazandy. Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen bäsleşige ýetmişden gowrak türgen gatnaşdy. Hajar dag gerişlerinde ylgaw bassyr alty ýyl bäri geçirilýär we beýikli-pesli ýerlerde abraýly halkara marafony hökmünde tanalýar. Ýaryşda ýeňiş gazanan türgen bu aralygy 12 sagat 49 minutda geçen bolsa, bäsleşikde pellehana iň soňky bolup gelen türgen bu aralygy bir gije-gündize golaý soň geçdi. 

Treýlranning – tebigy ýerlerden ylgamak boýunça ýaryş Arabystan ýarym adasynyň gündogaryndaky Jebel-al-Hajar (Daş dag) dagynyň gerişlerinde geçirilýär. Bu ýeriň dag ulgamlary çöle we deňiz kenaryna utgaşyp gidýär.

Üç aralyga – 30, 50, 100 kilometre ylgamak boýunça Urban Ultra Hajar-2019 ýaryşyna dünýä ýurtlarynyň 30-syndan 500-e golaý türgen girişdi. Ol tutuşlygyna daglyk ýerden geçýär. 100 kilometrlik tapgyrda belent-peslikler 3000 metre ýetýär. 

-Türgenler irden sagt 5.30-da ýaryşa başladylar – Alekper gürrüň berýär.- Günortana çenli dag howasy Selsiý boýunça 30 gradusa ýetdi. Men depginimi peseltdim, tizligime, damar urşuma gözegçilik etdim. Ýoluň ýaryny geçenimde süňňüme erbet argynlyk aralaşdy. Öňa döz gelip, ýoluň galanyny ýeňjekdigime ynam bilen geçdim…

Aşa uzak marafonuň ýolunda çylşyrymly köteller bardy, hut şu ýerde-de oňa gatnaşanlaryň köpüsi beýik daglara ylgamaga werziş ildeşimizden asgyn geldiler. 58 ýaşly türgeniň 100 kilometrlik aralygy ilkinji gezek geçenligini bellemek gerek. Ozallar ol öz ýaş (50+) toparynda gysga aralayklara ylgaýardy. Ýöne Alekperiň erjelligi oňa bu aralygy geçmegi we onda ýeňiş gazanmagy başardy.

2017-nji ýylda Türkiýede geçirilen 60 kilometr aralyga Sаlomon Cappadocia Trail ýaryşynda Alekper Ahmedow öz ýaş «50+» toparynda ikinji orny eýeläpdi. Geçen ýylyň aprel aýynda ol Noworossiýkiniň töwereginde 56 kilometr aralyga geçirilen ylgawa hem gatnaşdy. Ildeşimiz ony 7 sagat 58 minutda geçip, üçünji orny eýeledi. 2018-nji ýylyň maý aýynda türkmenistanly ýüwrük Elbrusyň depesine ylgap çykmakda baýrakly ýere mynasyp boldy, oktýabr aýynda bolsa öz ýaş toparynda 63 kilometre ylgawda ýeňiş gazanmak üçin ýene Kappadokiýa geldi.

Aşgabatly Alekper Ahmedow 2015, 2016 we 2018-nji ýyllarda skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogyna eýe bolupdy. Ol Demawend (Eýran), Ararat (Türkiýe), Akonkagua (Argentina), Matterhon (Şweýsariýa) daglarynyň depesine çykdy. 2013-nji ýylda ol türkmen toparynyň hatarynda belentligi ýedi müň metrlik Han-Tenri (Týan-Şan) dag depesine çykdy. 2014-nji ýylyň maýyndan bäri her ýyl Elbrus dagynyň depesine çalt galmak boýunça SkyMarathon Mt Elbrus bäsleşiklere gatnaşyp gelýär.

2017-nji ýylda “Agama” alpinistler klubyna aşgabatly türgeniň Pamir dagynyň Lenin (Ibn Sina) pigine çykanly barada habar gelip gowuşdy. Türkmenistanly sport ussady ýedi müň belentlige galan halkara toparyň hatarynda dag depesinde Türkmenistanyň Döwlet tuguny dikdi…

Biz Alekper Ahmedow bilen on ýyldanam gowrak mundan ozal gyşda Köýtendagyň iň ýokarky nokadyna- Aýrybaba çykýan döwri tanşypdyk. Şonda ol garly eňňitlerden ýol salýan alpinistler toparyna ýolbaşçylyk edýärdi. “Agama” klubynyň taýýarlan türgenleriniň ençemesi Pamir, Týan-Şan, Kawkaz we beýleki dag pikleriniň aşa çylşyrymly eňňitlere çykmaklyga gatnaşypdylar. Ildeşimiziň dünýä derejesindäki ýaryşlarda gazanan şanly ýeňişleri ýaşlar üçin mynasyp görelde boldy.

turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Zagran Pasportyny almak üçin gerekli bolan dokumentler.

syrach

Türkmenistanda Portugaliýanyň ilçisi işe başlady.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Permanlara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy