39.3 C
Aşkabat
06.07.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

«Altyn Top» Ýaryşy

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Aşgabat şäher bölümi, Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi hem-de Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň bilelikde ylalaşylan meýilnamasyna laýyklykda, «Altyn top» atly futbol boýunça birinjiligini almak ugrunda ýaryşlar geçirildi.

«Altyn top» ýaryşy 2020-nji ýylyň 1-8-nji maýy aralygynda Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň (2008-2009-njy ýylda doglan) okuwçylarynyň arasynda dowam etdi. Ýaryşyň netijeleri boýunça aşakdaky mekdepler ýeňiji boldy.

I orun: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň 30-njy orta mekdebi

II orun: Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň 39-njy orta mekdebi

III orun: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň 43-nji orta mekdebi

Ýeňijiler Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.

Aýgül ORAZOWA,

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Aşgabat şäher bölüminiň hünärmeni

Çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

Altyn Asyr we Balkan Toparlary AFK-nyň Kubogy Ugrunda Bäsleşerler

turkmenhabargullugy

Туркменистан продолжает вывозить своих граждан из-за рубежа в связи с пандемией коронавируса

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy: Şanly Senäniň Hormatyna Täze Saýt

turkmenhabargullugy