Täze enjam sargydy alyja 30 minudyň içinde ýetirip biler. «Amazon» kompaniýasy özüniň «Prime Air» atly sargytlary eltmek maksatnamasynyň çäklerinde täze dronynyň dizaýnyny köpçülige ýetirdi. Onlaýn söwda giganty özüniň Las-Wegasda MARS («Machine learning», «Automation», «Robotics and Space») ady bilen geçirilen konferensiýasynda enjamy ilkinji gezek tanyşdyrdy. Oňa görä, dron 15 mil aralyga çenli uçup bilýär we 5 funta çenli (2.68 kg) agyrlykdaky harydy alyja 30 minutyň içinde gowşuryp bilýär. Kompaniýa drony «gibrid» dizaýnly diýip görkezdi, sebäbi ol dikuçar ýaly dikleýin (wertikal) we keseleýin (gorizontal) uçup bilýär. «Amazon»-yň bütindünýä alyjylar bölüminiň müdiri Jeff Wilkeniň sözlerine görä, kompaniýa enjamy tiz wagtyň içinde ulanyşa goýbermäge taýýarlanýar. «Amazon» Beýik Britaniýada dronlaryň synagyny 2016-njy ýylda başlapdy. Häzirlikçe bu enjamlaryň haýsy ýurtlarda ilki ulanyljagy belli bolmasa-da, olaryň ilki ABŞ-nyň özünde ulanylmajagyny kompaniýanyň bilermenleri habar berdi.
Taýýarlan: Nurmuhammet Baýramow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Çeşme: http://serhetabat-dovletabat.gov.tm/